• Sorag-jogap

Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

ABORT ZYÝANLYMYKA?

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 3.45 (11 Ses)

Salam, hormatly lukman! Men 39 ýaşymyň içinde 30 gezege çenli abort etdirdim. Şeýle ýagdaýyň geljekde saglyga täsiri barmyka? Şundan soň sagdyn çaga dogrup bolarmy?

Saýtyň okyjysy.

Jogaby oka

  • 7176 gezek okalan

AÝBAŞY NÄSAZLYKLARY

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.63 (8 Ses)

Hormatly lukman! Men 24 ýaşyndaky durmuşa çykmadyk gyz. Näme üçindir meniň aýbaşym başlap, eýýäm ikinji aý dowam edýär. Saglyk babatda hiç hili keselim ýok. Agyry-ynjy biynjalyk edenok. Aýbaşym ynha kesiler diýip gezdim. Indi ol kesilmänsoň howsala hem düşýärin. Bu ýagdaý görümden galmanyň alamaty dälmikä? Durmuşa çykmaýan gyzlar näçe ýaşda görümden galyp bilerler?

Saýtyň okyjysy.

Jogaby oka

  • 7934 gezek okalan

ZYÝANLY DÄLMI?

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.30 (10 Ses)

Siz saýtda ýerleşdirilen bir makalada, aýbaşy döwründe jynsy gatnaşygy geçirme aýal üçin peýdaly diýip belläpsiňiz. Bu gatnaşyk erkek üçin zyýanly dälmikä? Uly adamlar aýbaşy döwründe akýan gandan köp keseller geçip bilýär diýýärler. Yslam dinimiz hem aýbaşy döwri jynsy gatnaşyk etmäge rugsat bermeýär.

Saýtyň okyjysy.

Jogaby oka

  • 6288 gezek okalan

ENDAMDAKY TEGMILLER

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 3.80 (5 Ses)

Salam, hormatly lukman! Meniň endamymda bölek-bölek tegmil emele geldi. Lukmanlar maňa ýod bilen spirti garyp çalmagy maslahat berdiler. Bu näme bolup bilerkä?

Saýtyň okyjysy.

Jogaby oka

  • 4252 gezek okalan

JYNSY AGZALAR

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 3.60 (20 Ses)

Salam, hormatly lukman! Çagadaky dogabitdi ýeke ýumurtgalyk gelejekde zyýan berip bilermi? Şuňa gaýrat edip, düşündiriş berseňiz, minnetdar bolardym.

Saýtyň okyjysy.

Jogaby oka

  • 7070 gezek okalan
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 3.13 (8 Ses)

Salam, hormatly lukman! Men gündelik iş ýerimde boş wagtymyň köplügi sebäpli wagtymy mobil telefonyma güýmenip geçirýärin. Munuň maňa zyýany nähilikä? Günüň dowamynda näçe wagt seretse kadaly bolýar?

Saýtyň okyjysy.

Jogaby oka

  • 5669 gezek okalan
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.12 (17 Ses)

Salam, hormatly lukman! Menin sag gözüm 3 günden bäri gyzaryp hem ýaşaryp dur. Gözümiň üstünden basamda agyrýar. Gözüme hiç zat düşmedi. Damdyrylýan dermanlaram damdyrdym (siprolet) emma peýda etmedi. Maňa näme etmelidigini tizräk aýtsaňyz, hoşal bolardym.

Saýtyň okyjysy.

Jogaby oka

  • 5492 gezek okalan

ÝAŞLAR ÜÇIN BERHIZ

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.04 (23 Ses)

Salam, hormatly  lukman! Men 19 ýaşymda. Men 1 aýyň dowamynda 7 kg horlanmaly. Meniň üçin berhiz ýazyp bermegiňizi haýyş edýärin. Boýum 1,63, agramym 65 kg Jogabyňyz üçin öňünden minnetdarlyk bildirýärin.

Saýtyň okyjysy.

Jogaby oka

  • 12540 gezek okalan

MYŞSALARY NÄDIP ÖSDÜRMELI?

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.06 (17 Ses)

Salam, hormatly lukman! Men sport bilen meşgullanýaryn we myşsalarymy ösdürmek isleýärin. Munuň üçin haýsy dermanlary almaly? Şeýle dermanlar paýtagtymyzyň haýsy dermanhanalarynda satylýar? Şular barada maslahat bermegiňizi haýyş edýärin.

Saýtyň okyjysy.

Jogaby oka

  • 10941 gezek okalan