
Salam lukman! Men 19 ýaşymda, agramym men 45 kilo. Men semremek isleýä. Siziň maslahatyňyza mätäç!
Saýtyň okyjysy.
Jogaby oka

Salam lukman! Gepatit kesli dogabitdi, yagny nesilden nesle geçip bilýär diýen gürrüň dogrumyka? Ony nädip anyklap bolýar? Dogabitdi sarygetirmeli adam yasap bilyarmi? Jogap bermegiňizi haýyş edýärin!
Saýtyň okyjysy.
Jogaby oka

Men 14 ýaşymda. Burnum öz-özunden ganaýar. Lukmana görnemde, ol maňa burnuň içi ýarylýar diýip aýtdy. Munuň sebabi nämekä? Jogabyňyza garaşýaryn.
Saýtyň okyjysy.
Jogaby oka

Lukman aga! Gyzylödekde erbet çiş bar. Nädip bejermelimikä? Üns bereniniz üçin minnetdar.
Saýtyň okyjysy.
Jogaby oka

Salam, Lukman! Öňräk bir dost oglanlarymyň biri öýlendi. Soňky wagtlarda onuň birhili keýpi bolmansoň sorap anygyna ýetdim. Sebäbi bolmaly işler kän ugruna bolanok diýýär (düşinensiňiz-le näme hakda gürrüň gidýänligine). Dostumyň aýdyşyna görä onuň häkisi ysgynsyzmyş. Zordan 2 ýa-da 3 günden bir iş bitirýärmiş. Öz aýdyşyna görä 1-2 ýyldan mundan öň gowy işleýän ekeni. Gepiň kelte ýeri ýagdaýy gowy däl. Öz etrabynda bejertmäge bolsa utanýar (garyndaşlarynyň biri hassahanada işläýär). Şonuň üçin ol Aşgabada gelip bejertjek bolýar. Gaýrat edip haýsy hassahana gowy bejergi berýändigini ýazsaňyz bir adama kömek etdigiňiz bolardy!
Saýtyň okyjysy.
Jogaby oka

Salam Lukman!
Coca-colanyň sagdyn adamyn saglygyna zyýany barmyka? Haýsy organlaryna, sol sanda Fanta ya-da beyleki gazlandyrylan icgiler hem Coca-cola bilen deň hatarda görülyärmi? Belki bu içgilerin nahardan soň ya-da islendik wagty suwsuzlygyňy gandyrmak üçin icmekligiň öz düzgüni bardyr? Şular barada maslahat berseňiz sizden hoşal bolardyk!!!
Saýtyň okyjysy.
Jogaby oka

Salam, Lukman! Men 17 ýaşymda. Meniň dodaklarym gurap ýarylýar. Mesge çalsam, bitýär, ýöne guransoň ýene-de ýarylyp başlaýar. Munuň sebäbi nämekä? Dodaklarymyň ýarylmazlygy üçin name etmeli? Jogabyňyza garaşýan.
Saýtyň okyjysy.
Jogaby oka

Salam, Lukman! Köp wagtlap (bir aý ýa-da ondan hem köp wagt) jyns gatnaşygynda bolman, soňra onuň ýygylygynyň haýsydyr bir bellenen cägi barmyka? Bu zenanlar we erkekler üçin babatda nähili bolmaly?
Saýtyň okyjysy.
Jogaby oka

Hormatly lukman! Men hepdede 24 sagat hiç zat iýmän, suw hem içmän, berhiz saklaýan. Mende ýürek we nerw keseli bar: yuregim çalt urýar, pikirlerim bulaşýar. Maňa berhiz peýdalymyka ýa zyýanly? Men käwagt berhizden soňra we berhiz wagtynda özümi erbet duýýaryn, ýüregimdäki agyry aýrylýar, emma kelläm güýçli agyrýar? Belki, men berhizi ýalňyş ulanyandyryn ya-da mana zyyanlydyr. Maslahat berseňiz, hoşal bolardym.
Hormat bilen, saýtyň okyjysy.
Jogaby oka

Salam, Lukman! Men 26 ýaşymda. Meniň ýatkeşligim öň kadalydy, şu wagt bolsa onuň kadaly däldigini duýýaryn. Maňa Siziň maslahatyňyz gerek.
Saýtyň okyjysy.
Jogaby oka