• Sorag-jogap

Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

ILKINJI GIJE

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 3.80 (405 Ses)

 

Salam, hormatly lukman! Men öz gelnimin saglygy barada alada edenim üçin şeýleräk sorag beresim gelýär. İlkinji gije gyzlyk perde ýyrtylandan soň jynsy gatnaşygyň ýygylygy nähili bolmalyka? Eger jynsy gatnaşykdan saklanmaly bolsa, wagty näçeräk bolmaly? Ýara bolup bilermi? Şu barada ginişleýin maglumat berseňiz hoşal bolardym.

Saýtyň okyjysy.

Jogaby oka

  • 126428 gezek okalan

MUMYÝA

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.00 (3 Ses)

Salam, hormatly lukman! Mumyýa haýsy ýagdaýlarda we nädip ulanylýar? Şular barada maglumat berseňiz hoşal bolardyk.

Saýtyň okyjysy.

Jogaby oka

  • 4073 gezek okalan

BEZZAT ÇAGA

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.44 (16 Ses)

 

Salam, hormatly lukman! Biziň çagalarymyz (biri 2 ýaşynda, biri 5 ýaşynda, biri hem 7 ýaşynda) gaty bezzat, garagol. Hiçimiziň diýenini edenoklar. Bularyň terbiýesine nähiliräk çemeleşsek gowy bolarka? Umuman, çaga terbiýesi barada peýdaly maglumatlar berseňiz, örän hoşal bolardyk.

Saýtyň okyjysy.

Hormatly okyjy!

Çaga terbiýesiniň soraglary barada Size has peýdaly maglumatlary lukmanlar däl-de, tejribeli mugallymlar, çaga psihologlary berip biler diýip pikir edýärin.

Çaga terbiýesi inçeden çylşyrymly, wagty, takatlygy, hemişe gözlegde bolmagy talap edýändir. Bu meselede her adamynyň öz durmuş, maşgala tejribesine esaslanan pikiri bolup biler.

Oňa garamazdan, çaga terbiýesiniň esaslary barada käbir maglumatlary bermäge synanyşyk edeliň:

Jogaby oka

  • 5312 gezek okalan

DEŇIZ TÜWÜSI

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (1 Ses)

 

Salam Lukman! Meni deňiz tüwüsi gyzyklandyrýar. Şol hakynda giňişleýin maglumat bermegiňizi haýyş edýärin. Ol halkyň arasynda giňden ulanylýar, hakykatdan hem, onuň saglyga peýdasy barmy?

Saýtyň okyjysy.

Jogaby oka

  • 4528 gezek okalan

IÇIMIŇ HAS KÖP ÝELLENMEGI

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.50 (2 Ses)

 

Salam, lukman! Meniň berjek soragym birza gödegräk. Dogrymy aýtsam, gňnüden-göni lukmana ýüz tutmaga utanýan. Meniň içim adatdan köp ýellenýär, içimiň ýelini goýbermesem, garnym çişip durýar. Munuň sebäbi nämekä? Bejergisi barmyka ýa-da bu tebigy zatmyka? Kömek edip, gerekli maslahatlary berseňiz, şu saýt üçin zähmet çekýänlerden razy bolardym. Jogabyňyza garaşýaryn.

Saýtyň okyjysy.

Jogaby oka

  • 4436 gezek okalan

SEKSUAL GATNAŞYK

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 3.60 (15 Ses)

 

Salam, hormatly lukman! Men hemişe aýalym bilen düşekde bolamda, 1-nji saparym örän çalt gelýär. 2-nji saparym bolsa wagty bilen bolanok, 1 sagatdan soň bolýar. Meniň seksual işjeňligim adatymy ýa nähili? Eger adaty bolmasa, men näme etmeli? 2-nji sapar bahym turar yaly näme etmeli? Men 24 ýaşymda.

Saýtyň okyjysy.

Jogaby oka

  • 9587 gezek okalan
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 3.71 (7 Ses)

 

Salam, eziz lukman! Meniň ujydymyň işjeňligi peseldi. Men öňem birnäçe gezek androlog lukmanyndan bejergi aldym. Bejergiden soňra gowulaşan ýaly bolýar-da,ýene-de beterleýär. Ozal sowukda gasygym agyrýardy, lukmana aýtsam, erkeklik mäzi sowuklapdyr diýdi. Indi sowuk bolsa-da, agyranok, ujydymyň dikelmesi kynlaşdy, gyjynmamam peseldi. Bu impotensiýanyň alamatymyka?

Merdan.

Jogaby oka

  • 6053 gezek okalan

E WITAMINI

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 3.33 (3 Ses)

 

Salam, hormatly saýtyň lukmanlary! Men E witamini hakynda bilmek isleýän. Bu barada käbir maglumatlary berip bilmersiňizmi? Bu witamin nirede duşýar (ösümlikler, iýmit)? Nähili peýdalanylýar? Nähili ýagdaýlarda ulanylýar? Onuň nähili peýdaly häsiýetleri bar?

Saýtyň okyjysy.

Jogaby oka

  • 4242 gezek okalan