• Sorag-jogap

Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

ÇAGANY GUNDAMA

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.29 (7 Ses)

Salam, saýtyň agzalary we işjeň lukmanlary!
Men ýaňy-ýakynda kaka boldum (2 hepde boldy). Türkmençilikde çagany çekip gundamak diýip bir zat bar. Şonuň peýdasy ýa-da zyýany barada gürrüň bermegiňizi haýyş edýärin. Sebäbi gyzymyz käwagt aglanda gundagy çözülen ýagdaýynda  aglamasyny goýýar. Gundalsa, ýene-de aglap başlaýar. Eýsem çaga gundagdan bimaza bolýarmyka? Jogabyňyza sabyrsyzlyk bilen garaşýaryn.

Saýtyň okyjysy.

Jogaby oka

  • 5673 gezek okalan

GÖZÜME NÄHILI BEJERGI ALMALY?

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.50 (8 Ses)

Salam, hormatly lukman! Meniň gözüm m-3%, h+1. Men operasiýa etdirmezden bejergi alyp bilerinmi? Men doglamda agyr bolupdyryn. Nädip bejergi alyp bolarka?  Maslahat bermegiňizi haýyş etýärin.

Saýtyň okyjysy.

Jogaby oka

  • 4467 gezek okalan

ETI KÖP IÝMEKLIK ZYÝANLYMY?

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (7 Ses)

Salam, hormatly lukman! Öýde, toýlarda etli naharlary iýmegi halaýan, olara bolan işdämem uly. Il arasynda "eti köp iýseň, basym gararsyň" diýip aýdýarlar. Dogrudan-da, eti köp iýmek zyýanlymyka? Şu barada giňişleýin jogap berseňiz, hoşal bolardym.

Saýtyň okyjysy.

Jogaby oka

  • 4789 gezek okalan

MIOMA NAME?

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.14 (7 Ses)

Mioma näme? Mioma barada giňişleýin düşündirseňiz, minnetdar bolardyk.

Saýtyň okyjysy.

Jogaby oka

  • 6086 gezek okalan
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (9 Ses)

Salam, lukmanlar! Käbir hamamlarda ýa-da umumy hamamlarda, saunalarda ýörite bug bolýar. Buguň adam saglygyna nähili peýdalary we zyýanlary bar? Ýürek agyrly, dem gysmaly adamlara buglara girmek bolýarmyka?

Saýtyň okyjysy.

Jogaby oka

  • 3984 gezek okalan

SEMREMEK

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 3.60 (5 Ses)

Salam, hormatly Lukman we dostlar! Mende bir problema bar. Men 4-5 ýyldan bäri aşgazanymda eroziýa barlygy sebapli berhiz tutýaryn. Emma muňa garamazdan,  iýenimiň siňmezliginden kösenýärin we horlanýaryn. Munuň çykalgasy barmy? Jogaplaryňyza garaşýaryn.

Saýtyň okyjysy.

Jogaby oka

  • 5528 gezek okalan

ŸÜZDÄKI DÜRTÜKLERIÑ YZY

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.45 (11 Ses)

Salam, hormatly Lukman! Ilki bilen size köp sag bolsun aýdasym gelýär, men siziň maslahatlaryňyzdan peýdalanýan.

Lukman,  ÿuzden ullakan (gaty uly) düwürtik çyksa (olam esasy görünýän), soňam wagty bilen gutulmasa, gutalansoňam yzlary wagty bilen aýrylmasa, näme etmeli? Kosmetologa gitmek dogry karar bolup bilermi? Köp kişiniň aýtmagyna görä, ýaş ýüzüňi kosmetologa görkezmek dogry däl diýýärler. Siz gaýrat edip, dogry ýoly salgy berip bilmersiňizmi? Şeýle düwürtik yzlaryna öý şertlerinde näme etse bolar? Ýa-da kosmetologa görkezmelimi?

Saýtyň okyjysy.

Jogaby oka

  • 6267 gezek okalan