• Sorag-jogap

Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

EKSTENDOR ABZALY NIREDE SATYLÝAR?

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.25 (8 Ses)

Salam, hormatly lukman! "Ujydy ulaltmagyñ çäreleri barmy?" atly makalada ýörite ekstendor abzaly barada örän peýdaly ýazgy ýazypsyñyz. Ýöne ol abzaly nireden satyn alyp bolýar? Aşgabatda satylýan ýeri barmyka? Ujydy ulaldýan her hili dermanlaryñ hem mahabatlandyrmasy internetde köp gabat gelýär. Şolar ýaly dermanlar Aşgabatda dermanhanalarda barmyka? Umuman, men ujydymy ulaltmak isleýän, emma bular ýaly temadan her ýerde gürrüñ edip bolanok. Utanylýar ýa-da aýyp görülýär. Şonuñ üçin hem Sizden sabyrsyzlyk bilen jogaba garaşýaryn. Gaýrat edip ýol salgy beriñ! Siziñ halkyñ saglygy üçin edýän işleriñize uly minnetdarlygymyzy bildirýäris!

Saýtyň okyjysy.

Jogaby oka

  • 6038 gezek okalan

BÖWREKDÄKI KISTA

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (2 Ses)

Salam, hormatly lukmanlar! Internetde türkmen dilinde şeýle saytyñ barlygy meni gaty begendirdi, guwandyrdy. Köp-köp sag boluñ, işiñiz ilerik!

Meni 59 ýaşyndaky ejem alada goýýar. Aslynda ol sagat ayaldy. Oba ýerinde ýaşaýanymyz üçin iş-alada ýetik bolýar. Ejem şu ýaşyna çenli her hili ýeñil bolmadyk işlerde işläp gördi: mal-gara seretmekmi, olara gyş üçin ot-iým taýynlamak, pagta ýygmak, tikin-çatyn, mellekde ýer depip, ekin-dikin ekmek, suw tutmak, ýüpek gurçuga seretmek... Garaz, gyş-ýaz, sowuk-yssy diýmän, erkek ornunda durup, erkek kişi üçinem yeñil bolmadyk islerde işläp geldi. Munuň daşyndanam 6 çagany ösdürip ýetişdirmek, iýdirmek, geýdirmek, adam etmek... Üstesine durmuşa çykaran gyzlarynyñ hem bagty bolmady. Olaryñ hem derdi-azary häzirem ýetip dur. Onsoñ men-ä jemläp aýtsam, ejemi şu agyr işler, ýeñil bolmadyk durmuş şertleri, ruhy taýdan çeken jebirleri (çagalary, adamsy we beýlekiler sebäpli) halys "çökerdimikä" diýýän. Sebäbi ejemiñ indi 7-8 ýyl bäri üýtgäp duran gan basyşy bar. Ýiti kellagyrysy hem azar berýär. Ýüregi hem agyrýar. Demgysma meñzes üsgülewügi hem bar. Seretdireli diysegem hiç göwnänok. Özem hiç boş oturasy gelenok. Haçan görseň bir zat edip ýör. Etme, otur diýseňem edenok. Lukmandan geçmänem kän bir halap baranok.

Dogrusy bu zatlara ejemem, bizem kaýyl bolup, şükür edip gezip ýördük welin, indi 1 ýyl bäri sag tarapky böwregi azar berýär, öñküleri ýaly gymyldap bilenok. Soñky döwürler hasam beterleşdi. Onsoñ 3 aý mundan öñ Asgabatdan telewizordan geçirdik. Olaram sag böwrekde kista bar diýdiler. Ululygy hem erigiñ sänigi ýaly. Onsoñ birtopar derman, sanjym bellediler. Olaryñ hem hemmesini aldyk. Ýöne haýyr berene meñzänok. Ýene-de sag böwrekde ýiti agyrylar dowam edýär. Näme etmeli? Kista näme? Ony operasiýa arkaly kesip aýryp bolmaýarmy? Ýa bütin sag böwrek zaýalandymyka? Bir böwregi aýyrmaly bolarmyka? Onsoñ bir böwrekli ýasap bolýarmyka? Ejeme diýseñ-ä indi lukmana gitjek däl diýýär, näme bolsa göräýjek diýýär. Meni bolsa alada basýar...

Maslahatyñyza mätäç!

Saýtyň okyjysy.

Jogaby oka

  • 4688 gezek okalan

DOŇUZ ETINI IÝMEK ZYÝANLYMYKA?

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.00 (2 Ses)

Salam, lukman! Dostlarymyňbiri doňuz etini iýmekligiňorganizm üçin gaty zyýanlydygyny aýtdy. Bu dogrumy? Doňuz etiniňzyýanly bolmagyna getirýän, onuñ goýun, sygyr ýa-da towuk etinden tapawutlanýan taraplary barmy?

Saýtyň okyjysy.

Jogaby oka

  • 3870 gezek okalan
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 3.47 (45 Ses)

Salam, hormatly lukman! Jyns gatnaşygynyñ öñüsyrasyndaky mähir-muhabbet işleriniñ zerur gerekdigini bilýäris: ýakymly sözler, mähirli bakyşlar, ýaryñ gujagy, ýakymly sypalamalar, gyzgyn posalar... Eýsem, taraplaryñ islegi boýunça şularyñ içine arassaçylygy berjaý etmek bilen adaty däl jyns gatnaşygynyñ hem goşulmagy kadalymy? Muña seksopotolog lukmanlar nähili garaýarlarka?

Saýtyň okyjysy.

 

Jogaby oka

  • 17915 gezek okalan

ALKOGOLYŇ PEÝDALY MÖÇBERI BARMY?

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.50 (4 Ses)

Salam, hormatly lukmanlar! Il arasynda spirtli içgiler, alkogolly önümler (esasan hem arak içgisi) barada dürli zatlar aýdylýar. Kimler aragyñ az mukdarda içilmeginiñ organizm üçin peýdalydygyny nygtasa, başga birleri aragyñ islendik mukdarynyñ içilmeginiñ organizm üçin zyýanlydygyny aýdýarlar. Eýsem bularyñ haýsy biri dogruka (esasan hem arak içgisi babatynda)?

Saýtyň okyjysy.

Jogaby oka

  • 4489 gezek okalan
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.60 (10 Ses)

Salam, hormatly lukmanlar! Saýtyñ temasyndan biraz daşlasýan bolmagymam mümkin, ýöne meni ýasaýsyñ döreýsi, dünýä akyl ýetirjek bolmak, durmuşyñ manysy ýaly soraglar öz günüme goýanok. Maña şu pikirlerden ýaña hiç rahatlyk ýok. Men fiziki taýdan sagdyn hem bolsam, psihiki ýagdaýym, içki dünýäm elmydama "uruş-dawadan", "goh-galmagaldan" doly. Akyl ýetirip bolmajak nämälimlikler käwagtlar meniñ göwnüçökgün bolmagyma getirýär, işden-durmuşdan elimi sowadýar. Ýa hemme kişem şeýlemikä? Ruhubelent durmuşda ýaşamak üçin beden saglygym ýeterlik däl ýaly maña. Siziñ maslahatyñyza mätäç!

Saýtyň okyjysy.

Jogaby oka

  • 5210 gezek okalan

GÄGIRMEGIÑ SEBÄBI NÄME?

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (1 Ses)

Salam, hormatly lukman! Men 2-3 aý bäri irden turan wagtym gägirip başladym. Özüm bolsa gägirmegi hiç halamaýaryn. Munuñ sebäbi nämekä? Ony nädip aýryp bolýar? Men 26 ýaşymda, jynsym erkek, özümi bolsa hemmetaraplaýyn oñat, sagdyn duýýaryn, agyrýan synam ýok, işdäm gowy, sportda kösençlik çekemok, zyýanly endiklerden-çilim çekýärin, ýöne dowamly däl: 1 guty çilim 1 hepdä, 10 güne ýetýär, arasynda 1-2 aýlap asla çilim çekmän hem gezýärin. Alkogolly içgilerden piwo we arak içgisini içýärin, aragy aýda 2-4 gezek dost-ýarlar bilen ýokumly, tagamly naharlaryñ gapdalyndan köp bolmadyk mukdarda içýärin, piwony bolsa diñe tomusda yssy howada käwagt içýärin.

Saýtyň okyjysy.

Jogaby oka

  • 4290 gezek okalan
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.23 (44 Ses)

Ýasaýşy jynsy gatnaşyksyz göz öñüne-de getirmek kyn. Ol biziñ aýrylmaz bölegimiz, ol tebigatyñ iñ gadymy kanuny. Jynsy islegler adama hemmetaraplaýyniñ güýçli täsir edýän zat. Sen haýsy milletden bolsañam, haýsy dine ynansañam (ynanmasañ hem), haýsy jemgyýetde ýaşasañ hem barybir bu duýgy seni özüne bendi edýär. Bu duýgyny gizläp saklap bolmaýar. Aslynda jynsy isleg-arzuwlaryň barada aç-açan gürrüň edilmegiň jemgyýet tarapyndan ýazgarylmagy gerekmikä beri?

Adamyñ psihikasy hem haýsy zat gadagan edilen bolsa, adam hem gaýta soña has beter ymtylgyç bolýar. Häzirki wagtda jynsy gatnasyklar gitdigice aç-açanlasyp baryana meñzeýär. Media serisdeleriniñ, internetiñ, köp funksiýaly ykjam telefonlaryñ ähli kişä diýen ýaly elýeter bolmagy esasan hem yaslaryñ arasynda birinji orunda pornografik filmleriñ ýaýramagyna getirdi. Indi hatda öýde oturan gyz hem islese ähli zatdan habarly bolup bilýär. Ykdysady, medeni, sosial taýdan ösen dasary döwletleriñ köpüsinde jynsy gatnasyklar aýyp görülmese-de, bu entek biziñ türkmen jemgyýetimizde geñräk görülýär. Sol döwletleriñ ýaşlarynyñ aglaba bölegi öýlenjek gyzynyñ "gyzlygynyñ" bolanyndan bolmanyny gowy görýärler (gyzyñ jynsy gatnasyk etmäge tejribesi bolsa gowy hasaplaýarlar). Emma beýle zat biziñ türkmen oglanlarymyzyñ kabul edip biljek zady däl (hut meniñ özüm-ä kabul edip bilemok). Emma adam daşyndan her näçe edep-ekramly, utanjañ, namysly görünse-de, ol hiç haçan özüniñ jynsy (erotiki) fantaziýalaryndan el çekip bilmez. Erotiki fantaziýalaryñ baýamagynda ýaşlaryñ birinji "kömekçisi" bolsa jübi telefonlaryndaky pornografik filmler. Özem bu filmler şeýle bir ýaýrapdyr welin, indi olary aradan aýyrmak mümkin dälmikä diýýän. Onsoñ ýaşlar (gyz-oglan hemmesi) sol filmlerdäki gahrymanlaryñ arasyna goşulyp, dürli hili jynsy gatnasygyñ pozalaryny hyýalynda janlandyryp, elbetde onanizm bilen meşgul bolýarlar (tertipsiz jyns gatnasyklarynyñ bolýan wagty hem köp). Sol jynsy gatnasygyñ pozalarynda has özüne çekijilerinden jyns gatnaşygynyň adaty bolmadyk görnüşleridir. Sol pornografik filmleriñ hemmesinde diýen ýaly adaty jyns gatnasygy, adaty däl görnüşleri bilen utgasdyrylyp edilýär. Şu hili gatnaşyklara lukmanlaryñ garaýşy nähilikä? Geljekde biziñ jemgyýetimizde jynsy gatnaşyklara nähili garalmagy zerur? Geliñ, hic zatdan utanman, çekinmän arkaýyn özümizi gyzyklandyrýan zatlar barada hiç zady utanç görmän aç-açan, ýöne edepli dilde pikir alşalyñ! Onsoñ hem türkmeniñ "Aýbyny ýaşyran aýñalmaz" diýen bir nakyly bar.

Saýtyň okyjysy.

Jogaby oka

  • 18398 gezek okalan

LEÝKOZ KESELI ÝOKANÇLYMYKA?

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (1 Ses)

Salam, hormatly lukman! Leýkoz keseliniň nesil yzarlamak arkaly geçip bilýändigi barada habarymyz bar. Bu kesel jynsy gatnaşygy ýa-da başga haýsydyr bir ýol bilen keselliden sag adama ýokuşyp bilýärmikä? Ýa-da bu kesel ýokançly dälmi? Leýkoz keseline ýolugan zenanyň içki agzalaryndan (zenan agzalaryndan) wagtal-wagtal gan gelýän bolsa, bu keseliň ötüşenliginiň alamaty bolup bilermi? Ýa-da şeýle gan gelmeleriň bu kesele bagly dälmi? Ýene-de bir sorajak zadym: işdäni açmak üçin witamin gerdejikleriniň peýdasy degermikä?

Saýtyň okyjysy.

Jogaby oka

  • 4953 gezek okalan

SAÇ DÖKÜLMÄNIŇ ÇÄRESI BARMY?

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 3.67 (6 Ses)

Salam, hormatly lukmanlar! Şeýle saýtlaryñ bardygy bizi diýseñ guwandyrýar! Meniñ saçym düshýär, özüm 18 ýaşymda. Soñky 1 aýyñ dowamynda saçym has-da köp dökülýär. Men näme etmeli? Haýsy şampun ulanmagy maslahat berýärsiñiz? Giñişleýin maglumat bermegñizi haýy edýän!

Saýtyň okyjysy Baky.

Jogaby oka

  • 6138 gezek okalan