Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

DOWAMLY TÄRET

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 3.50 (2 Ses)

Salam, lukman! Men özumi bilelim bäri dowamly täretde edyärin. Men her näme  iýsem 10-20 minutdan täret bolup çykýar. Näçe köp iýsem şonça-da köp täret edýärin. Men lukmana göründim we şlanga ýuwutdyryp barlady. Aşgazan we içege hemmesi gowy diýdi. Şonuň sebäbi nerw ulgamynyň näsazlygyndan bolup bilermi?

Saýtyň okyjysy.

Jogaby oka

  • 3908 gezek okalan

GÄGIRMEGIÑ SEBÄBI NÄME?

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (1 Ses)

Salam, hormatly lukman! Men 2-3 aý bäri irden turan wagtym gägirip başladym. Özüm bolsa gägirmegi hiç halamaýaryn. Munuñ sebäbi nämekä? Ony nädip aýryp bolýar? Men 26 ýaşymda, jynsym erkek, özümi bolsa hemmetaraplaýyn oñat, sagdyn duýýaryn, agyrýan synam ýok, işdäm gowy, sportda kösençlik çekemok, zyýanly endiklerden-çilim çekýärin, ýöne dowamly däl: 1 guty çilim 1 hepdä, 10 güne ýetýär, arasynda 1-2 aýlap asla çilim çekmän hem gezýärin. Alkogolly içgilerden piwo we arak içgisini içýärin, aragy aýda 2-4 gezek dost-ýarlar bilen ýokumly, tagamly naharlaryñ gapdalyndan köp bolmadyk mukdarda içýärin, piwony bolsa diñe tomusda yssy howada käwagt içýärin.

Saýtyň okyjysy.

Jogaby oka

  • 4287 gezek okalan

SYNÇGYLAWUK NÄMEDEN DORÄP BILYÄR?

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.00 (4 Ses)

Salam, hormatly Lukman! Uly adamda, käwagt ýaş çagalarda-da wagtal-wagtal synçgylawuk bolyar. Şonuň sebäbi nämekä? Ondan nädip gutulyp bolýar? Şeýle-de asgyrmaklygyň sebäbi barada hem gürrüň berseňiz, hoşal bolardyk.

Saýtyň okyjysy.

Jogaby oka

  • 4986 gezek okalan

DIL NÄME SEBÄPDEN GAÝNAÝAR?

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (1 Ses)

Salam, lukman! Men 18 ýaşymda. Meniñ dilim günde gaýnayar. Nahar iýip bilemok. Pomidor we hoz iýsem beterleyar. Soñ ýakyn dogan-garyndaşymyz ýumurtganyn sarysy bilen nowakaýin garyp çalmaly diýdi. Menem edil aýdyşy ýaly etdim, ýöne hiç hili täsir etmedi. Şony nädip gaýnamaz yaly edip bolýar? Edilýän belli bir emi barmyka?

Saýtyň okyjysy.

Jogaby oka

  • 3898 gezek okalan

IŞDÄNI NÄDIP GOWULANDYRMALY?

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 3.33 (3 Ses)

Salam, lukman aga! Meniň hiç işdäm ýok. Tomusdandyr diýseňiz-ä, gyşyna-da ýagdaý şeýle. Şonuň üçin-de gaty hor. Deň-duşlarymyň ýanynda gaty kiçi görünýärin. Men dostlarym bilen kafede bile oturyp iýip-içenimizde, olar 5 minutda iýseler, men 15 minut giç gutarýaryn. Men köp iýmäge şunça jan etsem-de, iýip bilemok. Işdämi gowulandyryp, semrär ýaly name çäre barka?

Saýtyň okyjysy.

Jogaby oka

  • 3742 gezek okalan
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 3.67 (3 Ses)

Hormatly lukman! Men yakynda içmden bir zat tutup, hassahana bardym. Hassahana baranymda içimden tutan agyry goýberdi. Lukmandan soranymda, ol maňa munuň köriçegedigini aýtdy. Şol wakadan soň şolar ýaly agyry gaýtalanmasa-da, ýakyn wagtda ýene gaýtalar diýýärler. Ýöne bu bardy-geldi dowamly köriçege bolsa, şeýle tutgaýlaryň gaýtalanmazlygy mümkinmi? 

Saýtyň okyjysy.

Jogaby oka

  • 4027 gezek okalan