
Salam, hormatly lukman! Howanyň çygly bolýan günlerinde, bulutly günlerde, hem-de sowuk günlerde bedeninde ozal operasiya geçirilen bolsa ýa-da döwlüp, soň bejerilen ýeriň bar bolsa, şol ýerler ýokarda agzalan howaly günlerde agyrmak bilen bolyar. Şonuň sebäbini giňişleýin düşündersiňiz, örän hoşal bolardym. Şeýle günlerde çygly howanyň täsirini duýmazlygyň çäresi barmyka? Jogabyňyza sabursyzlyk bilen garaşýaryn.
Saýtyň okyjysy.
Jogaby oka

Salam, hormatly, lukman! Meniň aýalym göwreli we ýüregi bulanýar, zat iýse gaýtarýar. Näme maslahat berersiňiz?
Saýtyň okyjysy.
Jogaby oka

Salam, hormatly lukman! Men öz gelnimin saglygy barada alada edenim üçin şeýleräk sorag beresim gelýär. Men öz bilim derejämi ýokarlandyrmak maksady bilen daşary ýurda okuwa gaýtmaly boldum, öýde gelnim hem-de 1 oglum galdy. Gelnim okuwa gitmegimi islemedi, sebäbi biz ýaş maşgala. Ýöne muňa garamazdan, bilim, ylym almak arzuwym meni öz gelnimden köp ýyllar aýra ýaşamaga mejbur etdi. Şeýlelikde aýal maşgala köp ýyllaryň dowamynda jynsy gatnaşykda bolmazlygy, öz saglygyna zyýanyny ýetirip bilermi? Şeýle-de kabir maşgalada öz aýalyna bolan höwesi gaçyp başga zenan bilen jynsy gatnaşygy edip, öz aýalyna gerekli mukdarda ýeterli jynsy gatnaşykda bolmadyk ýagdaýynda öz aýalynyň saglygyna zeper ýetirip bilermi? Siziň berjek jogabyňyza sabyrsyzlyk bilen garaşýarys.
Hormat bilen, saýtyň okyjysy.
Jogaby oka

Salam, hormatly Lukman! Meniň 15 günlük çagamyň garny agyrýar. Bu nämeden bolup biler?
Saýtyň okyjysy.
Jogaby oka

Salam, hormatly lukman! Soragymyñ gelşiksizräk bolmagam mümkin. Ýöne geçen iki hepdäniň dowamynda tanaýanlarymdan 4 adam akmaklyk edip, dürli säbeplere görä uksus kislotasyny içip, öz janlaryna kast etdiler, ýöne lukmanlaryñ aladasy bilen ölmän galdylar. Şolar ýaly ýagdaýlarda, ýagny, uksus içen adama nähili ilkinji kömegi bermelikä?
Saýtyň okyjysy.
Jogaby oka

Salam, hormatly lukman! Men 20 yaşymda, il arasynda koka-kola atly içgisi adam saglygyna zyýanly diyen gürrüňlere köp duş gelýän. Emma şol gürrüňe garamazdan, gündelik naharyň ýany bilen içýän. Eger bu içgi zyýanly bolsa, men ony içjek däl. Koka-kola içgisi barada maslahar berseňiz, örän hoşal bolardyk.
Serdar.
Jogaby oka

Salam, hormatly lukman! Akromegaliýa nähili kesel bolýar?
Saýtyň okyjysy.
Jogaby oka

Salam, hormatly lukman! Meniň ikinji çagam dünýä indi. Ondan bäri 9 aý geçdi, ýöne entägem aýbaşym görnenok. Munuň soň zyýany barmyka?
Saýtyň okyjysy.
Jogaby oka

Salam, hormatly lukman! Meniñ yoldaşymyñ jynsy gatnasyk wagty döli gaty tiz, ýagny 1-2 minutda dökülyär. Bu keselmi? Bu ýagdaý nämeden döreýär? Ony bejerip bolýarmy?
Saýtyň okyjysy.
Jogaby oka

Salam, hormatly lukman! Men 30 ýaşymda. 3 ýyl bäri bilim agyrýar. Men gryža üçin bejergi hem aldym, ýöne ol peýda bermedi. Men operasiýa etdirmezden keselden saplanyp bilerinmi?
Saýtyň okyjysy.
Jogaby oka