Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.
ANTIBIOTIKLERE DURNUKLY INÇEKESEL NÄME WE ONY NÄHILI BEJERIP BOLÝAR?
Antibiotiklere durnukly inçekeseliň "köpsanly derman durnuklylygy" görnüşi bu ugurda has netijeli bolan izoniazid we rifampisin dermanlaryna durnuklylygy aňladýan bolsa, "giňişleýin derman durnuklylygy" düşünjesi agzalan serişdelerden başga ftorhinolon toparyna (lewofloksasin ýa-da moksifloksasin) ýa-da ikinji topara degişli sanjym (amikasin, kanamisin, kapreomisin) görnüşdäki serişdeleriň iň bolmanda birine bolan durnuklylygy aňladýandyr.
Inçekeseliň antibiotiklere durnukly görnüşiniň döremegine aşakdaky faktorlar sebäp bolup bilýändir:
↪ Bellenen dermanlary nädogry kabul etmek ýa-da ýeterlik dowamlylygy berjaý etmezlik;
↪ Lukmançylyk ulgamynda gerekli dermanlar bilen üpjünçiligiň peselmegi;
↪ Derman serişdeleriň hiliniň peselmegi.
Bu sebäplerden başga-da, inçekeseliň bu görnüşi bilen ondan ejir çekýän adamdan ýokuşmak ýoly bilen hem näsaglap bolýandyr. Belli bolşy ýaly, öýken inçekeselli näsaglar keseli üsgürme, asgyrma ýa-da söhbetdeşlik wagty ýaýradyp bilýändirler. Ýokuşma üçin inçekesel taýajyklaryň köp bolmadyk mukdary hem ýeterlikdir. Ýöne, inçekesel taýajyklary ýokuşan hemme adamlar kesellemeýärler. Onuň üçin immun ulgamynyň işjeňligini, dem alyş agzalaryň ýagdaýyny nazara almak wajypdyr. Adama antibiotiklere durnukly inçekeseliň bakteriýalary ýokuşan bolsa hem, keseliň ýiti, işjeň görnüşi ýaýbaňlanman biler.
Antibiotiklere durnukly inçekeseliň bejergisi adatdakydan köp wagty we gymmatlylygy hem-de ýaramaz täsirliligi ýokary bolan inçekesele garşy serişdeleriň ikinji toparynyň ulanylmagyny talap edýändir.
Hormat bilen, saýtyň lukmany.
- 302 gezek okalan