• Sorag-jogap

Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

BILIM NÄME ÜÇIN AGYRÝAR?

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 3.89 (9 Ses)

Hormatly lukman! Meniň bil agyrym bar. Onuň sebäbi hem, men 4 ýyl mundan öň ýol heläkçiligine uçradym we şondan soňra 1 ýyla golaý hassahanada ýatmaly boldum. Hassahanadan çykanyma 3 ýyl boldy. Şu wagta çenli bil agyryny duýmadym. Ýene soňky 2 aý töweregi bil agyrym bildirip başlady. Ýöremegim, dem almam kynlaşdy. Siz maňa nähili maslahat berip bilersiniz?

Saýtyň okyjysy.

Jogaby oka

  • 4241 gezek okalan

AÝAGA ÇÜMEN TIKEN

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.80 (5 Ses)

Hormatly lukman! 5 aý mundan öň aýagyma tiken çümdi. Tikeniň giren yzy ýok, ýöne şol ýerde çiş döräp gatap galdy. Maňa ýerlikli maslahat beräýiň.

Saýtyň okyjysy.

Jogaby oka

  • 3872 gezek okalan

BURNUŇ IÇINDE ÖSEN ET

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.29 (7 Ses)

Hormatly lukman! Meniň bir burnumda etiň barlygy sebäpli howa az mukdarda geçýär. Bu gaýmorit bolup bilýärmi? Men bu eti operasiýa ýoly bilen aýyrmalymy? Ony nädip aýryp bolar ýa-da onuň üçin burny kesmeli bolarmy?

Saýtyň okyjysy.

Jogaby oka

  • 4410 gezek okalan

GÖBEK NAME ÜÇIN AKÝAR?

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 3.55 (11 Ses)

Hormatly lukman! Menin göbegim akyp, onuň daşy agyrýar. Ýüzünligine ýatjak bolsam agyry düýýaryn. Göbegimden şepbeşik suwuklyk akyp, bir başlasa 4-5 gün dowam edýär. Bu ýagdaý nämekä we ony nähili bejerip bolar?

Saýtyň okyjysy.

Jogaby oka

  • 4221 gezek okalan

BITLERE GARŞY NETIJELI SERIŞDELER

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.55 (11 Ses)

Hormatly lukman!

Meniň 9 ýaşly gyzymyň saçyna bit düşdi. Öý şertlerinde nämeler etsek hem aýryp bolanok. Bitlere garşy netijeli serişdeler barada aýdyp geçäýseňiz hoşal bolardym.

Saýtyň okyjysy.

Jogaby oka

  • 5551 gezek okalan
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 3.73 (70 Ses)

Salam lukman! Size şeyleräk bir sorag bilen ýüzlenesim gelýär. Çaga galdyrmazlyk üçin jynsy gatnaşykda wagtlaýynça "daşyna dokmeklik" usulyny ulanýarys. Bu usulyň 2-3 ýylyň dowamynda ulanylmagy soňundan çaga galmagyna täsirini ýetirip bilermi? Onuň aýal üçin nähili zyýany bar?

Saýtyň okyjysy.

Jogaby oka

  • 15584 gezek okalan