
Hormatly lukmanlar, psihologlar! Maşgaladaky agzybirlik – ruhubelentligiñ, sagdynlygyñ gözbasy! Elbetde, her bir maşgalada-da kiçiräk düşünişmezlikleriñ bolmagy ahmal. "Är-aýalyñ urşy – ýaz gününiñ ýagşy" diýlişi ýaly jübütleriñ arasyndaky şeýle düşünişmezlikler derrew ýatdan çykyp, köplenç soñy gowulyga ýazyp gidýär. Emma gelin bilen gaýnyñ arasyndaky dawa asla muña meñzänok! Men-ä şoña hiç düşünip bilmedim. Gynandyryjy zat – bu ýerde uly agram ogla düşýär: biri söwer ýary, biri mährem ejesi. Ogul bolýan zatlara hiç alaç tapanok. Şu ýerde-de ogluñ öñünde birgiden "egrem-bugram" "çykalga ýollary" açylýar: günde arak içmek, günde 1 guty çilim, öýe giç gelmek, başga ýerlerden rahatlyk gözlemek, maşgalañ bozulmagy... we ş.m. Eýsem şu gelin-gaýyn dawasynyñ düýp sebäbi nämedekä, hormatly psiholog lukmanlar? Heý bir onuñ alajy ýokmuka?
Saýtyň okyjysy.
Jogaby oka

Salam, hormatly lukman! Alkogolyñ beýni öýjüklerini öldürýändigi barada aýdylýar. Köp serhoş bolmalaryñ netijesinde beýni öýjükleri azalýarmy? Ýa serhoşlukdan açylmagyñ bilen ölen beýni öýjükleriniñ öwezi dolunýarmyka?
Saýtyň okyjysy.
Jogaby oka

Erkek bilen ayal bir gezek jynsy gatnasykda bolsa çaga galýarmy?
Saýtyň okyjysy.
Jogaby oka

Salam, hormatly lukmanlar! Soñky döwür daşary ýurt telewideniýesinde ekstrasensler barada köp gepleşik berýärler. Olara ynanmak mümkinmi? Muña lukmançylyk ylmy nähili garaýar?
Saýtyň okyjysy.
Jogaby oka

Salam, hormatly lukman!
Oba ýerinde dostlarymyñ biri çopançylyk bilen mesgullanyp goýun bakýar. Ol brusellýozym bar diýýär. Arasynda bejergi hem alýar öýdýän. Eýsem bu nähili kesel? Ýokançlymyka? Bejergisi, öñüni alys, goranyş çäreleri nähili? Şular barada giñişleýin düşündiriş berseñiz, esasan hem oba adamlary üçin peýdaly bolardy.
Saýtyň okyjysy.
Jogaby oka

Salam,hormatly lukman! Garaguş keseli hakynda bize gürrün bermegiňizi haýyş edýäris. Bu keseliň dermany barmy? Ýa-da bu kesele ýolugan adam ömürboýy tutgaýly gezermi? Bize şular barada maglumat berseňiz hoşal bolardyk.
Saýtyň okyjysy.
Jogaby oka

Salam, hormatly lukman! Käbir adamlar narpyzly sakgyç çeýnemegiň erkegi jynsy gowşaklyga getirýändigini aýdýarlar. Bu dogrumy?
Saýtyň okyjysy.
Jogaby oka

Hormatly lukman! Peşewiň dermanlyk häsiýeti barmy? Ony melhem hökmünde ulanmak mümkinmi (mysal üçin ýarany bitirmekde çaga peşewini ulanmagy maslahat berýänler bar)?
Saýtyň okyjysy.
Jogaby oka

Salam, hormatly lukmanlar! Il arasynda öz golaý garyndaşyna öýlenýänlere gabat gelinýär. Mysal üçin doganoglanyňa, çykanyňa ýa-da daşgynrak garyndaşyňa öýlenmek. Däp-dessur aýratynlyklaryna görä Türkmenistanyň käbir sebitlerinde, obalarynda muňa köp gabat gelinýän ýerleri hem bar. Il içinde şeýle nikalardan doguljak çagalaryň kemli dogulmak ähtimallygynyň ýokarydygyny eşidýäris. Oňa derek ýat ýerden öýlenmegiň, has-da milleti başga bolan gyzlara öýlenmegiň nesliň üçin örän peýdalydygyny, dünýä injek çagalaryň zehinli, sagdyn bolýandyklaryny aýdýarlar. Näme üçin şeýle diýilýärkä? Şular barada giňişleýin düşündiris berseňiz, örän hoşal bolardyk.
Saýtyň okyjysy.
Jogaby oka

Salam, Lukman! Menin dodagym gurap soýulýar. Dodagym ýarylyp, bitenok. Muny nädip bejermeli?
Saýtyň okyjysy.
Jogaby oka