Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.
AHLAK NÄME?
Hormatly okyjy!
Ahlaklylyk – haýyrlylyk, ýagşylyk nukdaýnazaryndan adamynyň öz gylyk-häsiýetine, hereketlerine berýän bahasydyr. Ahlaklylyk her jemgyýetiň içinde belli bir kada-düzgünlerde jemlenen bolsa-da, bu düşünjä her kim öz ýaşaýan gurşawyna, terbiýesine, ýaşyna baglylykga her dürli manyda düşünip biler.
Näme "ahlakly" ýa-da "ahlaksyz" – kesgitlemek kyn. Nikadan öň jynsy gatnaşyklary geçirme – kadamy ýa-da ahlaksyzlyk? Erkek adam dört aýal saklap bilýärmi? Awtobusda, saçy çalaran garry mamanyň ýanynda iki ýaş juwanyň öpüşip oturmagy näme? Şahsyýet azatlygymy ýa-da ahlaksyzlyk? Bu soraglara her kim dürli-dürli jogap berip biler. Meniň pikirimçe, ahlakly adam – bu öz hereketleri, ýaşaýyş düzgüni bilen özüne hem, daşyndakylara hem zyýan ýetirmeýän şahsyýet bolmaly. Bu wajyp mesele babatda maňa başga adamlaryň, has hem ýaşlaryň pikirini bilme gyzykly bolardy.
Hormat bilen, saýtyň lukmany.
- 5633 gezek okalan