Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

AÝYŇ AŞAGYNDAKY GEZELENÇ

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.48 (23 Ses)

 

Lunatizm (rusça luna – aý) – bu adamynyň ukuda bihuşlukda bolup, dürli hereketleri edip bilme ýagdaýydyr. Bu ýagdaýy başga-ça "somnambulizm" (latynça – ukuda ýöremek) diýip hem atlandyrýarlar. Lunatizm geň hadysa bolup, öz gelip çykyşy barada ençeme toslamalaryň döremegine sebäp bolan ýagdaýdyr.

Gadymy zamanlarda, lunatizmiň esasy sebäbini aýyň üýtgeýiş döwürleri bilen baglanyşdyrýan bolsalar hem, alymlar bu keseliň döreýşiniň başga sebäplerini belleýärler. Belki-de, köplenç başga adamlaryň lunatikleriň hereketini aýyň ýagtysynda synlaýandyklary üçin "lunatizm" ady gelip çykandyr. Göze dürtme garaňkyda hiç zadyň görünmejegi aýan zat ahyryn. Onsoň hem, lunatikler biz üçin belli bolmadyk sebäplere görä, öz täsin hereketlerini aýyň ýagtysynyň aşagynda amala aşyrmaga ymtylýarlar.

Alymlar lunatizme getirýän esasy sebäpler höküminde aşakdakylary belleýärler:

► dürli agyrlykda geçirilen şikeslenmeler;

► dürli keseller: garaguşagyry keseli, ukuda dem alşyň wagtlaýyn kesilmegi, gastroezofageal reflýuks keseli;

► beýniniň gurluşynyň aýratynlygy: lunatiklerde, başga adamlar bilen deňeşdirlende, beýnide köp duýgurly ojaklaryň ýerleşýändigi syn edilýändir;

► nesil yzarlaýjylyk häsiýetliligi;

► güýçli stress geçirme, howsalaly bolma;

► alkogol we neşe serişdelerini kabul etmek.

LUNATIZMIŇ ALAMATLARY

Belli bolşy ýaly, lunatikler ukydaka düşeginden turup ýöräp başlaýarlar. Olar daşyndan maksadalaýyk we akyl ýetirip hereket edýän ýaly bolup görünseler hem, ünsli seredeniňde daşky görnüşlerinde birnäçe aýratynlyklary görüp bolýandyr. Olar haýal hereket edip, gözleri açyk bolsa hem, hiç sesi eşitmeýärler we hiç söze jogap bermeýärler.

Lunatik dişini ýuwmaga ýa-da gijäniň ortasynda öýleri ýygnaşdyrmagy başlap biler. Kähalatlarda, gijeki gezelenç wagtynda adaty bolmadyk başarnyklar hem ýüze çykyp bilýändir. Meselem, adam öň oňa tanyş bolmadyk dilde gepläp biler. Ýöne hemme lunatikler otagyň ýa-da öýüň içinde gezmeýärler. Olaryň içinde ýatýan sekisiniň üstünde ýöne oturýany ýa-da dik durýany hem, tersine, gapynyň gulpuny açyp daşyna çykýany, maşyny otlamany ymtylýanlary hem bolýandyr.

Adatça lunatizmiň tutgaýlary öz dowamlylygy bilen tapawutlansalar hem, ortaça dowamlylyk bir gijäniň içinde ýarym sagada barabar bolýandyr. Lunatikler öz "syýahat etmelerinden" soň ýene ýatýarlar, ýöne köplenç öz ýerlerinde däl-de, başga ýerde, meselem wanna kabul edilýän otagda ýatyp galýarlar. Ýöne olaryň aglabasy öz düşeklerine gelip hiç zat bolmadyk ýaly ýatsalar hem, ertesi hiç zady ýatlap bilmeýärler.

Belli rus biology I. I. Meçnikow lunatikleriň ýagdaýyny öwrenip, ukuda hem olaryň öz gündelik durmuşynda edýän hereketlerini amala aşyrýandyklaryny belläpdir. Meselem, tikinçiler tikin tikip, ussalar öz ussaçylyk işini etmäge ymtylyp bilerler.

Lukmançylyk edebiýatynda alty adamdan ybarat lunatikleriň maşgalasy barada maglumat bar. Olaryň hemmesi gije aşhana gelip çaý içenden soň, öz otaglaryna ýatmaga gidýän ekenler.

Köplenç lunatikleriň hereket etmesi öz adaty häsiýetnamasyndan üýtgäp bilýändir. Olar daşda ýerleşýän derýa suwa düşmäge gidip ýa-da agajyň üstüne münüp hem bilerler. Gije öýleriň üçegine münüp ýöreme-lunatikleriň iň ýygy gaýtalaýan hereketi bolup durýandyr. Olaryň hereketi sirk ussatlarynyň çykyşyny ýadyňa salýar. Gorkusyz, dogry we çakgan hereketleri ýerine ýetirip bilme başarnygy, olaryň bihuş ýagdaýda bolýanlygy bilen düşündirilýändir. Bu ýagdaýda olar gorkudyr dartgynlylygy duýman hereket etseler hem, köplenç pajygaly ýagdaýlaryň ýüze çykmagynyň sebäbi bolýarlar. Lunatikler otagyň gapysydyr öýdüp penjirelerden gaçýarlar, aýnaly päsgelçiliklerden geçmäge synanşyp, sikeslenme alýarlar.

ÄGÄ BOLUŇ, LUNATIZM!

Lunatiklerde gorky duýgusy bolmaýar we olar daş-töweregini dogry kabul edip bilmeýärler. Şonuň üçin hem bu keselden ejir çekýän ýakynlaryňyza seredip, gije olary ýeke goýman gözegçilik etmek wajyp bolup durýandyr. Otagda adamyny ýaralap biljek hemme zatlar aýrylmalydyr. Mebelleriň çykyp duran çüňkleri ýapylmalydyr. Otagyň penjirelerine demir gözenekleriň oturdylmagy bolsa howpsuzlygy üpjün edip bilýär. Lunatigiň ýatýan sekisiniň öňüne suwly legeni ýa-da öl matany goýma hem maslahat berilýär. Belki, suw ony oýaryp biler.

Lunatizmiň kiçi çagalarda ýygy duş gelýändigini bellemelidir. Statistiki maglumatlara görä, lunatizm ulularyň 4 %-de, kiçi çagalaryň bolsa 17%-de duş gelýändir. Lunatik çagalar bolup geçýän zatlara has düýgur bolup, olar ýygy aglaýarlar we kelleagyrylara arz edýärler. Düzgün bolşy ýaly, çaga lunatizmi nerw ulgamynyň doly ýetişmändigi bilen düşündirilip, bedeniň ösüşi tamamlanandan soň, bu keseliň geçip gitjegine garaşyp bolýandyr.

Uly adamlarda lunatizmiň garaguşagyry keseliniň ilkinji alamatlary höküminde ýüze çykyp biljekdigini hem ýatda saklamalydyr. Bu keselde ukuda ýöreme başgaça bolup geçýär – adatça gije bir wagtda bolup geçip, bir minutdan uzak dowam etmeýär. Ukuda ýöreýän adam bir zady çeýnäp ýuwudýan ýaly görünýär.

Lunatizmiň tutgaýlary has ýygy, alamatlary bolsa howp salyjy häsiýete eýe bolýan bolsa, psihonewrolog lukmana ýüz tutma zerurlygy döreýändir.

Lunatizmiň bejergisi dogry dynç alma, dogry iýmitlenme, dartgynly ýagdaýlardan gaça durma, uka gitmezden öň peşew haltany boşatma ýaly ýönekeý we umumy düzgünleri öz içine alýar. Eger lunatizm has agyr görnüşde geçýän bolsa, rahatlandyryjy (trazodon, klonopin, prosom) serişdeleri, gipnoz usuly ulanylyp bilinýändir.

Gynansak hem, keseliň gelip çykyşy doly öwrenilmän, onda düşündirmesi kyn we syrly taraplar köpdür. Lunatizmiň bejergisini diňe lukman kesgitlemäge ukyply bolsa-da, esasy zat-lunatik adamyny, onuň duşup biljek howply ýagdaýlaryndan saklap goramakdyr.

  • 4309 gezek okalan