• Sorag-jogap

Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

BEDENDE DÖREÝÄN ÇIŞJAGAZLAR

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (1 Ses)

 

Salam, hormatly lukman! Meniñ bedenimiñ käbir ýerlerinde dürli ölçegdäki düwün ýaly çişjagazlar bar. Gören adamlar olara "žirowik" bolaýmasa diýýärler. Olaryñ agyrysam ýok welin, onda-da aýryp bolmaýarmyka? Maslahatyñyza garaşýaryn, sag boluñ!

Saýtyň okyjysy.

Jogaby oka

  • 3736 gezek okalan

WARIKOZ KESELINIŇ OPERATIW BEJERGISI

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (1 Ses)

 

Salam, hormatly lukman. Warikoz giňelmesi bolan damarlary operasiýa usuly bilen nädip aýrylýandygy barada az-owlak düşündirmegiňizi haýyş edýärin. Sebäbi men lukmana ýüz tutanymda, ol maňa şol giňelen damarlary kesip aýyrmalydygy barada aýtdy. Eger uzyn damarlaryň aralygyndaky giňelen ýerlerini kesip, soňra iki ujyny birikdirseň, adamyp maýyp galmak howpy barmy?

Saýtyň okyjysy. 

Jogaby oka

  • 4060 gezek okalan

SÜÝJÜLI DÄL DIABET

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (1 Ses)

 

Salam, hormatly lukman! Men doglalym bäri şu keselden ejir çekýän. Lukmanlaryň görkezmesi boýunça Dermopressin diýen dermany gündelik ulanýan. Dermany ulanmadyk ýagdaýymda suwy köp içýän, ysgynsyz bolýan. Häzir men 20 ýaşymda, 2-nji derejeli semiz. Şu keselimden ymykly açylmak isleýän. Jogabyňyza sabyrsyzlyk bilen garaşýan.

Saýtyň okyjysy.

Jogaby oka

  • 4088 gezek okalan
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 3.53 (15 Ses)

 

Salam, gadyrly lukman! Siziň kista baradaky bir soraga beren jogabyňyzy okadym.Ýöne indi kistanyň döremegine sebäp bolýan zatlar, onuň döremeginiň öňüni almak baradaky çäreler hakda-da aýtsaňyz minnetdar bolardym.

Saýtyň okyjysy.

Jogaby oka

  • 9102 gezek okalan

ADAMYŇ IÇINDÄKI SOGULJANLAR BARADA

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.17 (41 Ses)

Salam, hormatly lukman! Men size şeýle sorag bilen ýüzlenmek isleýän. Adamyň içindäki soguljanlary nähili bejergi bilen aýryp bolarka? Jogap berseňiz minnetdar bolardym.

Saýtyň okyjysy.

Jogaby oka

  • 12399 gezek okalan

SPIRALLAR ZYÝANLYMY?

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 3.35 (51 Ses)

 

Salam, saýtyň lukmanlary!  Biz täze maşgala. Nesip bolsa, babejik hem dünýä  gelmeli. Soňra çagalaryň arasyna 2-3 ýyl wagt salmak isleýäs. Wagt salmak dogrumy? Wagt salmak üçin spiral goýdurýan ekenler. Spiral goýdurmaklyk zyýanlymy? Şular barada ginişleýin düşündirseňiz,  hoşal bolardyk.

Saýtyň okyjysy.

Jogaby oka

  • 15207 gezek okalan
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 3.67 (9 Ses)

 

Salam, hormatly lukman! Men 8 aýlyk göwreli gelin. Birki hepde mundan öñ meniñ sag budumyñ damary tokga-tokga düwün-düwün bolup çisip başlady. Dyzymyñ üsti hem bildirip dur. Munuñ sebäbi näme? Bu nädip bolýar we men näme etmeli? Damaryñ çismesi meniñ üçin zyýanlymyka? Hiç hili agyrysy bolmansoñ, göwrelilikden soñ öz-özi hem aýrylar diýip gezip ýörün men-ä?

Saýtyň okyjysy.

Jogaby oka

  • 9549 gezek okalan

IÇ GATAMA

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.00 (2 Ses)

 

Salam, hormatly lukman! Meniň gyz doganymyň içi gataýar, onuň uly täredi kynlyk bilen bolýar. Doganym şeýle bir gaharjaň welin, sähel zada tiz gaharlanýar. Onuň işdäsi gowy, ýöne igi erbet gataýar. Ol içsürüji dermanlary köp içýär. Doganymyň içi nämeden gataýarka?

Saýtyň okyjysy.

Jogaby oka

  • 5515 gezek okalan