
Salam, hormatly lukman! Meniñ bedenimiñ käbir ýerlerinde dürli ölçegdäki düwün ýaly çişjagazlar bar. Gören adamlar olara "žirowik" bolaýmasa diýýärler. Olaryñ agyrysam ýok welin, onda-da aýryp bolmaýarmyka? Maslahatyñyza garaşýaryn, sag boluñ!
Saýtyň okyjysy.
Jogaby oka

Salam, hormatly lukman. Warikoz giňelmesi bolan damarlary operasiýa usuly bilen nädip aýrylýandygy barada az-owlak düşündirmegiňizi haýyş edýärin. Sebäbi men lukmana ýüz tutanymda, ol maňa şol giňelen damarlary kesip aýyrmalydygy barada aýtdy. Eger uzyn damarlaryň aralygyndaky giňelen ýerlerini kesip, soňra iki ujyny birikdirseň, adamyp maýyp galmak howpy barmy?
Saýtyň okyjysy.
Jogaby oka

Salam, hormatly lukman! Men doglalym bäri şu keselden ejir çekýän. Lukmanlaryň görkezmesi boýunça Dermopressin diýen dermany gündelik ulanýan. Dermany ulanmadyk ýagdaýymda suwy köp içýän, ysgynsyz bolýan. Häzir men 20 ýaşymda, 2-nji derejeli semiz. Şu keselimden ymykly açylmak isleýän. Jogabyňyza sabyrsyzlyk bilen garaşýan.
Saýtyň okyjysy.
Jogaby oka

Salam, gadyrly lukman! Siziň kista baradaky bir soraga beren jogabyňyzy okadym.Ýöne indi kistanyň döremegine sebäp bolýan zatlar, onuň döremeginiň öňüni almak baradaky çäreler hakda-da aýtsaňyz minnetdar bolardym.
Saýtyň okyjysy.
Jogaby oka

Salam, hormatly lukman! Meniň gözüm uzakdan görmeýär. Şonuň üçin-de näme etmelidigini aýtsaňyz minnetdar bolardym.
Saýtyň okyjysy.
Jogaby oka

Salam, hormatly lukman! Men size şeýle sorag bilen ýüzlenmek isleýän. Adamyň içindäki soguljanlary nähili bejergi bilen aýryp bolarka? Jogap berseňiz minnetdar bolardym.
Saýtyň okyjysy.
Jogaby oka

Salam, saýtyň lukmanlary! Biz täze maşgala. Nesip bolsa, babejik hem dünýä gelmeli. Soňra çagalaryň arasyna 2-3 ýyl wagt salmak isleýäs. Wagt salmak dogrumy? Wagt salmak üçin spiral goýdurýan ekenler. Spiral goýdurmaklyk zyýanlymy? Şular barada ginişleýin düşündirseňiz, hoşal bolardyk.
Saýtyň okyjysy.
Jogaby oka

Salam, hormatly lukman! Men 8 aýlyk göwreli gelin. Birki hepde mundan öñ meniñ sag budumyñ damary tokga-tokga düwün-düwün bolup çisip başlady. Dyzymyñ üsti hem bildirip dur. Munuñ sebäbi näme? Bu nädip bolýar we men näme etmeli? Damaryñ çismesi meniñ üçin zyýanlymyka? Hiç hili agyrysy bolmansoñ, göwrelilikden soñ öz-özi hem aýrylar diýip gezip ýörün men-ä?
Saýtyň okyjysy.
Jogaby oka

Salam, hormatly lukman! Meň näme? Ol nädip emele gelýär? Meñleri aýryp bolýarmy? Ony gysyp aýyrsaň bolýarmy?
Saýtyň okyjysy.
Jogaby oka

Salam, hormatly lukman! Meniň gyz doganymyň içi gataýar, onuň uly täredi kynlyk bilen bolýar. Doganym şeýle bir gaharjaň welin, sähel zada tiz gaharlanýar. Onuň işdäsi gowy, ýöne igi erbet gataýar. Ol içsürüji dermanlary köp içýär. Doganymyň içi nämeden gataýarka?
Saýtyň okyjysy.
Jogaby oka