
Salam, hormatly lukman! Men aýalym bilen toý edenime 1-ýyldan geçdi. Ilki göwresinde çaga galmady, 7-aý diýende çaga galdy. Test bilen barlanda dogrudygny görkezdi we ondan soň men işe gaýtdym. 3-aý diýende işden geldim. Şol wagt çaga 4-aýlykdy, meniň gelenime 15 günden soň aýalymyň jyns agzasyndan gan akma başlandy. Biz ony şol wagt lukmana görkezdik. Lukman UZA düşmeli diýdi. Düşürdim, UZA düşeren lukman munuň göwresinde çaga ýok diýdi. Ilki düşünmedim, onuň aýbaşysy gelýär diýdi. Ýöne men testiň görkezendigini, oba lukmanlarynyň tassyklandygyny aýtsam-da, bu lukman hiç zat görnenok diýdi. Men we aýlym ruhuçökgün ýagdaýda öýe gaýtdym, 2-günden soň aýalymyň göwresindäki çaga düşdi, men hiç zada düşünmedim. Düşen çaga 2-aýlyk ýaly eken. Beýle ýagdaý nämeden bolup biler? Meniň aýalymyň göwresinde galandan soň uzak wagt jynsy gatnaşyk etmedigim sebäp bolup bilermi? Jogabyňza sabyrsyzlyk bilen garaşýan.
Saýtyň okyjysy Myrat.
Jogaby oka

Salam, hormatly lukman!
Narkoz näme? Ol howplumy?
Il içinde "Pylanyñ operasiýasy şowlygeçipdir hem welin, görgüli narkozdan açylyp bilmän ýogalypdyr" diýen ýaly gürrüňler eşidilende, elbetde, adamda biraz gorky döreýär. Narkoz barada giňişleýin düşündiriş berseňiz, örän hoşal bolardyk.
Saýtyň okyjysy.
Jogaby oka

Salam, lukman! Mende damagymda zob bar. Näme etsem bolar? Demim gysýar, gijelerine bu ýagdaý güýjeýär. Siziň maslahatyňyza garaşýaryn.
Saýtyň okyjysy.
Jogaby oka

Gyzlar näme üçin adatça 18-20 ýaş aralygynda özlerini gerekli alyp baryarlar? Olaryn maksady name? 18-20 ýaşly gyzyň psihologiýasy barada gürrüň berseňiz, hoşal bolardym.
Saýtyň okyjysy.
Jogaby oka

Bokurdak agyra garşy näme edip bolýar?
Saýtyň okyjysy.
Jogaby oka

Salam, hormatly lukmanlar! Bize çaganyň ene göwresindäki ýagdaýy we onuň ýerine ýetirilmeli düzgünleri we är-aýal ýakyn gatnaşygyny nähili derejede saklanylmalydygy aýdyp berseňiz, hoşal bolardyk.
Saýtyň okyjysy.
Jogaby oka

Salam, lukman! Men özumi bilelim bäri dowamly täretde edyärin. Men her näme iýsem 10-20 minutdan täret bolup çykýar. Näçe köp iýsem şonça-da köp täret edýärin. Men lukmana göründim we şlanga ýuwutdyryp barlady. Aşgazan we içege hemmesi gowy diýdi. Şonuň sebäbi nerw ulgamynyň näsazlygyndan bolup bilermi?
Saýtyň okyjysy.
Jogaby oka

"C" gepatit Türkmenistanda mugtmy ýa-da tölegli ?
Nury.
Jogaby oka

Salam, hormatly lukmanlar! Size işiňizde üstünlik arzuw edýärin. Men hazir 29 ýaşymda, iki cagam bar. Sonky wagtlarda aýbaşym gelmegine on gün, bir hepde galanda men özümi erbet duýýyaryn. Hiç zat ýok ýerden erbet gaharym gelýär, hiç kim göwnüme degmese-de aglaýaryn, kahalatlarda hem üşedýärin, işdäm açylýar. Munuň näme üçin beýle bolýandygyny düşündirmegiňizi haýyş edýärin.
Saýtyň okyjysy.
Jogaby oka

Salam, hormatly lukman! Nobatdaky göwrelilik sebäpli oglumyzy laýyk 1 ýaşynda ene süýdünden aýyrmaly bolduk. Häzir ol 1 ýaş 2 aýlyk. Oglumyza esasan öz iýýän zatlarymyzdan berýäris. Özem etli naharlary gowy iýýär. Daşyndan gosmaça çaga iýmitlerini beremzok. Öz adaty iýýän iýmitlerimiz bilen bilelikde towuk etinden büzmeçeler, miwe şireleri, banan, alma, ýogurt, ýumurtga, şekerli çaý, sokolad hem onuň halaýan zatlary. Sygyr süýdüni, mannyý kaşany iýenok, halanok. Eýsem şu iýmitlendirişimiz bolýarmyka? Ene süýdünden irräk aýranymyz sebäpli indiden beýläk nähili iýmitlendirmegi maslahat berýärsiňiz? Siziň maslahatyňyza garaşýarys. Sag boluň!
Saýtyň okyjysy.
Jogaby oka