• Sorag-jogap

Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.25 (4 Ses)

Salam hormatly lukman! Men 21 yaşymda, jynsym erkek. Menin aýagymyň bogunlarynda hereket eden wagtym şykyrdaýan şekilinde ses çykýar. Ayratyn hem yatyp, iki ýana öwrülen wagtym çatalbamda şeýle ses döreýär. Mundan 6 ay öñ diňe sag aýagymdaky çatalbada şeyle ses bolyardy. Şol wagt kän bir üns beremokdym. Indi bolsa iki aýagymyn çatalbasynda şykyrdaýan ses döräp, aýagym çykyp giden ýaly bolýar. Çep aýagymda agyrylar peýda bolup, Diklak-gel dermanyny hem ulandym. Ýöne peýdasyny onçakly duýmadym. Meni biynjalyk edýän bu alamatlar näme sebäpden döreýärkä?

Saýtyň okyjysy.

Jogaby oka

  • 4088 gezek okalan

ÇEP ELIŇ GURŞMAGYNYŇ SEBÄPLERI

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (2 Ses)

Salam lukman! Mende demgysma bar. Juda aljyradanogam. Şuňa garşy salbutamol diýen dermany ulanýp, birini on günde harçlaýan. Şu dermany köp ulanmak zyýanlymy we nämä zyýany barka? Ýene size bir soragym bar. Bir aýdan bäri aýalym çep eliniň gurşýandygyna arz edýär. Lukmana ýüz tutdyk. Ol "nerw süýümleriniň zeperlenmeginden ýa-da gan azlylykdan hem bolup biler" diýip düşündirýär. Bu dogrudan hem şeýlemikä?

Saýtyň okyjysy, Kasym.

Jogaby oka

  • 4843 gezek okalan
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.28 (43 Ses)

"Salam hormatly lukman! Türkmençilikde "sarynyň gaýnamasy" ýagdaýynyň lukmançylyk dilinde hakyky ady nämeka? Iňlis, rus we latyn dilinde näme diýilýärkä? Sebäpleri we emleri barada giňişleýin aýdyp geçseňiz hoşal bolardyk".

Saýtyň okyjysy.

"Salam lukman! Meniň ejemi köp wagtdan bäri sarysynyň gaýnamagy köseýär. Ol näme sebäpden döräp biler?"

Saýtyň okyjysy.

Dowamy

  • 9087 gezek okalan
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.25 (51 Ses)

Salam hormatly lukman! Allaha Şükür, ýañy-ýakynda biziñ gyzjagazymyz boldy. Şu wagt 20 günlük. Enâniñ süýdüniň yzygiderli inmegi üçin nähili düzgünlere eýermelidigini aýdyp berseňiz Sizden hoşal bolardyk.

Saýtyň okyjysy.

Salam lukman! Biziň 3 aýlyk gyzymyz bar we ol ene süýdi bilen iýmitlenýär. Soňky günler göwnümize bolmasa ene süýdi ýetmeýän ýaly bolup dur. Ony men aýalymyň gaty ýadaýandygy bilen baglanyşdyrýan. Ene süýdüni köpeltmek üçin nämeler etmelikä?

Saýtyň okyjysy.

Dowamy

  • 12329 gezek okalan
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.04 (51 Ses)

Hormatly saýtymyzyň okyjylary!

Sizden gelýän her bir sorag biziň üçin möhüm bolup, oňa doly we göwnejaý jogap bermek, sizi gyzyklandyrýan ol ýa-da beýleki meseläni giňden beýan etme we çözgüdini tapyp berme biziň üçin diýseň wajyp bolup durýandyr.

Edil şol maksat bilen, köpler üçin has wajyp bolup duran meseleleriň üstünde has giňişleýin durup geçmek üçin biz ýörite makalalary taýýarlap, saýtda ýerleşdirýäris. Sizi gyzyklandyrýan soraglar öň berlen bolsa, jogaplary siz "Sorag-jogap" bölüminde hem tapyp bilýärsiňiz. Onuň üçin "Sorag-jogap süzgüji", "Gözleg" hyzmatlaryny ulanma siziň maglumat gözlegiňizde işiňizi ýeňilleşdirip bilerdi.

Soraglaryň ençemesine biragyzda jogap bermek aňsat düşmeýär we köp halatlarda bu mümkin hem bolanok. Şol sebäpden hem, aşaky soraglaryň doly jogaby höküminde biz ýörite taýýarlanan we saýtymyzda ýerleşdirilen makalalara salgylanmagy we okamagy maslahat bermegi makul bildik.

Jogaby oka

  • 6544 gezek okalan

BURNUM NÄME ÜÇIN GANAÝAR?

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 3.64 (14 Ses)

Salam lukman! Meniň günde burnum ganaýar. Witamin dermanlaryny içenimde aýryldy. Soň ýene täzeden başlady. Burnum näme sebäpden ganap bilerkä?

Saýtyň okyjysy, Kerwen.

Jogaby oka

  • 5618 gezek okalan

JYNS AGZADA DÖRÄP BILJEK ÖRGÜNLER

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 3.64 (14 Ses)

Salam lukman! Men 22 ýaşymda, jynsym erkek. Meniň ujydymyň aşagynda kiçijik 3-4 düwürtigiň döremegi meni ynjalykdan gaçyrýar. Meniň özümi hiç zat biynjalyk edenok. Men mundan 3 ýyl öň jyns gatnaşygy arkaly geçýän kesele sezewar boldum we bejergi aldym. Bejergiden soň geçen barlagym meniň sagalandygymy görkezdi. Şeýle ýagdaý mende 1 ýyldan bäri dowam edýär. Bu nämeden bolup bilýärkä?

Saýtyň okyjysy.

Jogaby oka

  • 6148 gezek okalan

GINIPRAL DERMANY BARADA MAGLUMAT

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.40 (5 Ses)

Salam Lukman! Menin gelnim göwreli we käbir sebäplere görä hassahanada bejergi aldy. Hassahanadan çykandan son lukman gelnime, Dinepral gerdejiklerini içmegini maslahat beripdir, ýöne ähli dermanhanalara aýlandym welin Ginipral gerdejikleriniň barlygyny, Dinepral dermanynyň ýoklugyny aytdylar. Şu maslahat berlen gerdejikler barmyka we ulanylanda olaryň täsirleri nähilikä?

Saýtyň okyjysy.

Jogaby oka

  • 5650 gezek okalan