"Diňe gyssagly jaň gelse jogap berýärin", "Sebäbi men tejribeli sürüji", "Diňe gelen hatlary barlaýaryn", "Diňe swetoforda durkam seredýärin…" ýaly sebäpleri ruluň başynda telefon ulanýan sürüjiler ýygy-ýygydan özlerini aklamak üçin berýärler. Emma welin, ulag sürýärkäň telefon ulanmagyň diňe bir bikanundygyny däl, eýsem seresaply sürüjiler bilen deňeşdireniňde heläkçilige uçramak ähtimallygyňy 240 esse artdyrýandygyny hem bilmelidiris.
Dowamy
"Ko-bagly adamlar başgalary özlerinden beter söýýärler" diýip, bu temada ýazlan esasy kitabyň awtory Melody Beattie belleýär. Ko-baglylyk (iň: codependency) çynyň bilen islemeýän zatlaryňa hem "hawa" diýmekligi, ähli zadyňy taşlap, betbagtlyga uçran ýoldaşyňy halas etmäge dyrjaşmagy ýa-da ýarawsyz dogan-garyndaşyň barada yzyny üzmän gaýgy etmegi öz içine alyp biler.
Dowamy
Immun ulgamy (rus. – immunitet) – bedeni daşky gurşawyň dürli ýaramaz täsirlerinden (ýokançlyklar, allergenler) goraýan bedeniň goraglylyk ulgamydyr.
Bedeniň goraglylyk ulgamy iki görnüşde tapawutlandyrylýar: doga we gazanylan. Doga işleýän immun ulgamy tiz hereket edýär-bu ulgama degişli fagosit öýjükler, interferon, alawlama hadysanyň mediatorlary dörän näsazlygy duýup, onuň bilen göreşmäge başlaýarlar. Gazanylan immun ulgamynyň işi çylşyrymlydyr. Onuň işi kesgitlenen howpa garşy ýörite täsir etjek öýjükleri işläp çykaryp, soňundan ony ýok etmäge gönükdirilendir. Immun ulgamynyň bu görnüşi belli bir ýokançlygy "ýatda saklap", indiki gezek oňa duşulanda çalt göreşmäge mümkinçilik berýär. Şeýlelikde, gazanylan immun ulgamynyň "ýadynda" biziň bedenimiziň duşmanlarynyň hemme sanawy saklanylýar. Her adamda bu sanaw dürlüdir.
Dowamy
Siller ýa-da suw joşgunlary gurak ýerleri zerur bolan suw bilen üpjün edýän hem bolsa, olar agyz suw çeşmelerini zäherläp, suwuň üsti bilen geçýän keselleriň köpelmegine eltip bilýärler.
Seniň içýän suwuň dürli çeşmelerden gelýän bolmagy mümkin: ýerüsti suwlardan, ýerasty suwlardan ýa-da şäher suw ulgamyndan. Siller bularyň her birine täsirini ýetirip bilýär.
Dowamy
Psihologik zorluk adama göze görünýän şikes ýa-da ýara salmaýar, emma adamyň erkini elinden bermegine we özüne bolan ynamy peselip, içinden yza çekmegine alyp barýar.
Psihologik zorluk emosional ýa-da psihologik taýdan basyş etmegi, gorkuzmagy, manipulýasiýany öz içine alyp, pidada gysga we/ýa-da uzak möhletleýin psihologik trawma galdyrýar.
Dowamy
Palliatiw kömek
agyr kesele duçar bolan pasiýentleriň we olaryň maşgalalarynyň ýüküni ýeňledip, durmuş hilini gowulandyrýar.
Palliatiw kömek kimlere gerek?
Durmuşynyň hiline täsir edýän ýa-da juda ynjalyksyzlyga salýan agyr keselden ejir çekýän islendik adam palliatiw kömekden peýda tapyp biler. Köplenç palliatiw kömege mätäç adamlaryň hroniki keseli bolýar: ýürek-damar keselleri, rak keselleri, hroniki dem-alyş ýollarynyň keselleri, AIDS we süýji keseli. Başga-da ençeme keseller palliatiw kömegi talap edip bilýärler, meselem, böwrek durmasy, demensiýa, dermanlara durnukly inçekesel, ýaýraň skleroz we rewmatoid artiti.
Dowamy
Iýmit zäherlenmesi haçanda adam mikroblar ýa-da beýleki zyýanly bakteriýalar bilen zäherlenen iýmit ýa-da içgi kabul edende döreýän keseldir. Alamatlary köplenç zäherlenen iýmiti iýeniňden birnäçe sagadyň ýa-da birnäçe günüň içinde ýüze çykýar. Esasy alamatlar:
Dowamy
Meniň goňşym, iki çaganyň atasy: "Men hemişe işde bolmaly. Çagalarym aç däl. Ilden kem iýenoklar, ilden kem geýenoklar. Olary zada zar edemok. Olary diňläp, gepleşip oturmaga meniň wagtym hem ýok" diýip, öz atalyk borjunyň dogry ýerine ýetirilýändigini belleýär. Ýöne, şahsyýeti diňe maddy baýlyklar kemala getirmeýär ahyryn.
Çagaň bilen içgin we pozitiw söhbetdeşlik çaganyň bilmeýän soraglaryna jogap tapmaga, özüne bolan ynamyny güýçlendirmäge, öz ýalňyşyny wagtynda anyklamaga, başgalar bilen gatnaşyk açmaga, öz arzuwlaryny amala aşyrmaga kömek edýär. Çaga ene-atasyna imrinmäge, olaryň başdan geçirýän ýaşaýyş kynçylyklaryna gowy düşünmäge, olaryň içki dünýäsine aralaşyp, maşgala gatnaşyklaryny öwrenmäge, olary hormatlamaga mümkinçilik berýär. Ene-atanyň beren maslahaty ýa-da ýerlikli aýdan belligi köp ýyllardan soň hem kompas kimin durmuşda dogry ýoly tapmaga kömek edýär.
Dowamy
Akupunktura (iňňe bilen bejergi) – gadymy bejeriş usuly bolup, onuň netijeliligi häzirkizaman lukmançylygynda hem ykrar edilendir. Akupunktura bedeniň anyk bellenilen nokatlaryna derasty inçejik iňňeleri goýmak arkaly geçirilýär.
Dowamy