
Salam hormatly lukman! Men 34 ýaşymda. 3-nji synpdan bäri paraproktitden ejir çekýärin. 2007-nji ýyla çenli her 6 aýdan otyrýerimde iriňli ojak döräp, özi bişip, daşyna iriň akyp gutarýardy. Ýerli keselhanada operasiýa etdiler. Operasiýadan soň Wişnewskiniň melhemi bilen bejergi geçirdiler. 8 aýdan soň keselim gaýtadan özüni bildirdi. Indi ol has ýygy döräp, kähalatlarda 2-3 aý hem iriň akyp durýar. Hemişe pikirim keselim barada. Ruhum pes. Operasiýa etdirmekden bolsa gorkýaryn. Belki köneden gelýän halk emi bardyr? Jogabyňyza sabyrsyzlyk bilen garaşýaryn.
Saýtyň okyjysy.
Jogaby oka

Salam hormatly lukman! Men 19 ýaşly gyz. Näme sebäpdendigini bilemok, ýöne meniň ellerim titreýär. Bir zat aljak bolsam hem ellerim titreýär. Bu ýagdaý meni köpçülikde utandyryp, oňaýsyz ýagdaýa goýýar. Özüm hem tiz-tizden gaharlanyp, sähel zada agym tutýar. Munuň sebäbi nämedenkä?
Saýtyň okyjysy.
Jogaby oka

Salam hormatly lukman! Men 1960-njy ýylda doglan. Geçen ýylyň maý aýyndan bäri göwsüm çişip başlady. Iýul aýynda Aşgabat şäherindäki Onkologiýa merkezine ýüz tutdym. Merkezde göwsümi punktirleme we mammografiýa anyklaýyş barlagyny geçirip, lukmanlar göwsüme operasiýa etmeli diýen netijä geldiler. Emma men operasiýadan gorkup keselhana barmadym. Lukmanyň maslahaty bilen, öýde arassalanmadyk ýag bilen aragyň hersinden 30 ml. garyp kabul etdim. Bejergi haýyr edenok. Indi 1 aýdan bäri göwüsdäki çiş ulalyp ellerime geçip ugrady. Hormatly lukman, bu kesel näme we ondan hähili gutulyp bolarka?
Saýtyň okyjysy.
Jogaby oka

Salam lukman! Men 23 ýaşymda. 3 çagam bar. Meniň ýüregim agyryp başlady. EKG barlagdan geçenimde "çep garynjygyň gipertrofiýa alamaty" diýen jogaby berdiler. Bu gorkulymyka? Siziň maslahatyňyz gerek.
Saýtyň okyjysy, Mahym.
Jogaby oka

Salam lukman! Kiseliň erkeklerde jynsy gowşaklygy döredýänligi barada täsin habar eşitdim. Bu dogrudan hem şeýlemikä? Siziň pikiriňiz gyzyklandyrýar.
Saýtyň okyjysy.
Jogaby oka

Salam hormatly lukman! Meniň söýgüli gyzymda AIW wirusy bar. Nesip bolsa, basym bagt toýuny tutmaly. Eger ol toýdan öň keseliň bejergisini alsa, bu kesel maňa hem geçip bilermi? Geljekde dogjak çaga keseliň zyýany barmy? Kesel maňa ýokuşan ýagdaýynda hem bejergi alyp dursam, saglyk üçin zyýany uly bolarmyka? Şu soraglara giňişleýin jogap bermegiňizi haýyş edýärin.
Saýtyň okyjysy.
Jogaby oka

Salam hormatly lukman! Meniň söýgüli gyzymyň zoby bar. Öýkelemesi ýa-da aglamasy aňsat bolýar. Basym nesip bolsa, bagt toýuny tutmaly. Zoby düýpli bejermek mümkinmi? Bu ýagdaý geljekde dogjak çaganyň saglygyna zyýan ýetirip bilermi? Gelinligimde zobyň alamatlary bildirmez ýaly men näme etmeli? Eger mümkin bolsa giňişleýin düşündirmegiňizi we maslahat bermegiňizi haýyş edýärin.
Saýtyň okyjysy.
Salam lukman! Men 27 ýaşymda. Özümiň hem zob keselim bar. Lukmana kadaly görkezemok. Aram-aram bogulýan ýaly bolýaryn. Men bu ýagdaýdan operasiýa etdirmän dynyp bilmezmikäm? Aslynda zob nämeden döreýär? Giňişleýin jogap berseňiz Size minnetdar bolardym.
Saýtyň okyjysy.
Jogaby oka

Salam hormatly lukman! Meniň 2 aýlyk gyzym dogaly bäri emensoň gaýtarýar. Men näme etsem bolarka?
Ejebaý.
Jogaby oka

Salam lukman! Men 35 ýaşymda. Iki ýyldan bäri aýbaşy bozulmasyndan ejir çekýärin. Mende başda spiral bardy. Ýatgydan gan gelme başlanansoň, lukmanlar spiraly aýryp bejergi berdiler. Gan gitme galan ýaly bolsa-da, bu ýagdaý ýene iki aýdan gaýtalandy. Bu gezek ýatgynyň diwarlaryny arassalap gan gitmäni sakladylar. Ondan soň aýbaşym 6 aýdan gelip, şu ýagdaý ýene gaýtalandy. Aýal lukmany maňa "Gormonal bozulma" kesel kesgidini goýdy. Indi aýbaşym bir aý bolsa, iki aý bolanok. Aýbaşym gelsede ýene köp gan ýitirmeden ejir çekýärin. Maňa maslahat bermegiňizi haýyş edýärin.
Saýtyň okyjysy.
Jogaby oka

Salam lukman! Men 18 ýaşymda. Meniň göwrelilik döwrümde otyrýerimden düwürtikler çykyp, olar häzire çenli hem aýrylanok. Olar gijeýär, gaşasam bolsa ulalýarlar. Men näme etsem bolarka?
Saýtyň okyjysy Ejebaý.
Jogaby oka