
Salam lukman! Menin size şeýle soragym bar – eger sakgal ösdürlende bir ýeri ösüp, beýleki yeri, ýagny bokurdagyň üsti ösüp ýaňagyň ol diýen ýüzi ösmese name etmelikä? Sakgal hemme ýerde deň öser ýaly nähili çäreleri geçirmek peýdalyka?
Saýtyň okyjysy, Abraý.
Jogaby oka
Salam lukman. Men 10 gün hassahanada bejergi aldym. Şonda ýanbaşdan sanjym edilen ýerim erbet çişdi, gany durmady, hatda ýarym sagat ýaly ýöremegim hem kynlaşdy. Indi şol sanjym edilen ýerimiñ derisi ýyrtylýar. Başga ýerler däl-de, diñe şol sanjym edilen ýerim şeýle bolup dur. Sanjymdan bolan zatmyka ya-da guýçli derman urulandanmyka?
Saýtyň okyjysy.
Hormatly lukman! Men ýarawsyz bolamsoň ýygy-ýygydan sanjym etmeli bolýaryn. Käwagtlar sanjymy öz-özüme hem etmeli bolýan halatlarym seýrek bolanok. Öz-özüňe sanjym etmek howplumyka? Aslynda sanjym etmek nähili ýaramaz ýagdaýlara getirip biler?
Saýtyň okyjysy.
Dowamy

Hormatly lukman! Men köplenç şeýle ýagdaýlaryň şaýady bolýaryn. Hassahanada lukmanyň kabulhanasynda gezegime garaşyp otyryñ welin, köplenç ýokary wezipeleri eýeleýän adamlar gelýarler (polisiýa işgärleri ýa-da ş. m.) we "Men öñ gürleşip goýdum" diyip girip gidiberýärler. Şular ýaly düzgün barmy? Eger bar bolsa, onda biz name etmeli?
Saýtyň okyjysy, Aýmyrat.
Jogaby oka

Menin bir çagam boldy. Indi göwrämde çaga galma kynçylygy döredi. Lukmanlar meni barlap, ýatgymyň boýunjygynda ýaranyň bardygyny, ýöne onuň çaga galmazlygynyň sebäbi bolup bilmeýändigini aýtdylar. Indi men name etmeli? Men ýarany bejertmesem hem mende çaga galarmyka?
Saýtyň okyjysy, Ogulbaýram.
Jogaby oka

Salam lukman! Bizden çaga bolmaýanlygy sebäpli, gelnim emeli tohumlandyrma esasynda göwreli boldy. Häzir göwreliligiň 7-nji hepdesi dowam edýär. Göwrelilik döwründe jynsy gatnaşyk çaga üçin hökmanmyka? Barlaglar meniň dölümiň hiliniň pesligini görkezdi. Jynsy gatnaşyk wagty ol çaga zyýan ýetirip bilmezmi?
Saýtyň okyjysy.
Jogaby oka

Salam hormatly lukman! Meniň aýalym göwreli bolanok. Aýbaşydan naçe wagt soň we aýbaşa naçe wagt galanda caga galma mümkinçiliginiň bardygyny aýtsaňyz sizden hoşal bolardym.
Saýtyň okyjysy.
Jogaby oka

Hormatly lukman! Meniň çagalarym bar. Özüm 30 ýaşymda. Meniň warikosele keselim bar. Çep tarapymda ýumurtgam juda kiçi. Geljekde warikosele keseliniň jynsy gurbatymyň peselmegine we buşukmagymyň kynlaşdyrmagyna getirmegi mümkinmi?
Saýtyň okyjysy.
Jogaby oka

Salam lukman! Gözümiň çekmesi meni biynjalyk edýär. Ýokarky gabagymda az gymyldy peyda bolýar. Elmydama bolup hem duranok. Ünsümi jemlemäne çalşamda bu ýagdaý yüze çykýar. Bu ýagdaýyn sebäbi we bejergisi hakynda maslahat bermegiñizi soraýaryn. Köp sag boluň!
Saýtyň okyjysy.
Jogaby oka

Salam lukman! Meniñ ýüregim çalt urýar. Barlagdan geçenimde ýüregimiň 130 gezege çenli çalt urýandygyny anykladylar. Men 2gezek özümden gidip hem ýykyldym. Şondan soñ hassahanada bejergi aldym. Ýöne häzir hem ýüregimiň çalt urýanyny duýýaryn. Onuň sebäbiniň anginadygyny anyklap, ony aýyrtmagy maslahat berdiler. Ýürek çalt urup dursa zyýanlymyka? Infarkt ya-da başga durli keseller döräp bilýarmika?
Saýtyň okyjysy.
Jogaby oka

"Salam hormatly lukman! Göwreliligi anyklamak üçin ulanylýan testler barada giňişleýin gürrüň berseňiz hoşal bolardyk".
Saýtyň okyjysy.
"Salam lukman! Men göwreli bolmak üçin iki gezek bejergi aldym. Indi hem aýbaşymyň gelmeli gününden 10 gün geçdi. Men göwreliligi anyklaýan testleri haçan ulansam dogry bolarka?"
Saýtyň okyjysy.
Jogaby oka