Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

IÝMIT SIŇDIRIŞ AGZALARYŇ NÄSAZLYGY

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 3.17 (6 Ses)

Salam lukman! Meni aşgazan we öt agyrylary biynjalyk edýär. Köplenç ýüregim hem bulanyp, başym hem aýlanýar. Şeýle-de, içim hem suw ýaly geçip başlady. Damja görnüşli sanjym alsam, biraz ýagdaýym gowulanýar, ýöne biraz wagtdan ýene hemme zat gaýtalanýar. Bu nämedenkä? Maňa siziň maslahatyňyz gerek.

Saýtyň okyjysy.

Jogaby oka

  • 5109 gezek okalan

DOWAMLY PARAPROKTITDEN EJIR ÇEKÝÄRIN

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 1.00 (2 Ses)

Salam saýtyň lukmanlary! Men 29 ýaşymda. 3 ýylyň dowamynda paraproktitden ejir çekip, 2013-nji ýylyň awgust aýynyň 27-ne operasiýa etdirdim. Operasiýadan soň 37 gün keselhanada ýatyp bejergi alanymdan soň, lukman meniň ýagdaýymyň gowulygyny aýdyp keselhanadan çykardy. Meniň derdim ýene 1 hepdeden gaýtalady. Bü näme üçin şeýle bolduka we men ýene operasiýa etdirmeli bolarmykam? Başga çykalga ýokmyka?Men Aşgabat şäherinde haýsy keselhana ýüz tutsam gowy bolarka? Şu kesel barada doly maglumat berýän makala taýynlasaňyz size minnetdar bolardym.

Saýtyň okyjysy.

Jogaby oka

  • 3491 gezek okalan

PARAPROKTITDEN EJIR ÇEKÝÄRIN

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.17 (6 Ses)

Salam hormatly lukman! Men 34 ýaşymda. 3-nji synpdan bäri paraproktitden ejir çekýärin. 2007-nji ýyla çenli her 6 aýdan otyrýerimde iriňli ojak döräp, özi bişip, daşyna iriň akyp gutarýardy. Ýerli keselhanada operasiýa etdiler. Operasiýadan soň Wişnewskiniň melhemi bilen bejergi geçirdiler. 8 aýdan soň keselim gaýtadan özüni bildirdi. Indi ol has ýygy döräp, kähalatlarda 2-3 aý hem iriň akyp durýar. Hemişe pikirim keselim barada. Ruhum pes. Operasiýa etdirmekden bolsa gorkýaryn. Belki köneden gelýän halk emi bardyr? Jogabyňyza sabyrsyzlyk bilen garaşýaryn.

Saýtyň okyjysy.

Jogaby oka

  • 3549 gezek okalan

AŞGAZAN AGYRY

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 3.85 (26 Ses)

Salam, hormatly lukman! Men 18 ýaşymda. Siz öňki soragyma jogap bereniňizde, aşgazan agyrymyň gastrit zerarlydygyny aýdypsyňyz. Eger şeýle bolsa, gastrit keselinde nähili dermanlary ulanmaly? Maslahatyňyza garaşýaryn.

Hormat bilen, saýtyň okyjysy.

Jogaby oka

  • 13210 gezek okalan

AŞGAZAN AGYRYSY

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.11 (37 Ses)

Salam, hormatly lukman! Men sähelçe aç bolsam, aşgazanym agyryp başlaýar. Suw içsem, agyrym güýjeýär. Lukman barlagyndan geçemok. Nahar iýsem, agyrym aýrylýar. Meniň ýaşym on sekiz, oglan. Meniň aşgazan agyrym barada maslahat bermegiňizi haýyş edýärin.

Saýtyň okyjysy.

Jogaby oka

  • 14083 gezek okalan
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 3.78 (9 Ses)

Salam, hormatly lukman. Aşgazan bilen gyzylödegiň birigýän ýerinde eroziýa bar.

Muny nädip bejermeli? Ejem şu keselden 2 ýyl bäri ejir çekýär. Ol barlaglardan geçdi, ýöne peýdasy degmedi. Kartoşkanyň şiersiniň biraz peýdasy degdi, ýagdaýy öňküden gowurak. Ýöne şonda-da, agyrysy aýrylanok. Kömek etseňiz, gaty hoşal bolardyk. Jogabyňyza sabyrsyzlyk bilen garaşýan. Sag boluň.

Abdylla.

Jogaby oka

  • 6391 gezek okalan
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 3.33 (3 Ses)

Salam, hormatly lukman! Men 18 ýaşymda köriçege boldum. Operasiýa bolanyma 4 aý geçdi. Indi bolsa birhili işdäm açylyp, öňkimden köp iýýän. Bu zatlar adaty ýagdaýmy? Men semremekden gorkýan. Jogabyňyza garaşýaryn.

Saýtyň okyjysy.

Jogaby oka

  • 3933 gezek okalan

IÇ GATAMA

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 3.83 (12 Ses)

Salam, hormatly lukman! Men häzir 23 yaşymda. Meniñ köplenç içim gataýar. Men köplenç senadeksin derman içýàn, bolmasa 6-7 gün täret etmän gezip bilýän. Iç gatama näme sebäplerden bolup bilýär?

Saýtyň okyjysy.

Jogaby oka

  • 7518 gezek okalan

SEMREMEK

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 3.60 (5 Ses)

Salam, hormatly Lukman we dostlar! Mende bir problema bar. Men 4-5 ýyldan bäri aşgazanymda eroziýa barlygy sebapli berhiz tutýaryn. Emma muňa garamazdan,  iýenimiň siňmezliginden kösenýärin we horlanýaryn. Munuň çykalgasy barmy? Jogaplaryňyza garaşýaryn.

Saýtyň okyjysy.

Jogaby oka

  • 5524 gezek okalan