
Salam, hormatly Lukman! "Gyzyl meý" näme: arakmy, piwomy ýa-da şerapmy? Şuny aýdyňlaşdyryp, onuň saglyga edýän täsiri barada aýtsaňyz hoşal bolardym.
Hormat bilen, Şatlyk.
Jogaby oka

Salam, hormatly Lukman! Meniň inimiň çagasy bolmaýanlygy üçin androlog lukmana ýüz tutduk. Lukman oňa "Aspermiýa" diýip kesel kesgidini goýupdyr. Lukmanlaryň görkezmesi boýunça birnäçe gezek bejergi aldyk, emma peýda bermedi. Inim 2004-nji ýylda talyp wagty ýumurtgalyklarynyň gyzaryp çişendigini we Wişnewski melhemi bilen çişini köp wagtyň dowamynda gaýtarandygyny maňa aýtdy.Men ol diagnozy Orhit diýip hasaplaýaryn. Birnäçe gezek antibiotikler bilen bejergi alandygyna garamazdan, täzeden barlaga baranda şol öňki diagnozy. Kemsinýär, kiçelýär, iýeni ýüzüne çykanok. Gan analizinde Toksoplazmoz ýaly ýa-da başga wirus ýok. Şol keseliň spermatogrammadan başga analiz usuly, tohum geçirýän damarlaryň, ýumurtgalygyň başgaça usullaryny we bejergisini maslahat berseňiz Size minnetdar bolardyk!
Saýtyň okyjysy.
Jogaby oka

Salam, Lukman! Gormonal dermanlary saglyk ýagdaýyna zerur bolup ulanylanda, olar adamy semredip bilermi? Semretmez ýaly näme çäre görüp bolýar? Jogabyňyza sabyrsyzlyk bilen garaşýan.
Owadan.
Jogaby oka

Salam, lukman! Men 18 ýaşymda. Meniñ dilim günde gaýnayar. Nahar iýip bilemok. Pomidor we hoz iýsem beterleyar. Soñ ýakyn dogan-garyndaşymyz ýumurtganyn sarysy bilen nowakaýin garyp çalmaly diýdi. Menem edil aýdyşy ýaly etdim, ýöne hiç hili täsir etmedi. Şony nädip gaýnamaz yaly edip bolýar? Edilýän belli bir emi barmyka?
Saýtyň okyjysy.
Jogaby oka

Salam, lukman! Gelnim üç aýlyk göwreli. Ol içimden bir zat tutýar diýensoň, ony hassahana äkitdik. Lukmanlar oňa waginal barlagy geçirmesek, hiç zat aýdyp bilemzok diýip, hassahana kabul etmediler. Biz waginal barlagyny geçirmäge gorkup, ony hassahana salmadyk. Waginal barlagyň zyýany barmy?
Saýtyň okyjysy.
Jogaby oka

Salam, lukman! Maşgala gurlanda gyzyň gan topary otrisatel, oglanyň gan topary poližitel bolanda nähili kynçylyklar döräp bilýär? Gan topary otrisatel bolan aýalyň göwrelilik döwründe nähili kynçylyklar bolar? Onuň çagasy düşüp bilermi? Umuman, şu meseläni aýdyňlaşdyryp beräýseňiz, hoşal bolardym.
Saýtyň okyjysy.
Jogaby oka

Salam, Lukman! Ýaş oglanlar myşsa agramyny artdyrmak üçin protein serişdelerini kabul edýärler. Şu dermanlaryň gelejege zyýany barmyka? Soňra adam garranda myşsalar gowşap eremezmi? Men proteiniň adam bedeni üçin wajypdygyny we onuň az mukdarda bolýandygyny bilýärin. Ýöne proteiniň haýsydyr bir zyýany barmyka?
Saýtyň okyjysy.
Jogaby oka

Salam, lukman aga! Meniň hiç işdäm ýok. Tomusdandyr diýseňiz-ä, gyşyna-da ýagdaý şeýle. Şonuň üçin-de gaty hor. Deň-duşlarymyň ýanynda gaty kiçi görünýärin. Men dostlarym bilen kafede bile oturyp iýip-içenimizde, olar 5 minutda iýseler, men 15 minut giç gutarýaryn. Men köp iýmäge şunça jan etsem-de, iýip bilemok. Işdämi gowulandyryp, semrär ýaly name çäre barka?
Saýtyň okyjysy.
Jogaby oka

Salam, lukman! Menin bir dostum bar. Ol 18 ýaşynda bolsa-da, durmuşa çynlakaý garanok. Ol psihiki taýdan sagdyn. Şony nädip agras edip bolarka?
Saýtyň okyjysy.
Jogaby oka

Salam, lukman! Ogul ýa-da gyz çaganyň bolmagyna kömek edýän usul barmyka?
Saýtyň okyjysy.
Jogaby oka