
Salam hormatly lukman! Siziň 2012ýylda saýtda ýerleşdiren "ERKEGIŇ TOHUM SUWUKLYGY WE KOSMETIKA" atly makalaňyzda "kosmetiki kremlere ökuzun tohum suwuklygy goşulany sebäpli, ony yaşlara ulanmak bolmayar" diýlip ýazylypdyr. Men suwdan cykyp "Oriflame" firmasynyň kremini ayaklaryma, ellerime, dodagymyň töwereklerine çalýaryn. Bu krema "для тело" krem diýýarler. Bu kremde hem tohum suwuklygy bolup, ol zyýanlymyka?. Gyş günleri derimiň guraýandygy sebäpli Eyranyň "BAYRAM" kremini ulanýaryn. Bu krem hem zyýanlymyka? Şeýle-de, maňa haýsy tonal kremleri maslahat berip bilersiňiz? Şu wagta çenli "Oriflamyň" tonal kremlaryny ulandym. Ýüzüm durudy, indi düwürtik çykyp başlady. Berjek maslahatyňyz uçin minnetdar.
Saýtyň okyjysy.
Jogaby oka

Salam lukman! Häzirki döwürde Türkmenistanda rak keseli köpelip başlady. Internetde bedeniň turşulygyny azaltmagyň hasabyna keseli bejermek barada maglumatlar köpelip başlady. Şu barada türkmen okyjylaryna türkmen dilinde maglumat beräýseňiz.
Saýtyň okyjysy.
Jogaby oka

Salam hormatly lukman! Meniň ejemiň ökje süňki etiniň içine ösyär, onuň yöremesi gaty kyn, ökjesi agyryar. Şeyle yagdayda näme etmelikä? Maslahatyňyza mätäç. Sag boluň!
Saýtyň okyjysy.
Jogaby oka

Salam hormatly lukman! Men 19 ýaşymda. Özüm hem 5 aýlyk göwreli. Göwreliligiň 3 aýlygynda USB-ny geçenimde, maňa "ýatgynyň tonusy ýokary" diýen netijäni berdiler. Lukman maňa dýufaston dermanyny belledi. Ýaňy ýakyn hem lukmanyň barlagyna baryp, hajathana ýygy gatnaýanlygyma arz edenimde, maňa ýene dýufaston we magneB6 dermanyny kabul etmegi maslahat berdi. Bu ýagdaý gorkulymyka?Meniň käwagt başym aýlanyp, ysgynym hem gaçýar. Bu alamat bolsa nämeden döreýärkä? Ondan başga-da, men näçe wagt hereket etmeli we nähili dynç almaly, nähili iýmitlenmeli? Şu soraglara jogap berseňiz, sizden hoşal bolardym.
Saýtyň okyjysy.
Jogaby oka

Salam lukman! Men 21 ýaşymda. Ýygy-ýygydan dodagymdan uçuk çykýar. Uçuk öň dodagymdan çykýan bolsa, indi ol onuň töweregine hem ýaýraýar. Uçuk çykanda boýnumyň aşagyndaky mäzler hem ulalýar. Indi birnäçe ýyldan bäri olaryň döremesi ýygylaşyp, olar gurandan soň, dodagymyň derisi soýlup dur. Men uçuklaryň yzyny aýyrmak üçin nämeler etsem gowy bolarka? Mende uçuklaryň çykmagy içimiň gyzmasyndanmyka?
Saýtyň okyjysy.
Jogaby oka

Salam hormatly lukman! Meniň kakam 1966-nji ýylda doglan. Onuň eliniň derisi ak tegmiller bilen örtüldi. Lukmanlar kakamyň bagrynda gurçugyň bardygyny anyklap, derman ýazyp beripdirler. Kakam şol dermany hiç ýerden tapmandyr. Dermanyň ady Immunomodal. Şol dermany nirden tapmalydygyny aýdaýsaňyz sizden hoşal bolardym.
Saýtyň okyjysy.
Jogaby oka

Salam lukman! Meni aşgazan we öt agyrylary biynjalyk edýär. Köplenç ýüregim hem bulanyp, başym hem aýlanýar. Şeýle-de, içim hem suw ýaly geçip başlady. Damja görnüşli sanjym alsam, biraz ýagdaýym gowulanýar, ýöne biraz wagtdan ýene hemme zat gaýtalanýar. Bu nämedenkä? Maňa siziň maslahatyňyz gerek.
Saýtyň okyjysy.
Jogaby oka

Hormatly lukman! Men lukmanyň barlagyndan geçenimde, olar bu keselimden gutulmajagymy aýtdylar. Men 22 ýaşymda. Meni boýnumda C6 oňurganyň ösüntgisiniň gylçyk ýapgyt şekilli könelişen döwügi, boýnuň osteohondrozy, döş oňurgada IX-X we X-XI oňurgaara diskleriň protruziýasy we XI oňurganyň ingisi, pilçäniň gyşarmasy, bil bölümiň osteohondrozy biynjalyk edýär. Oturamda bilimde we döşde güýçli dartgynlylyk güýjeýär. Men bu keselleri 19 ýaşymda tapdym. Men olardan dynyp bilmezmikäm? Maňa peýdaly maslahat bermegiňizi haýyş edýärin.
Saýtyň okyjysy, Şarif Halmuradow.
Jogaby oka

Salam hormatly lukman! Meniň 63 ýaşymda mamam bar. Indi köp ýyldan bäri, mamam dyzynyň iç ýüzünde döreýän agyrydan ejir çekýär. Hatda Mollagara şypahanasynda hem bejergi alyp gördi, emma haýry degmedi. Şu mesele barada berip biljek maslahatyňyz bar bolsa, bize kömek etmegiňizi sizden soraýarys.
Saýtyň okyjysy.
Jogaby oka

Hormatly lukman! Meni anginanyň beterleme ýagdaýlary biynjalyk edýär. Bejergi alsam hem peýdasy degenok. Ýene beterleýär. Indi ýüregimde işemiýa bar diýip hem aýtdylar. Lukmanlar operasiýa etmeli diýýärler. Men bolsa gorkýaryn. Başga bejergi usullary barmyka? Maňa maslahat bermegiňizi haýyş edýärin.
Saýtyň okyjysy, Suraý.
Jogaby oka