
Hormatly lukman! Meniň doganymyň sag gasygynyň mäzi çişip dur. Şol bir bada sag aýagy hem çişýär. 2014-nji ýylda Aşgabatdaky Onkologiýa merkezinde dyzyny operasiýa etdirdi. Gijelerine agyryp hiç ýatyrmaýar. Nädip şondan gutulyp bolar?
Saýtyň okyjysy.
Jogaby oka

Salam lukman. Meniň durmuşa çykanyma 5 ýyl bolup barýar. Durmuşa çykanymdan 2 ýyl soň göwramde caga galdy. Göwreliligiň 9 aýyndan alanymda içimden sanjy tutup başlady we biz dogrum öýüne baranymyzda, çagamyň içimde ölendigini aýtdylar. Ondan bäri 2 ýyl geçdi, ýöne göwrämde çaga galanok. Onuň sebäbi nämeden bolup biler?
Saýtyň okyjysy.
Jogaby oka

Salam saýtyň hormatly lukmanlary. Men siziň ýazýan ähli makalalaryňyzy gyzyklanma bilen okaýaryn. Hormatly lukman, meniň size soragym bar. Men 24 ýaşymda, 5-6 ýyl bäri masturbasiýa bilen meşgullanyp geldim. Täzelikde bolsa öýlendim. Öýlenenime 3 aý boldy. Gelnimde çaga galanok welin bu masturbasiýa bilen köp meşgullanmagymyň netijesimikä?! Masturbasiýa bilen köp meşgullanmak dölüň hilini peseldip bilermi? Mümkin bolsa şu soraglaryma jogap bermegiňizi haýyş edýärin.
Saýtyň okyjysy.
Jogaby oka

Salam lukman. Men 28 ýaşymda, durmuşa çykanyma hem 8 aý boldy. Göwrämde çaga galanok. Lukmana görnüp, USB-dan geçdim. Mende aýal jyns agzalarynyň sowuklamasynyň we ýumurtgalyklarda kistanyň bardygyny aýtdylar we bejergi bellediler. Men metronidazol, azitromisin, flukonazol, dýufaston, bioselak dermanlaryny ulandym, ýöne entek netijäni göremok. Kista bolsa hem çaga galyp bilermikä?
Saýtyň okyjysy.
Jogaby oka

Salam lukman. Men 2 aýlyk göwreli. Meniň göwüslerim agyryp, kä ýerleri gataýar. Bu meniň göwreliligim bilen bagly alamatlarmyka?
Saýtyň okyjysy.
Jogaby oka

Salam lukman. Meni gyzyklandyrýan soraga jogap bermegiňizi haýyş edýärin. Menin gan toparym rezus otrisatel. Hazir çagamy göwüsden emdirýarin. Bu çagam üçin zyýanlymy?
Saýtyň okyjysy.
Jogaby oka

Salam lukman. Mende II derejeli diffuzly zob keseli bar. Sport bilen meşgullanmasam özümi ejiz, güýçden düşen yaly duýýan. Sport bilen meşgulllansam hem gözlerim top ýaly çişýär. Meniň name etmelidigim barada maslahat berseňiz hoşal bolardym.
Saýtyň okyjysy.
Jogaby oka

"Hormatly lukman! Men adaty däl jynsy gatnaşyklaryň, ýagny anal we oral jynsy gatnaşyklaryň hem bardygy barada eşidýärin. Olary geçirme saglyk üçin zyýanly dälmi? Geň we utanç bolup görünýän ýaly bolsa hem, şeýle sorag berenime geň galman, jogap bermegiňizi haýyş edýärin".
Saýtyň okyjysy.
"Hormatly lukman! Anal jynsy gatnaşyklar zyýanlymyka? Meni aýalym bilen şu sorag gyzyklandyrýar".
Saýtyň okyjysy.
Jogaby oka

"Salam lukman. Meniñ 2 aýlyk çagam bar. Çep göwsüm bilen emdirip bilemok, emdirsem tirse-tirse ýarylýar we emzik içine gidýär. Bu nämeden şeýle bolup biler? Ýöne göwsümde gatylyk ýok. Men çaga emdirýän döwrüm bejergi alyp bilerinmi?"
Saýtyň okyjysy.
Jogaby oka

"Salam lukman! Meniñ ejem 1972-nji ýylda doglan. Ol aýbaşysynyñ bozulyp, içiniň agyrmagy sebäpli ultrases barlagyny geçirdi. Ejemde 1,5 sm. ululykda ýatgynyň miomasyny anykladylar. Bejergi üçin himiki derman serişdelerini ulanman, 3 aýlap ot-çöplerden (lopuh, boýdane hem-de böwrek üçin niýetlenen otlar) ýasalan dermanlary içdi. Şolaryň miomanyň kiçelmegi ýa-da aýrylmagy üçin peýdasy barmy?"
Saýtyň okyjysy.
Jogaby oka