Salam hormatly lukman! Men 18 ýaşymda. Maňa lukman warikosele kesel kesgidini goýup, operasiýa etmelidigini aýtdy. Men operasiýa etdirmäge gorkýaryn, maşgalam hem göwnänok. Bu keseli dermanlaryň kömegi bilen bejerip bolmazmy?
Saýtyň okyjysy.
Salam lukman! Men Size şeýle sorag bilen ýüzlenmekçi. Ýakynda mende warikosel keselini anykladylar. Köp ýörämde erkeklik agzalarym agyrýar. Özüm hem entek öýlenmedik. Meniň eşidişime görä, warikosel önelgesizlige getirýämiş. Bu dogrumyka?
Saýtyň okyjysy.
Salam hormatly lukman! Men warikosele sebäpli operasiýa etdirdim. Operasiýadan soň berjaý etmeli düzgünler barada aýdaýsaňyz minnetdar bolardym. Ondan soň näçe wagtlap jynsy gatnaşyklary geçirmeli dälkä?
Saýtyň okyjysy.
Dowamy

Hormatly lukman! Men 20 ýaşymda. Men kelle çanagynyň içki basyşynyň ýokarlygyndan kösenýärin. Her 6 aýdan bejergi alýaryn. Özümiň sport bilen meşgullanasym gelýär, ýöne kämahal ylgamda kelläm agyryp başlaýar. Maňa sport bilen meşgullanmak bolýarmy? Eger bolýan bolsa, haýsy görnüşlerini maslahat berersiňiz.
Saýtyň okyjysy.
Jogaby oka

Hormatly lukman! Saýtda pedofiller we lesbiýler barada makala çap etmäne goýmagyňyzy haýyş edýärin. Biziň jemgyýetimiz, esasan hem ýaşlar şundan dogry netije çykararlar öýdemok. Siziň işiňizde üstünlik dileýärin.
Saýtyň okyjysy, Dawid Dawidow.
Jogaby oka

Salam hormatly lukman! Men 23 ýaşymda. 2 sany çagam bar, kiçisi 3 ýaşynda. Ýoldaşym çaga edineli diýip goýanok. Men bolsa bir uly hojalygyň gelni, kiçi çagalarym hem bar. Şonuň üçin göwrelilikden goranyp, spiral goýdurmak isleýärin. Aýbaşym wagtynda gelse-de, aýbaşynyň üstüne görme gorkusy meni alada goýýar. Men bejergi almazdan ýatga spiral goýduryp bilerinmi?
Saýtyň okyjysy.
Jogaby oka

Hormatly lukman! Men 53 ýaşyndaky aýal maşgala. Aýaklarymyň damarlary agyrýar. Lukmanlar operasiýa etmegi maslahat berdiler. Ýöne men operasiýa etdirmekden gorkýaryn. Siz maňa nähili maslahat berip bilersiňiz?
Saýtyň okyjysy, Maýagözel.
Jogaby oka

Salam saýtyň lukmanlary we administrator! Lukman meniň size berjek sowalym keramikadan ýasalan, emeli dişler barada. Meniň 3 sany alyn dişlerimiñ çüýrän ýerleri bar. Indi şolary sogurdyp, ýerine keramiki dişleri goýdursam, hakyky dişiň ýerini tutyp bilermi? Gatyrak zatlary meselem, alma, käşir ýaly önümleri kynçylyksyz iýip bolarmy? Gysgajyk bolsa-da, maslahat beräýseñiz minnetdar bolardym.
Saýtyň okyjysy.
Jogaby oka

Salam lukman! Ýürek bilen böwrek çişleriniň aratapawudyny düşündirip berseňiz Sizden hoşal bolardym.
Saýtyň okyjysy.
Jogaby oka

Salam lukman! Men 21 ýaşymda. Kelläm agyryp, kompýuter barlagyndan geçdim. Maňa "Kelle çanagynyň gipertenziýasy" diýen kesel kesgidini goýdular. Ol nämekä? Jogap bermegiňizi haýyş edýärin.
Saýtyň okyjysy.
Jogaby oka

Salam hormatly lukman! Men 20 ýaşymda. Bir ýyl öň göwsümde çişiň barlygyny ýüze çykardym. Entek lukmana ýüz tutamok. Aýbaşym gelmezden 1-2 gün öň göwsümde agyry döräp, ol kiçelen ýaly bolýar. Men dürmuşa çyksam bolarmyka? Meniň ömrüm üçin ol howply dälmikä?
Saýtyň okyjysy.
Jogaby oka

Göwrelilik döwründe gazly mineral suwuny içesim gelýär. Çaga zyýany barmyka? Jogap berseňiz hoşal bolardym.
Saýtyň okyjysy.
Jogaby oka