Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

ÝYLAN ETINIŇ PEÝDASY

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.00 (11 Ses)

Hormatly okyjy!

Ýylanyň etini iýme biz üçin geň bolup görünse-de, ol köp asyrlaryň dowamynda Günotra-Gündogar Aziýanyň halklary üçin tagamly we ýörgünli iýmit önümi bolup durýandyr. Öz tagamy boýunça ol towugyň etini ýadyňa salýar.

Ýylanyň eti dine näzik we tagamly bolman, ol beloklara we dürli minerallara diýseň baýdyr. Ol bedende gan aýlanşygy kadalaşdyryp, gan basyşy peseldýär, gözüň görşüni gowulandyrýar. Ýylanyň eti we gany bedeni taplandyryjy we jynsy höwesi ýokarlandyryjy serişde höküminde bellenilip, ony jynsy gowşaklykda hem giňden ulanýarlar.

Ýylanyň etinde, göle eti bilen deňeşdirlende ýagyň 2 esse az saklanýandygy sebäpli, ol ýeňil hasaplanýar.

Hormat bilen, saýtyň lukmany.

  • 5141 gezek okalan