
Salam, lukman! Meniň öýlenenime 4 aý boldy, ýöne heniz çaga galanok. Çep ýumurtgamda warikosel bar, döränine 2 ýyl boldy. Munuň çaga galmazlygyna täsiri barmyka?
Saýtyň okyjysy.
Jogaby oka

Salam, hormatly Administrator!
Men siziň sahypaňyza makala ýazyp iberesim gelýär. Eger mümkin bolsa, şonuň ýoluny salgy beräýiň. Meniň bilen habarlaşmak üçin şu nomerlere jaň edäýiň, ##-##-##, 80063 ##-##-##.
Saýtyň okyjysy G*****, galamgär.
Jogaby oka

Salam! Meniñ gyz doganym 21 ýaşynda. Ol aybaşy döwründe başaylanma, yürekbulanma bilen başlanyan yiti agyryny başdan geçirýär. Heniz lukmana ýüz tutup görenok. Soňky 2 aý yagdaýy has-da beterleýär Myşsa nasogin, dimedrol sanjym edilse agyry aýrylyar. Indiki aý ýene öňki ýagdaýy. Güýçli agyrynyñ sebäbi näme? Ýa bu şeýle bolmalymyka? Munuň bejergisi yokmuka?
Saýtyň okyjysy.
Jogaby oka

Salam, hormatly Lukman! Uly adamda, käwagt ýaş çagalarda-da wagtal-wagtal synçgylawuk bolyar. Şonuň sebäbi nämekä? Ondan nädip gutulyp bolýar? Şeýle-de asgyrmaklygyň sebäbi barada hem gürrüň berseňiz, hoşal bolardyk.
Saýtyň okyjysy.
Jogaby oka

Hormatly lukman! Ýüzdäki ýakaly nädip aýyrmaly? Maslahat berseñiz, hoşal bolardym.
Merwli.
Jogaby oka

Salam, hormatly lukman! Nahar wagtynda, naharyň ýanyndan çaý, kähalatlarda bolsa kisel içilýän wagtlary bolýar. Kiseli her gün içmek erkegiň/zenanyň jynsy islegini peseldip bilermikä?
Saýtyň okyjysy.
Jogaby oka

Salam, Lukman aga! Men yasydabanlykdan nädip dynyp bilerin? Gayrat edip, şu barada bir maslahat beräyiň!
Hormat bilen, saýtyň okyjysy.
Jogaby oka

Salam, hormatly lukman! Men häzir 17 yaşymda. Meniň gözüm 5 ýyyldan bäri gowy görmeýär, men daşdaky zatlary onçakly saýgaryp bilemok. Men köplenç telefona güýmenýärin.Telefona 30-40 minutdan köp güymensem, gözüm ýakyndaky zatlary hem saýgarmaýar. Öýdaki çyra seretsem, älemgoşar görünyär. Gözümin görüşi ýyl-ýyldan erbetleşýär Men äynek ulanmaýaryn.Bu howply keselmi?
Saýtyň okyjysy.
Jogaby oka

Salam, hormatly Lukman! Men häzir 49 ýaşymda. Men 45 ýaşymdakam, bagrymdan ehinokokky aýyrtmak üçin operasiýa edildim. Operasiýa şowly geçdi, ýöne bagrymyň daşynda az-kem yza (agyry) bar. Soňky wagtlar çep dyzymda hem agyry peýda boldy. Lukmana ýüz tutsam, gan basyşyňyz dyzyňyza urupdyr diýip, bejergi belledi. Ýöne bu bejergi netije bermedi. Men papawerin, sinepar, magniy, trental dermanlaryny kabul etdim, melhemleri ulandym. Gadyrly Lukman, Sizden kömek etmegiňizi haýyş edýärin.
Saýtyň okyjysy.
Jogaby oka

Salam, hormatly Lukman! Kämahal güýçli kelleagyrylarym bolýar. Hatda iki güne çekýän wagtlary hem bolýar. Şonda gijelerine-de uklap bilmeýärin. Şeýle agyryny nädip ýeňilleşdirmeli?
Jahan.
Jogaby oka