• Sorag-jogap

Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

TAHIKARDIÝANY NÄDIP BEJERMELI?

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.50 (4 Ses)

Salam, gadyrly lukman!

Ilki bilen şeýle saýty gurnan administratorlara we olar bilen hyzmatdaşlyk edýän lukmanlara minnetdarlygymy bildiresim gelýär. Men öz saglyk meseläm boýunça size ýüz tutýaryn: maňa ýürek tahikardiýasy we gipoksiýasy diýip kesel kesgidini goýdular. Men 26 ýaşymda, durmuşa çykmadyk. Ýokarda agzalan diagnoz meni ýarym ýyl bäri köseýär. 1 ýyl mundan öň newroz keseline duçar boldum, onuň bejergisini alyp gutuldym. Ýöne meniň şu wagtky ýagdaýyma şol keseliň täsiri barmyka öýdýän. Ýüregim rahat ýagdaýda minutda 104 gezek, işleýän wagtym 120 gezek urýar. Ýüregimiň nädogry işlemesi edil şu wagt o diýen bildirmese-de, soňunda bir oýny bolaýmasyn diýip howatyrlanýaryn. Ýüregim aram-aram edil gursagymdam çykaýjak ýaly bolup urýar. Ýüregimiň çalt urmasy üçin diňe korwalol içýärin, entek başga bejergi alamok. Şonuň üçin-de, ýüregimiň tahikardiýasyny we gipoksiýasyny bejermek üçin bir bejergini salgy berseňiz, bu keseliň haýsy sebäplere görä döreýändigini aýtsaňyz, sizden köp hoşal bolardym. Işiňizde üstünlik arzuwlap, jogabyňyza sabyrsyzlyk bilen garaşýaryn.

Saýtyň okyjysy.

Jogaby oka

  • 4038 gezek okalan
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (1 Ses)

Salam, lukman! Men 17 ýaşymda. Harby gulluga hasaba alyşdan geçenimde, mende ýasydabanlylygyň bardygyny aýtdylar. Ýasydabanlylyk nämeden döreýär? Ony nädip bejermeli?

Saýtyň okyjysy.

Jogaby oka

  • 3925 gezek okalan
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.27 (51 Ses)

Hormatly lukman! Göwredäki çaga 1 aýdan 9 aýa çenli nähili ösýärkä? Oňa näçe aýda jan girýär? Ol haçan hereket edip başlaýar? Şu zatlar barada gürrüň berseňiz, hoşal bolardyk.

Saýtyň okyjysy.

Jogaby oka

  • 39654 gezek okalan
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.75 (8 Ses)

Hormatly Lukman! Ganazlygy bejerip, immuniteti nädip ýokarlandyryp bolarka? Men ýygy-ýygydan keselleýärin. Dürli lukmanlara ýüz tutanymda, olar maňa: "Seniň immunitetiň pes, ganyňam az" diýdiler. Olar maňa gök önümleri köpräk iýmegi, dermanhanadan "Immunal" atly dermany satyn almagy maslahat berdiler. Men olaryň maslahatyna eýersem-de, bu çärelerden haýyr tapmadym. Şonuň üçin-de, Size öz meseläm boýunça ýüz tutýaryn: Siz immuniteti galdyrmaklygyň we ganazlygy bejermekligiň aýratynlyklary barada has giňişleýin ýazyp bilmersiňizmi? Men name üçin ýygy-ýygydan keselleýärkäm?

Saýtyň okyjysy.

Jogaby oka

  • 6096 gezek okalan
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 3.99 (99 Ses)

Salam Lukman! Men köp wagt wagt bäri ýüzüme çykan ýakaldan kösenýärin we ony aýryp bilmeýärin. Men barlaglardan geçdim: bagrymda, mäzde, öt haltada üýtgeşik keselim ýok. Ýüzde dörän ýakaly nädip aýryp bilerin? Ýakaly aýyrmak üçin nähili serişdeler ulanyp bolar? Ony aýyrmagyň usullary barasynda, ýakalyň çykmagyna sebäp bolýan alamatlar barasynda giňişleýin ýazsaňyz Sizden hoşal bolardym.

Saýtyň okyjysy.

Jogaby oka

  • 43666 gezek okalan
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (2 Ses)

Salam, hormatly saýtyň lukmany! Men trenažora gatnaýan. Gatnap ýörenime köp wagt boldy, ýöne täzeden bäri türgenleşenimde ýeňsämiň damary çekýär. Munuň sebäbi nämekä? Öň beýle bolanokdy, indi sähelçe agram bersem, damary çekip dur. Jogabyňyza garaşýaryn.

Saýtyň okyjysy.

Jogaby oka

  • 3460 gezek okalan