
Salam hormatly lukman! Meniň söýgüli gyzymyň zoby bar. Öýkelemesi ýa-da aglamasy aňsat bolýar. Basym nesip bolsa, bagt toýuny tutmaly. Zoby düýpli bejermek mümkinmi? Bu ýagdaý geljekde dogjak çaganyň saglygyna zyýan ýetirip bilermi? Gelinligimde zobyň alamatlary bildirmez ýaly men näme etmeli? Eger mümkin bolsa giňişleýin düşündirmegiňizi we maslahat bermegiňizi haýyş edýärin.
Saýtyň okyjysy.
Salam lukman! Men 27 ýaşymda. Özümiň hem zob keselim bar. Lukmana kadaly görkezemok. Aram-aram bogulýan ýaly bolýaryn. Men bu ýagdaýdan operasiýa etdirmän dynyp bilmezmikäm? Aslynda zob nämeden döreýär? Giňişleýin jogap berseňiz Size minnetdar bolardym.
Saýtyň okyjysy.
Jogaby oka

Salam hormatly lukman! Meniň 2 aýlyk gyzym dogaly bäri emensoň gaýtarýar. Men näme etsem bolarka?
Ejebaý.
Jogaby oka

Salam lukman! Men 35 ýaşymda. Iki ýyldan bäri aýbaşy bozulmasyndan ejir çekýärin. Mende başda spiral bardy. Ýatgydan gan gelme başlanansoň, lukmanlar spiraly aýryp bejergi berdiler. Gan gitme galan ýaly bolsa-da, bu ýagdaý ýene iki aýdan gaýtalandy. Bu gezek ýatgynyň diwarlaryny arassalap gan gitmäni sakladylar. Ondan soň aýbaşym 6 aýdan gelip, şu ýagdaý ýene gaýtalandy. Aýal lukmany maňa "Gormonal bozulma" kesel kesgidini goýdy. Indi aýbaşym bir aý bolsa, iki aý bolanok. Aýbaşym gelsede ýene köp gan ýitirmeden ejir çekýärin. Maňa maslahat bermegiňizi haýyş edýärin.
Saýtyň okyjysy.
Jogaby oka

Salam lukman! Men 18 ýaşymda. Meniň göwrelilik döwrümde otyrýerimden düwürtikler çykyp, olar häzire çenli hem aýrylanok. Olar gijeýär, gaşasam bolsa ulalýarlar. Men näme etsem bolarka?
Saýtyň okyjysy Ejebaý.
Jogaby oka

Salam hormatly lukman! Ruhy sustupeslik nähili alamatlar bilen geçip biler? Jogabyňyza sabyrsyzlyk bilen garaşýaryn.
Soltanmyrat.
Jogaby oka

Salam, hormatly lukman! Men 39 ýaşymyň içinde 30 gezege çenli abort etdirdim. Şeýle ýagdaýyň geljekde saglyga täsiri barmyka? Şundan soň sagdyn çaga dogrup bolarmy?
Saýtyň okyjysy.
Jogaby oka

Hormatly lukman! Men 24 ýaşyndaky durmuşa çykmadyk gyz. Näme üçindir meniň aýbaşym başlap, eýýäm ikinji aý dowam edýär. Saglyk babatda hiç hili keselim ýok. Agyry-ynjy biynjalyk edenok. Aýbaşym ynha kesiler diýip gezdim. Indi ol kesilmänsoň howsala hem düşýärin. Bu ýagdaý görümden galmanyň alamaty dälmikä? Durmuşa çykmaýan gyzlar näçe ýaşda görümden galyp bilerler?
Saýtyň okyjysy.
Jogaby oka

Siz saýtda ýerleşdirilen bir makalada, aýbaşy döwründe jynsy gatnaşygy geçirme aýal üçin peýdaly diýip belläpsiňiz. Bu gatnaşyk erkek üçin zyýanly dälmikä? Uly adamlar aýbaşy döwründe akýan gandan köp keseller geçip bilýär diýýärler. Yslam dinimiz hem aýbaşy döwri jynsy gatnaşyk etmäge rugsat bermeýär.
Saýtyň okyjysy.
Jogaby oka

Salam, hormatly lukman! Meniň endamymda bölek-bölek tegmil emele geldi. Lukmanlar maňa ýod bilen spirti garyp çalmagy maslahat berdiler. Bu näme bolup bilerkä?
Saýtyň okyjysy.
Jogaby oka

Salam, hormatly lukman! Çagadaky dogabitdi ýeke ýumurtgalyk gelejekde zyýan berip bilermi? Şuňa gaýrat edip, düşündiriş berseňiz, minnetdar bolardym.
Saýtyň okyjysy.
Jogaby oka