• Sorag-jogap

Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

MASSAŽ ETDIRMEK ZYÝANLYMY?

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.60 (5 Ses)

 

 

Salam, Lukman! Massaž etmek zyýanlymy? Maňa aýtmaklaryna görä bir gezek massaž etdirseň, endamyň endik edip, yene-de talap edýär diýýäler.

Saýtyň okyjysy.

Jogaby oka

  • 4311 gezek okalan

ÝAŞ ÇAGA BARADA

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (4 Ses)

 

 

Salam, hormatly lukman! Menin 3 aýlyk oglum bar. Doglany bäri onuň çep tarap ýumurtgasy aram-aram çişýär, ýöne çişen wagty oglum aglanok. Muňa näme sebäp bolup biler? Bu näme üçin beýle bolýarka?  Oglumy haýsy lukmana ýüz tutmagy maslahat berýärsiniz? Doly maglumat ýermegiňizi Sizden haýyş edýärin.

Saýtyň okyjysy.

Jogaby oka

  • 5484 gezek okalan

AŞGAZAN ASTY MÄZI

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 3.93 (44 Ses)

 

Salam, hormatly Lukman!

Aşgazan asty mäzi sowuklan wagty nähili alamatlar ýüze çykyp biler? Nähili sowuklap biler we öňini alynyş çäreleri barmy? Şular hakynda bir giňişleýin düşündiräýseňiz, minnetdar bolardym.

Hormat bilen, saýtyň okyjysy.

Jogaby oka

  • 20691 gezek okalan

ÇALT DOGURDÝAN UKOLLAR

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 3.86 (7 Ses)

 

Salam, lukman! Dogrum burgulary tutup başlansoñ çaga dogurylýan öýe gidilýär. Adatça ol ýerde lukmanlar dogrum çalt başlar ýaly ukol edýärler. Şol sanjym ene hem-de çaga üçin howplumy? Saýtyñyzda ýerlesdirilen örän peýdaly "Maşgala saglygy" kitabynda dogrumyñ öñüsyrasynda şeýle sanjymyñ ölüm howpludygy barada aýdylýar. Eýsem dogurýan aýallaryñ uçdantutma ählisine diýen ýaly dogrum başlamazyndan öñ şeýle sanjym edilýär. Şu barada düşündiräýseniz, minnetdar bolardyk.

Saýtyň okyjysy.

Jogaby oka

  • 5358 gezek okalan

ZOB WE SAÇ DÜŞME

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 3.33 (9 Ses)

Salam, hormatly Lukman! Meniň 2004-nji ýyldan bäri zobum bar. Zoby kesdirmäge gorkýaryn. 2006-njy ýyldan bäri saçym düşüp gelýär. Özimem 24 ýaşymda / Hormatly Lukman, indi näme çäre görmeli? Giňişleýin maglumat bermegiñizi haýyş edýärin?

Saýtyň okyjysy.

Jogaby oka

  • 6305 gezek okalan

GÄGIRMEGIŇ SEBÄBI NÄMEKÄ?

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 3.33 (3 Ses)

 

 

Salam, hormatly lukman! Men 45 ýaşymda. Men nahar iýip bolanymdan 5-10 minut geçenden soň gägirip başlaýaryn, aşgazanymda yza döreýär. Munuň sebäbi nämekä? Mundan dynmak üçin näme etmeli? Gägirmäni aýyrmak üçin gazlandyrylan mineral suwlary içmek maslahat hem berýärler. Olary içsem bolýarmyka?

Saýtyň okyjysy.

Jogaby oka

  • 4697 gezek okalan

JYNSY GOWŞAKLYK

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 3.17 (12 Ses)

 

 

Salam, Lukman! Men bir kärhanada yükçi bolup işleýän. Her gün diýen ýaly agyr zatlary götermeli bolýar. Şol agyr ýükleri götermegim jynsy gowşaklyga getirip bilermi? Özüm entek yaş, 22 yaşymda. Ereksiýa giç bolýar we önler 3-4 minutdan "dökýän" bolsam, indi 7-8 minutdan "dökýän".

Saýtyň okyjysy.

Jogaby oka

  • 7754 gezek okalan

GOŇAK

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 3.00 (1 Ses)

 

Salam, lukman aga! Gaýrat edip, şu soraglaryma jogap bermegiňizi haýyş edýärin: Goňak näme sebäpden çykýar? Ony nädip we näme bilen aýryp bolýar? Jikme-jik berjek jogabyňyza sabyrsyzlyk bilen garaşýaryn.

Saýtyň okyjysy.

Jogaby oka

  • 3984 gezek okalan

MEN NÄME ÜÇIN SEMREÝÄKÄM?

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 2.85 (20 Ses)

 

Salam, hormatly lukman! Men 22 ýaşymda. Mundan 3 ýyl öñ 59 kiledim. 20 yasymda 1-nji cagam boldy. Şondan soň 110 kg boldum, özümem gün-günden semreyän berhizem tutýan, ýöne şonda-da  horlanyberemok. Lukmanlara-da ýüz tutdum, üýtgeşik kemçilik tapmadylar. Semizlikden oňurgam azajyk gyşarypdyr, gerek bejergini aldym. Men gaty semizlikden ejir çekýän, gaty erbet bykynlarym çişýär, ähli yerim agyrýar. Maňa gerekli maslahat, kömek berseňiz köp minnetdar bolardym.

Saýtyň okyjysy.

Jogaby oka

  • 6639 gezek okalan