
Salam, saýtyň agzalary we işjeň lukmanlary!
Men ýaňy-ýakynda kaka boldum (2 hepde boldy). Türkmençilikde çagany çekip gundamak diýip bir zat bar. Şonuň peýdasy ýa-da zyýany barada gürrüň bermegiňizi haýyş edýärin. Sebäbi gyzymyz käwagt aglanda gundagy çözülen ýagdaýynda aglamasyny goýýar. Gundalsa, ýene-de aglap başlaýar. Eýsem çaga gundagdan bimaza bolýarmyka? Jogabyňyza sabyrsyzlyk bilen garaşýaryn.
Saýtyň okyjysy.
Jogaby oka

Jynsy gowşaklygy ýüze çykanda haýsy lukmana ýüz tutmaly we haýsy hassahana ýüz tutmaly?
Saýtyň okyjysy.
Jogaby oka

Salam, hormatly lukman! Meniň gözüm m-3%, h+1. Men operasiýa etdirmezden bejergi alyp bilerinmi? Men doglamda agyr bolupdyryn. Nädip bejergi alyp bolarka? Maslahat bermegiňizi haýyş etýärin.
Saýtyň okyjysy.
Jogaby oka

Salam, hormatly lukman! Öýde, toýlarda etli naharlary iýmegi halaýan, olara bolan işdämem uly. Il arasynda "eti köp iýseň, basym gararsyň" diýip aýdýarlar. Dogrudan-da, eti köp iýmek zyýanlymyka? Şu barada giňişleýin jogap berseňiz, hoşal bolardym.
Saýtyň okyjysy.
Jogaby oka

Salam, hormatly lukman!
Men tiz-tizden kofe içýan, günde 5-6 stakan içýän. Bu saglyga zyýan ýetirip bilermi?
Saýtyň okyjysy.
Jogaby oka

Salam, hormatly lukman! Adam saglygyna gök çaýyň peýdasy känmi ýa-da gara çaýyň? Şu çaýlaryň saglyga ýetirýän zyýany barada maglumat berseňiz, köp hoşal bolardyk.
Saýtyň okyjysy.
Jogaby oka

Mioma näme? Mioma barada giňişleýin düşündirseňiz, minnetdar bolardyk.
Saýtyň okyjysy.
Jogaby oka

Salam, lukmanlar! Käbir hamamlarda ýa-da umumy hamamlarda, saunalarda ýörite bug bolýar. Buguň adam saglygyna nähili peýdalary we zyýanlary bar? Ýürek agyrly, dem gysmaly adamlara buglara girmek bolýarmyka?
Saýtyň okyjysy.
Jogaby oka

Salam, hormatly Lukman we dostlar! Mende bir problema bar. Men 4-5 ýyldan bäri aşgazanymda eroziýa barlygy sebapli berhiz tutýaryn. Emma muňa garamazdan, iýenimiň siňmezliginden kösenýärin we horlanýaryn. Munuň çykalgasy barmy? Jogaplaryňyza garaşýaryn.
Saýtyň okyjysy.
Jogaby oka

Salam, hormatly Lukman! Ilki bilen size köp sag bolsun aýdasym gelýär, men siziň maslahatlaryňyzdan peýdalanýan.
Lukman, ÿuzden ullakan (gaty uly) düwürtik çyksa (olam esasy görünýän), soňam wagty bilen gutulmasa, gutalansoňam yzlary wagty bilen aýrylmasa, näme etmeli? Kosmetologa gitmek dogry karar bolup bilermi? Köp kişiniň aýtmagyna görä, ýaş ýüzüňi kosmetologa görkezmek dogry däl diýýärler. Siz gaýrat edip, dogry ýoly salgy berip bilmersiňizmi? Şeýle düwürtik yzlaryna öý şertlerinde näme etse bolar? Ýa-da kosmetologa görkezmelimi?
Saýtyň okyjysy.
Jogaby oka