• Sorag-jogap

Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

AÝYŇ AŞAGYNDAKY GEZELENÇ

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.48 (23 Ses)

Salam saýtyň lukmanlary!

Men 15 yaşymda. Mana lunatikler barada aýdyp bermegiňizi haýyş edýärin. Men agşam yatyrkam ýerimden turup ýöreýandigim hakynda öýdäkiler aýdýarlar . Ýöne ertir tursam beyle zatlaryň bolup geçeni ýadyma düşenok. Bu keselmikä?

Onuň zyýanly taraplary barmyka?

Nadip bu zatdan dynyp bolarka?

Mumkin bolsa maslahat bermegiňizi haýyş edyärin. Sag boluň.

Saýtyň okyjysy, Abdulla.

Jogaby oka

  • 5166 gezek okalan

OBLEPIHA ÝAGYNYŇ PEÝDASY

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.57 (7 Ses)

Salam saytyn lukmanlary! "Оblepiha ýagy" diýilýan ýagyn nahili peýdaly taraplary barka? Onun gyzylödekde dörän eroziya hem peýdasy barmyka? Şu soragymyza jogap berseňiz sizden gaty hoşal bolardyk.

Saýtyň okyjysy, Abdulla.

Jogaby oka

  • 3951 gezek okalan
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.14 (7 Ses)

Hormatly lukman! Aýal maşgala çagany dogrup bilmedik ýagdaýynda kesar kesimi operasiýasy geçirilýär. Şeýle operasiýadan soň aýal maşgala nace gezek göwreli bolmak rugsat berilyär? Meni ýene bir sorag gyzyklandyrýar: eger ýatgyň agzy iki bolsa zyyany barmyka we bu lukmançylykda bolýan zatmy?

Saýtyň okyjysy.

Jogaby oka

  • 5300 gezek okalan

BEDENDÄKI GYLLAR

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 3.86 (7 Ses)

Salam hormatly lukman! Menin size ýüzlenmegimin esasy sebabi, menin endamymda gyllaryn mukdarynyň gaty köplüginiň meni biynjalyk etmegidir. Men şol gyllary aýryp bilerinmi? Eger bolyan bolsa maslahat bermeginizi haýyş edyärin.

Saýtyň okyjysy.

Jogaby oka

  • 5489 gezek okalan

GÖBEK GANYNY SAKLAÝAN BANK BARMY?

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 3.67 (3 Ses)

Salam hormatly lukman! Ÿañy-ÿakynda sütünli (stwolowoÿ) öÿjükler barada gyzykly bir maglumata satašdym. Šol barada umumy maglumaty öz saýtyňyzda ýerleşdirseňiz hem gyzykly bolardy. Meniñ soragym bolsa šeÿle: Türkmenistanda çaganyñ göbek ganyny saklaÿan bank barmy? Jogabyñyza sabyrsyzlyk bilen garašÿaryn. Köp sagboluñ.

Saýtyň okyjysy

Jogaby oka

  • 3720 gezek okalan
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 3.85 (26 Ses)

Salam lukman! Men gowreli gelin. Gowrelilik döwri mende agyr geçýär. Şeyle bolsa-da 37 hepde yzda galdy. Indi az wagtym galdy. Göwrelilik başlanandan bari gan azlylyk I derejede, gipertonus, bowreklerimde kemçilik, sag aýagymda warikoz damarlaryň çykmagy biynjalyk etdi. Lukmanyň ýanyna ýygy-ýygydan barýan we bellän bejergilerini doly alýaryn. USB-yň netijeleri: yatgynyň çep arteriýasynda gan aýlanşygynyň bozulmagy. Göwrelilik 36-37 hepde. Suwy gomogen, ýoldaşy yzky diwarda, suwy kadaly, düwünçek 1 sany, çaga dogulys synasy kelleleýin, ýürek urgusy 144, ýoldaşynyn galyňlygy 3,5 sm. Netije: ýatgy-ýoldas gan aýlanşygynyn bozulmagynyň I A derejesi. Şeýle netije bilen, eger howply bolmasa men keselhana yatmakçy dal. Umuman gan aylanşygyň bozulmagy name? Bu barada düşündiraýseňiz! Bilşiňiz ýaly, 2 hepde ýaly wagtym galdy. Eger hiç bir howply zady bolmasa, men dogrum wagtyma çenli öyde galmakçy. Sizin jogabyňyza sabyrsyzlyk bilen garaşýaryn.

Saýtyň okyjysy.

Jogaby oka

  • 15304 gezek okalan