
Salam lukman! Men daşary ýurtda okayan we her ýyl öye gidip okaýan ýurduma gaýdamsoň bilimiň geliş tertibi üýtgeýär. Ýöne bu gezek 4 ay bilimiň gelmändigi sebäpli ciklodinon gerdejigini kabul edemsoň aýbaşym 1 hepde geldi. Indi hem ýene 2 aýlap gelmänsoň men USB-ny geçdim. Maňa "nedostatoçnost 2 fazy" diýen kesel kesgidini goýdular. Bu nämäni aňladýarka we men nähili bejergi almaly bolaryn?
Saýtyň okyjysy, Aýläle.
Jogaby oka

Salam hormatly Lukman! Men indi ençe ýyldyr burnumyň dykylmasyndan ejir çekýän. Öňler diňe dümewlämde dykylardy, indi iki-üç ýyldyr hemişe diýen ýaly gaýtalanýar. Ys almam pese düşdi. Kawagtlar (gyş aýlary ýa-da sowuklamada) burnum bilen düýbünden dem alyp bilemok. Her pasyl çalşanda burnum ganaýar (esasan hem sag tarapy). Bu barada siziň maslahat bermegiňizi haýyş edýärin. Munuň sebäplerini we bejergi çärelerini giňişleýin aýdaýsaňyz. Özüm 18 ýaşymda, entek bu barada hiç bir lukmana ýüz tutup görmedim.
Saýtyň okyjysy, Amannazar.
Jogaby oka

Salam hormatly lukman! Men 19 ýaşyndaky oglan. Men akyl diş zerarly ejir çekýän. Ilkinji akyl diş çykanda kän bir agyry duýulmady. 2-nji akyl diş maña ejir baryny çekdirýär. Diş etlerim çişip, ýüzümiñ bir tarapy semrän ýaly, gije gözüme uky gelenok. Ýarysy çykdy, ýene ösmegini dowam edýär.. Agyrsyna çydar ýaly däl. Siz maña näme etmelidigni maslahat beriñ. Diş etimi kesdirmelimi ýa-da başga çäreleri barmy? Ýene bir sorag, akyl dişi çykýan mahaly ýada çykyp bolansoñ sogurtmagyň zyýany barmy?
Saýtyň okyjysy Baky.
Jogaby oka

Salam lukman! Men sportuň her dürli görnüşleri bilen mesgullanýan. Sport bilen meşgul bolanymdan soňra göbekden asak gidýän dogry damarlarym cekýär we meni hereketsiz ýagdaýda goýýar. Damar çekme geçýänçä eglip oturmaly bolýaryn. Şeýle ýagdaý mende 5 ýyla golay dowam edýär. Men geçen ýyl lukmanyň ýanyna bardym we lukman meniň peşewimi barlap, onuň arassalygyny aýtdy. Soňra ol meniň gobegimi öz barmagy bilen basdy welin, mende damar cekmesi başlandy. Şonda mana lukman: "Seniň göbek bogunyn gowşapdyr" diýdi we tebibe baryp göbegimi daňdyryp (halk içinde içiňi daňdyr diýýärler) görmelidigini maslahat berdi. Men gidip daňdyrdym. Dogrumy aýtsam mende damar cekmesi oňküsine garanda azaldy, yone hazirem cekmesini dowam edýär. Sizin pikiriňizçe, men name etmeli?
Saýtyň okyjysy.
Jogaby oka

Salam Lukman! Mende soňky 1 ýyl töweregi sag pilçämiň myşsalarynda agyry bar. Beter agyryp baranok, ýöne hiç aýrylyp hem gitmeýär. Meselem, dik durup boýnumy öňe we aşak doly egsem, agyrýar, şol myşsalar dartylýan ýaly. Özem birhili ýiti agyry döreýär. Muňa näme sebäp bolduka we nädip agyrsyny aýryp bolarka? Men öň şol tarapyma ýassyga ýaplanyp kompýuteriň başynda köp oturýadym. Göwnüme bolmasa, agyrylar şol wagt başlanan ýaly.
Saýtyň okyjysy.
Jogaby oka

Salam, hormatly lukmanlar! Türkmen halkynyň ýaşaýyş medeniýetinde müňlerçe yrymlara duş gelinýär. Käbirleri lukmançylyk taýdan tassyklanýan bolsa, käbirleri lukmanlarda gülki döredýär. Meniň şeýle soragym bar. Ýaşy uly zenanlarymyz aýala çaga doguran badyna uklamagy gadagan edýärler. Eger derrew uka gidäýse, aýal maşgalanyň psihikasyna zeper ýetýärmişin. Şu toslamamy ýa-da hakykat? Jogabyňyza öňünden minnetdarlygymy bildirýärin.
Saýtyň okyjysy.
Jogaby oka

Salam. Men 19 yaşymda, özüm hem 6 aýlyk göwreli. 4 aýymy doldurup (18 hepdelik) USB-ny geçdim. Şonda göwrämdäki çaganyn gyzjagazdygyny aýtdylar. Meni gyzyklandyrýan zat- şol möhletde çaganyň jynsyny anyk bilip bolýarmy?
Saýtyň okyjysy.
Jogaby oka

Salam hormatly saýtyn lukmany! Menin ýüzümin kabir ýerlerinde gara hemem uly tegmiller bar. Men ýüzümdäki gara uly tegmilleri nahili aýryp bilerin?
Saýtyň okyjysy.
Jogaby oka

Salam hormatly lukman! Men 15 yaşymda. Kiçi wagtym ýykylyp maňlaý dişlerimin yokarkysyndan ikisini dowdürdim we sogurtdym. Menin özüm boksa gatnaýan. Eger men sol sogurdan maňlay dişlerimi saldyryp boksa gatnasam, onda ol dişler gaçarmy yada gaçmaz? Şu hakda maslahat bermegiňizi sizden haýyş edýärin.
Saýtyň okyjysy.
Jogaby oka

Salam Lukman! Jynsym oglan, özüm hem öýlenmedik. Men çaga wagtymda (4-8 yaş aralygynda) 1-2 gezek hapgyrtma keselini geçirdim. Adamlaryñ aýdyşlaryna görä, hapgyrtma çykaran adam önelgesiz galýar, ýagny çagasy bolmaýar. Indi men näçe ýyl bäri şu barada pikirlenip gelýärin. Dogrudan hem hapgyrtma geçiren adam önelgesiz galýarmy hem-de bu kesel adamda nämeden döreýär?
Saýtyň okyjysy.
Jogaby oka