Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

"PERMAKULTURA" BARADA PIKIR PAÝLAŞMA

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.39 (18 Ses)

Geliň "Altyn ortalyk" düzgüni nukdaý nazaryndan dünýäde oba hojalygyň ösüşine garap geçeliň. Oba hojalyk adamy sagdyn ýaşatmak üçin zerur bolan iýmit, egin-eşik we beýleki zerurlyklary öndürýän pudakdyr. Diýmek, oba hojalyk sagdyn ýaşaýyş ulgamynyň aýrylmaz bölegidir. Şeýlelikde sagdyn ýaşaýyş belli bir derejede oba hojalygyň ýagdaýyna bagly bolýar. Gynansakda, häzirlikçe oba hojalykda hemme zat tersine. Muny subut etmek üçin oba hojalygyň ösüşüniň iki ýoluna garap geçeliň. Olaryň birinjisi uly meýdanlarda, fermalarda traktorlaryň, himiki dökünleriň, haşal otlara we zyýankeşlere garşy awuly maddalaryň ulanylýan oba hojalykdyr. Bu ýerdäki çykdajylary energiýa görnüşinde aňladyp, ony alynýan energiýa bilen deňeşdirip görsek, onda bir kaloriýa öndürmek üçin on kaloriýa sarp edýändigimiz mälim bolupdyr. Bu ýerdäki sarp ediýän energiýa esasan traktorlary, dökünleri, himikatlary öndürmäge sarp edilen energiýalardyr. (Çeşme)

Oba hojalygyň ösüşiniň ikinji ýolunda kiçi meýdanlarda, melleklerde el güýjüni köp peýdalanmak arkaly önümleri we mallary ýetişdirilýär. Bu ýerde bir kaloriýa öndürmek üçin on kaloriýa sarp edilýar. Bu ýerde sarp edilen energiýa esasan adamyň muskullarynyň energiýasydyr. (Çeşme) Ulgamlaýyn çemeleşmegiň ýörelgelerine görä ulgamyň bölekleriniň häsiýetleri tutuş ulgama hem mahsusdyr. Onda adamyň tebigatyň bir bölegi bolýandygy üçin "energiýany kabul etmek we sarp etmek" düzgünimiz tebigata hem mahsusdyr.

Bu düzgüne goldanyp adamyň ýerine tebigaty goýsak, onda oba hojalygynyň ösüşiniň iki ýolunyň hem soňlygy bilen sagdyn ýaşaýyşa alyp barmajakdygy aýdyň bolýär. Onda oba hojalygyny ösdürmegiň üçinji ýol nähili ýol bolýarka? 1978-nji ýylda awstraliýaly tokaýçy alym Bill Molisson tokaýdaky dürli ösümlikleriň, jandarlaryň we agaçlaryň arkalaşyp ýaşamalygyna (simbioz) üns beripdir. Görse beýik agaçlar günden, şemaldan gorkýanlary gorapdyrlar, otlar agaçlar üçin dökün bolupdyrlar, guşlar zyýankeşleri ýok edipdirler. Ol tokaýda islendik ösümlügiň ýaşaýşynyň beýleki ösümlükler we jandarlar bilen bagly bolmaklygyna tokaýçylygy ösdürmegiň serişdesi hökmünde garapdyr. Alym birnäçe ylmy barlaglaryň netjesinde tokaýdaky ösümlikleriň we jandarlaryň arkalaşyp ýaşamak ýörelgesini oba hojalykda hem ulanyp boljakdygyna düşünipdir. Bill Molisson biziň häzirki oba hojalykda ulanýan iki ýolumyzyň hem adamy azat etmäge we ýer ýüzünde ýaşaýyşy gülletmäge ukypsyzdygyny aýdypdyr.

Alymyň bu pikirleri oba hojalygyny ösdürmegiň üçünji ýoluny esaslandyrmaga başlangyç berdi. Hazirki döwürde bu ýoluň tarapdarlary artýar we oňa "Permakultura" diýip at berdiler. Eýsem permakultura näme? Permakultura adamy azat etmegiň we ýaşaýyşyň gülläp ösmeginiň hatyrasyna oba hojalykda mehanizmleriň, dökünleriň, dermanlaryň hem-de el güýjüniň energiýasyny peýdalanmaklygy mümkingadar iň pes derejä getirmekligi maksat edinýär. Bu maksada ýetmek üçin ösümlikleriň we jandarlaryň biri birine ýardam berip ösmegini goldaýan guramaçylyk ulgamyndan peýdalanýar. Permakultura traktorlaryň, dökünleriň, dermanlaryň, eliň güýjüniň ýerine aňyň güýjüni ulanmaklygy hödürleýär. Elbetde, bu aňsat iş däl, çünki aňyň güýjini ulanyp öz durmuşyňy gowulandyrmak üçin öz öňüňde maksat goýmaly, gözegçilik etmeli, üýtgemekden gorkmaly däl. Mahlasy muňa maksadaokgunlylyk we gaýrat gerek. Egerde adamyň beýnisiniň mümkinçiliginiň bary-ýogy iki prosentini ulanýandygyny ýadymyza salsak, onda bu ýerde nähili mümkinçilikleriň bardygyna göz ýetirip bilersiňiz. Gynansakda köp adamlar, häzirlikçe permakulturanyň ykdysady taýdan beýleki oba hojalygyň iki ösüş ýoluna bäsdeş bolup bilmejekdigini subut etmäge synanyşýarlar. Egerde siziň saýtyňyzda bu meselede okyjylar bilen pikir paýlaşmany ýola goýup bolsa, sagdyn durmuş ýörelgeleriniň berkemegine uly goşant bolardy.

Oleg.

Gadyrly Oleg,

Siziň pikirlenip ýazan, manyly hatyňyza gaty begendik. Hatyňyzda oba hojalygyň ösüş ýoly barada ýerlikli we wajyp soraglary okyjylaryň önünde goýarsyňyz. Haýsy ýoly saýlap almaly? Şu kontekstde siz "permakultura" barada söz açýarsyňyz. Saglyk proektynyň terjime edip jemgyýetçilige hödürlän "Amaly gollanma: Daşky gurşaw we adam saglygy" kitabynyň "Oba hojalygyny durnukly ussular arkaly alyp barmak" atly 15-nji baby bütünley durnukly oba hojalygy we onuň esasy prinsiplaryna bagyşlanýar. Hatyňyzdaky belläp geçen usullaryňyz barada bu bapda doly düşundiriş berlip, esasan hem oba hojalyk bilen adam saglygynyň arabaglanşygy takyk durmuşy ýagdaýlarda görkezilýär. Hatyňyzda beýan edýän pikirleriňize görä siz bu meseleler bilen ýakyndan gyzyklanyp gelýan adama meňzeýärsiňiz. Wagt tapyp pikirleriňiz bilen paýlaşanyňyza minnetdar.

Biz Siziň orta atýan meseleleriňiz okyjylarda gyzyklanma döreder diýip umyt edýaris we olar hem bu babatda öz pikirlerini, belliklerini beýan ederler diýip tama edýäris. Siz bilen pikir alyşmagy dowam etdirmek we okyjylary netijeli dialoga çagymak maksady bilen şu soraglary galdyrmagy makul bildik.

Türkmenistanyň oba hojalygynyň geljeginde permakultura usullarynyň düýp tutmagyna amatly şertler barmyka? Ya-da bu usullar biziň oba hojalyk ýolunda geçen taryhymyza, medeniýetimize we gymmatlyklarymyza ters gelýämikä?

Okyjylar üçin goşmaça maglumat: Permakulturanyň düzülşiniň möhüm prinsipleriniň käbiri.

Bu prinsiplar Dawid Holmgrenyň ("permakultura" düşünjesiniň dübüni tutujylarynyň biri) Permaculture: Principles and Pathways Beyond Sustainability kitabynda kesgitlenýär.

► Dykgat bilen syn et we tebigat bilen aragatnaşyk aç. Eger biz gyssanman tebigat bilen aragatnaşygy ýola goýsak, onda ýagdaýya görä öz kynçylyklarymyzyň durnukly we dogry çözgütlerini tapyp bileris.

► Energiýanyň çeşmelerini tap we ony gapla. Biz şeýle ulgamy gurmaga ymtylmaly: energiýanyň bol mahalynda ony gaplap bilip, zerur bolanda ondan peýdalanmaly.

► Ekologik taýdan arassa energiya çeşmelerini ulan we gadyryny bil. Tebigatyň gün, ýel we başga durnukly energiýa çeşmelerini ulansak, bisiň özümizi durmuşda diňe "alyjy" hökmünde (zatlary satyn alyp, ulanyp taşlamak, geljek nesiller barada pikir etmän) alyp barmagymyzy uýtgetmäne we gaýtadan dikelmeýän (nebit we gaz) çeşmelerden alynýan energiýadan garaşsyzlyga eýe bolmana ýardam bererdi.

► Hapa, galyndy çykarma. Biz elýeterli bolan tebigy baýlyklary ulanyp, olara iş ýüzünde hormat goýsak, hiç zat galyndy höküminde zibilhana taşlanmaz.

► Tebigatda we jemgyýetde adaty bolan kadalylyga syn et. Edýän işleriňde olarda duş gelýän hasiýetlere esaslan.

► Aragatnaşyklary böluşdirip dargatma, bitişdirmäge, sazlaşdyrmaga ymtyl. Tebigy we adaty bolýan zatlar ýerli-ýerinde kadaly goýulsa, hemme düzüjiler saplaşyp, biri-birine goldaw berip işläp başlaýarlar.

► Kiçi gerimli, haýal çözgütleri ulan. Uly iş ulgamlaryna garanyňda, kiçi we haýal iş ulgamlaryny ansatlyk bilen ýoredip we gözegçilik edip bolýar. Bu işda ýerli baýlyklar ulanylsa, durnukly netijeleri berer.

► Tebigatdaky we jemgyýetdäki köpdürlliligi ulan we onuň gymmatyny bil. Tebigatda bolýan dürli-durlülik howplylyga garşy çykmak ukyplylygy berkidýär we ýerli tebigatyň özboluşly hasiýetlerinden doly peýdalanmaga mümkinçilik döredýär.

► Bolup geçýän özgerişliklere ugurtapyjylyk bilen çemeleş. Biz hökmany ýagdaýda tebigatda we durmuşda bolup geçýän üýtgemelere seresaply syn edip, özwagtynda bolup geçýän hadysalara goşulsak, onda olara pozitiw täsir edip bileris.

Hormat bilen, saýtyň lukmany.

  • 4170 gezek okalan