
Salam, saýtyň hormatly lukmanlary! Oglan bilen gyz öpüşende olaryň ikisi hem deň keýp alýarmy ýa diňe oglan keýp alýarmyka? Öpüşmek zyýanlymyka?
Saýtyň okyjysy.
Jogaby oka

Salam, hormatly saýtyň lukmanlary! Aşgazany agyrýan erkek adamlara nähili zatlary iýip-içmeklik maslahat berilyar. Jogabynyza garaşýarys. Sag boluň!
Abdylla.
Jogaby oka

Salam, hormatly lukman! Men 18 ýaşymda köriçege boldum. Operasiýa bolanyma 4 aý geçdi. Indi bolsa birhili işdäm açylyp, öňkimden köp iýýän. Bu zatlar adaty ýagdaýmy? Men semremekden gorkýan. Jogabyňyza garaşýaryn.
Saýtyň okyjysy.
Jogaby oka

Salam, hormatly lukman! Meniň agam 2 gezek infarkt geçirdi. Şondan soň ol semränok. Ol nädip semräp bilerkä? Maslahat bermegiňizi haýyş edýärin. Jogabyňyza sabyrsyzlyk bilen garaşýaryn.
Minnetdarlyk bilen, saýtyň okyjysy.
Jogaby oka

Salam, hormatly lukmanlar we okyjylar! Meniň sag aýagymyň külembike we onuň ýanyndaky barmagymyň arasy, sag aýagymyň gyraky barmaklarymyň ýanlary bilen gijeýär. Bu gijelewükler käwagt hatda gijelerine-de ýatyrmaýar, käwagt bolsa hiç azar bermäýar. Aýaklarymy gyzgyn suwa salyp, janyma hoş ýakýar, gaşaýan ýerlerimiň derisi sypyrylýar. Bu nämeden beýle bolýarka? Men birki sany maz hem çalyp gördüm. Peýda etmedi. Bellemeli ýagdaýlaryň biri hem – men 4 ýyl harby ädikde gezdim. Şeýle ýagdaý şondan soň ýüze çykdy. Jogabyňyza sabyrsyzlyk bilen garaşýaryn.
Saýtyň okyjysy.
Jogaby oka

Salam, hormatly lukman! Ellerimde birki sany siňňil bardy we olar wagtyň geçmegi bilen köpelip başlady. Olara nähili bejergi almalydygyny maslahat bermegiňizi Sizden haýyş edýärin.
Saýtyň okyjysy.
Jogaby oka

Salam, hormatly lukman! Men häzir 23 yaşymda. Meniñ köplenç içim gataýar. Men köplenç senadeksin derman içýàn, bolmasa 6-7 gün täret etmän gezip bilýän. Iç gatama näme sebäplerden bolup bilýär?
Saýtyň okyjysy.
Jogaby oka

Salam, hormatly lukman! Dokuz aýlyk göwreli aýalyň gasygy agyrýar. Bu howplumyka?
Saýtyň okyjysy.
Jogaby oka

Salam, hormatly lukman! Men gije ýatanymda ukuda wagtym birden demim tutulýar-da, oýanjak bolup, oýanyp bilmän kösenip ýatýan. Şeýle ýagdaý "gara basma" keseli bolýarmy? Şeýle ýagdaýlarda men daş-töweregimdäki sesleri eşidýarin, meni biri oýandyrsa, tiz oýanýaryn, ýöne iç oýarmasa, kösenýärin we birden tisginip oýanýaryn. Gaýrat edip, şu ýagdaýdan saplanmak üçin degişli maslahatlary bermegi haýyş edýärin. Men dogrudan-da, Siziň maslaatyňyza mätäç, sebäbi bu ýagdaý meni gaty alada goýýar. Jogabyňyza sabyrsyzlyk bilen garaşýaryn.
Saýtyň okyjysy.
Jogaby oka

Salam, saýtyň lukmanlary! Nesip bolsa, ýene-de tomus geler. Onsoň öňden gelýän piwo içişlik hem başlar. Men henize çenli piwo içip göremok, ýöne içäýsem diýip pikirlenýarin. Onuň zyýany, eger bar bolsa, peýdasy, ony häýsy möçberde içip bolýandygy barada gürrüň berseňiz hoşal bolardyk.
Saýtyň okyjysy.
Hormatly okyjy!
Gadym zamanlardan bäri, piwo içgisine işdäňi açýan, fiziki ösüşi tijendirýän hem-de saglygy berkidýän serişde hökmünde seredipdirler.
Biziň döwrümizde piwo öz düzümi, tagamy, reňki we bedene edýän täsiri bilen has tapawutlanýan bolsa-da, barlagçylar onuň köpsanly taraplaryny belleýärler:
Jogaby oka