• Sorag-jogap

Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

JYNS GATNAŞYGYNDAKY NÄSAZLYK

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.18 (11 Ses)

Salam, hormatly lukman! Men 29 ýaşymda. Aýalym bilen jyns gatnaşykda bolanymda, dölüm gelenden soň köplenç 2-3 sagatdan soň bilim agyrýar. Munuň sebäbi nämekä? Döl erkek adamyň niresinde döreýärkä we ol gelende oňurga nähili täsir edýärka?

Saýtyň okyjysy.

Jogaby oka

  • 7164 gezek okalan
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.00 (3 Ses)

Salam, hormatly lukman! Stenokordiýa we güýçli miokardiýa bilen keselli gyz maşgalalar çaga dogurmaga ukyplymy? Bu gelejekde olar üçin howply bolmazmy?  Şu barada kyn görmän, doly düşündiriş berseňiz minnetdar bolardyk.  Operasiýa edilen ýagdaýlardan soň hem biynjalyk edýän ýagdaýy-da, bejergi alýan ýagdaýy-da göz öňüne tutmagyňyzy haýyş edýäris.

Saýtyň okyjysy.

Jogaby oka

  • 5656 gezek okalan

JYNSY GATNAŞYK

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 3.40 (108 Ses)

Salam, hormatly lukman! Men ýaňy-ýakynda öýlendim, ýöne näme üçindir diňe bir sapar gatnaşyk bolýar, yzygider bolanok. Gelniň islegini nädip kanagatlandyrsa bolar?

Saýtyň okyjysy.

Jogaby oka

  • 25878 gezek okalan

ÇAGANY GUNDAMA

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.29 (7 Ses)

Salam, saýtyň agzalary we işjeň lukmanlary!
Men ýaňy-ýakynda kaka boldum (2 hepde boldy). Türkmençilikde çagany çekip gundamak diýip bir zat bar. Şonuň peýdasy ýa-da zyýany barada gürrüň bermegiňizi haýyş edýärin. Sebäbi gyzymyz käwagt aglanda gundagy çözülen ýagdaýynda  aglamasyny goýýar. Gundalsa, ýene-de aglap başlaýar. Eýsem çaga gundagdan bimaza bolýarmyka? Jogabyňyza sabyrsyzlyk bilen garaşýaryn.

Saýtyň okyjysy.

Jogaby oka

  • 6160 gezek okalan

GÖZÜME NÄHILI BEJERGI ALMALY?

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.50 (8 Ses)

Salam, hormatly lukman! Meniň gözüm m-3%, h+1. Men operasiýa etdirmezden bejergi alyp bilerinmi? Men doglamda agyr bolupdyryn. Nädip bejergi alyp bolarka?  Maslahat bermegiňizi haýyş etýärin.

Saýtyň okyjysy.

Jogaby oka

  • 4994 gezek okalan

ETI KÖP IÝMEKLIK ZYÝANLYMY?

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (7 Ses)

Salam, hormatly lukman! Öýde, toýlarda etli naharlary iýmegi halaýan, olara bolan işdämem uly. Il arasynda "eti köp iýseň, basym gararsyň" diýip aýdýarlar. Dogrudan-da, eti köp iýmek zyýanlymyka? Şu barada giňişleýin jogap berseňiz, hoşal bolardym.

Saýtyň okyjysy.

Jogaby oka

  • 5335 gezek okalan