Üns ber! Biziň saýtymyzyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtyň sahypalarynda berilýän maglumatlaryň esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salmagy ähtimal. Lukmanlar saýtyň üsti bilen size bejeriş berip bilenoklar. Lukmanlaryň jogaplary, makalalar, jemgyýetçiligiň teswirleri diňe maslahat hökmünde kabul edilmeli.

AIW WE SPIRTLI IÇGI

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.83 (6 Ses)

Hormatly okyjy!

AIW wirusynyň bedende saklanmagy AIDS keseliniň döränliginden habar bermese-de, alkogol içgileriň immun ulgamyny gowşadyjy häsiýetiniň bardygyny göz öňüne tutup, bu wirusy göterijilere şeýle içgileri kabul etmekden gaça durmak maslahat berilýär. Ýüzünden düwürtikleriň çykyp, saçynyň düşmegi bolsa, häzir asla bu wirus bilen bagly bolman hem biler. Köp faktorlaryň täsiri bilen, immun ulgamynyň goraýjy öýjükleriniň mukdary peselende, AIW wirusyny göterijilik ýagdaýy AIDS keseline geçip biler. Bu kesel bolsa dürli alamatlaryň utgaşmasy bilen ýüze çykyp bilýändir.

Ýaşaýyş tertibiňiz, endikleriňiziň aýratynlygy babatda Size gözegçilik edýän lukman bilen maslahatlaşmak zerurdyr. Wirus göterijilik, umuman AIDS barada peýdaly maglumaty almak üçin, saýtymyzda ýerleşdirilen "Ägä boluň! AIDS." atly makala bilen tanyşmaklygy maslahat berýäris.

Hormat bilen, saýtyň lukmany.

  • 2377 gezek okalan