
Salam, Lukman aga! Berýän maslahatlaryňyz üçin köp sag boluň! Tut agajynyň şepbigi (oňa tut kömelegi hem diýilýän eken) süýji keseliniň emi diýip eşitdik. Ony gaýnadyp içenleriň gandaky süýjiniň derejesiniň peselip, peýda tapanlar bar.
Şu barada giňrak maglumat beräýseňiz. Öňünden minnetdarlyk bildirmek bilen, saýtyň okyjysy.
Jogaby oka

Salam, hormatly lukman! Meniň bäş ýaşly oglumyň gözleri gündiz ýa gije ýatyp turandan soň 1 minutlyk çaşarýar. Soňra ýene öňküsi ýaly bolýar. Bu ýagdaýy lukmana aýtsam, çaganyň gözi kiçi wagty şeýleräk bolýar diýip aýtdy. Dogrudanam şeýlemikä? Bu howply dälmika? Ýa başga bir lukmana ýüz tutup bejergi almalymyka? Siziň berjek jogabyňyza sabyrsyzlyk bilen garaşýarys.
Saýtyň okyjysy.
Jogaby oka

Salam, hormatly lukman! Meniň joramyň ýüzi çişip, lukmana görkezende, oňa ýüzünde kista bar diýip aýtdylar. Şular ýaly kesel adamda bolýarmy? Ol nämeden döreýärkä? Jogabyňyza sabyrsyzlyk bilen garaşýaryn.
Saýtyň okyjysy.
Jogaby oka

Salam, hormatly Lukman! 13 ýaşly oglumyň fiziki, ruhy ösüşi oňat, hudaýa şükür. Öz deň-duşlaryndan irirägem görünýär. Ýöne oturanda, ýörände birneme kellesini öňe egýär, bükürräk görünýän ýaly. Munuň sebäpleri näme? Şony nähili düzetmeli, nähili lukmançylyk çäreleri bar, sportuň haýsy görnüşleri bilen meşgullanmaly, nähili ruhy-durmuş şertlerini döretmeli? Şu mesele barada maslahat berseňiz köp minnetdar bolardym.
Saýtyň okyjysy.
Jogaby oka

Salam, hormatly lukman! Adamyň ýüregi sag tarapynda doglup bilýärmi? Ol ýaşap bilýärmi?
Saýtyň okyjysy.
Jogaby oka

Salam, hormatly lukman! Biz siziň jyns gatnaşyklary baradaky ähli makalaryňyzy gelnim bilen okayarys. Biz 22 ýaşymyzada, geçen hepde durmuş gurduk. Indi biz göwrelilik barada has giňişleýin, aýratyn-da ekiz çaga edinmek barada bilmek isleýäris. Şu barada gürrüň bereňiz, hoşal bolardyk.
Geldimyrat.
Jogaby oka

Salam, hormatly lukman! Adamyň eli ýa-da aýagy rahatlyk wagtynda titremesi nämeden bolup bilýär? Şeýle titremeler babatynda näme etmegi maslahat berýäňiz?
Saýtyň okyjysy.
Jogaby oka

Salam, hormatly lukman! Men goňaklaryň nähili emele gelýäni, näme sebäpden döreýänini we ondan nädip dynyp bolýandygy barada bilesim gelýär. Şular barada maglumat bermegiňizi haýyş edýärin.
Saýtyň okyjysy.
Jogaby oka

Salam, hormatly Lukman! Soňky wagtlar has köp adamlar gemorroý keselinden ejir çekýäler. Bu keseli kesmezden nädip bejermelidigi barada giňişleýin düşündiriş bermegiňizi we oňa garşy haýsy dermanlary ulanmalydygyny maslahat berýäňiz diýip haýyş edýärin.
Saýtyň okyjysy.
Jogaby oka

Salam, hormatly lukman! Men alkogolly içgileri içenimde, eger köpräk mukdarda içiläýsem, ertesi gün daňdanlar gaty erbet ýüregim bulanyp baslaýar. Onsoň gaýtaryp, ögäp uzak gün gaty erbet ýüregim bulanyp geçýär. Solar ýaly wagt hiç janyňa jaý tapyp bolanok. Bir owurt suw içseňem gaýdyp dur. Ýürek bulanma gaty erbet zat. Elbetde munuň alkogolyň organizme has artygrak düsüp, zäherlenme netijesinde bolýandygy dogry. Ýöne solar ýaly ýürek bulanmada näme edip bolýar? Ýürek bulanmany nädip aýyrmaly? Serhoslykdan soň bolýan ýürek bulanmadan nädip çaltrak dynyp bolýar?
Saýtyň okyjysy.
Jogaby oka