• Sorag-jogap

Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.13 (548 Ses)

Tebigat Zenany hoşboý ysly güllerden, daglaryň ak garyndan, bullurdap akýan çeşme suwundan ýasap, oňa öz reňkleriniň iň gowsuny peşgeş beren bolmaly. Zenan näz-kereşmesi, ejizligi, mähirliligi ony şeýle syrly edip görkezýän bolsa, onuň gözelligi, beden syraty erkek adamlary özüne maýyl edýär.

Zenan bedeniniň gözelligi we syrlylygy şahyrlar tarapyndan wasp edilip, aýdymdyr-şygyrlarda öz beýanyny tapan bolsa-da, zenan päkligini we gyzlyk mertebesini görkezýän gyzlyk perde baradaky soraglar elmydama üns merkezinde bolmagynda galýar.

Gyzlyk perde... Syrlylygyň, buýsanmalaryň, oýlanmalaryň, ynanmazlygyň, jedelleriň gözbaşy. Geliň onuň bilen baglanşykly, lukmana has ýygy berilýän soraglaryň üstünde durup geçeliň.

Dowamy

  • 174120 gezek okalan

ÝÜREK BULANMANYŇ SEBÄPLERI

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 3.50 (10 Ses)

Hormatly lukman! Men häzir 25 ýaşymda. Ertir irden ukydan turamda dine ýüregim bulanýar. Maşyna münsem hem şeýle ýagdaý gaýtalanýar. Şuňa çäre ýokmuka?

Saýtyň okyjysy.

Jogaby oka

  • 5157 gezek okalan
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 3.75 (8 Ses)

Salam lukman! Heläkçilige uçranyňdan ýa-da şuňa meňzeş ýagdaýlardan soň, näme sebäpden teniňde gögeren tegmiller emele gelýärkä? Ony çalt aýyrmagyn usullary barada aýdyp geçäýseňiz.

Saýtyň okyjysy.

Jogaby oka

  • 4613 gezek okalan
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.67 (6 Ses)

Salam hormatly Lukman! Biz gelnim bilen siziň saytyňyzy uly höwes bilen okaýarys. Meniň gelnim ilkinji göwreliligiň 29-njy hepdesinde. Ol sag böwreginiň dowamly agyryandygyny aýdýar. Şeyle ýagdaýda nähili bejergi almalyka? Maslahatyňyz üçin sag boluň!

Saýtyň okyjysy.

Jogaby oka

  • 5322 gezek okalan
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 3.71 (59 Ses)

Salam lukman! Men 32 ýaşymda, aýalym bolsa 28 ýaşynda. Biziň maşgala guranymyza 3 aý bolsa-da, men aýalym bilen jynsy gatnaşygy başlap bilemok. Ol gorkýar, gaçýar ya-da meni islemeýär. Bu barada hiç kime aýdyp hem bilemzok. Hiç hili bejergi ýa-da derman almadyk. Maslahatyňyz bilen kömek bermegiňizi haýyş edýäris.

Saýtyň okyjysy.

Jogaby oka

  • 14259 gezek okalan

ÝANYKDAN SOŇ ÝARANYŇ BITMEGI

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.17 (6 Ses)

Salam lukman! Menin elim bilen ýüzüm otda ýandy. Lukmanlar 2 derejeli ýanykdygyny kesgitlediler. Bejermek üçin ulanan dermanlarym – lewomekol, dermazin, oblepiha ýagy, ýaşyl ýod. Hazir bepanten plýus melhemini hem-de Berzeňňi şypahanasynyn suwuny ulanýaryn. Ýöne ep-esli wagt geçendigine garamazdan ýüzüme täze deri bitmesi haýal we ýanygyn yzy gyzaryp dur. Sizden maslahat bermeginizi haýys edýärin.

Saýtyň okyjysy.

Jogaby oka

  • 4294 gezek okalan