• Sorag-jogap

Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

JYNSY GOWŞAKLYK

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.67 (6 Ses)

Salam, hormatly lukman! Men 26 ýaşymda. Men jynsy gowşaklykdan ejir çekýän! Men nirä we haýsy lukmana ýùz tutmaly? Sizden geljek jogaplara garaşýaryn!

Saýtyň okyjysy.

Jogaby oka

  • 6629 gezek okalan

BILAGYRYŇ SEBÄBI NÄMEKÄ?

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.50 (10 Ses)

Salam, Lukman! Meniň gaty erbet bilim agyrýar, çydar ýaly däl, bykynym-da çişýär. Mundan başga-da, beden agramym gitdigiçe sanym artýar. Ozal 59 kiledim, indi agramym 110 kilä golaý. Jogabyňyza garaşýaryn.

Saýtyň okyjysy.

Jogaby oka

  • 6636 gezek okalan

AÝAK KESELI

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 3.40 (15 Ses)

Meniñ birden bir ayagym, topugymdan aşagy çişip başlady,köwşe sygman, soñ ayagymyñ aşagy bilen çişip başlady, rentgen etdirdim, döwlen, çykan ýeri ýok diýdiler, süñki doly sagdyn diýdiler. Ultrases barlagyny etdirdim, damarlary sowuklamandyr diýdiler. Analizlerimi doly tabşyrdym, ganda we peşewde uremiyanyñ alamatlary bar diýdi, emma çäresini tapyp berip bilmediler, analizlerimi 4 gezek tabşyrdym, köp lukmana göründim: trawmotolog, urolog, kardiolog, terapewt, kardiorewmotolog, terapewt – emma hiçişi belli bir diagnoz goýup berip bilenoklar. Maňa maslahat bermegiňizi haýyş edýärin.

Saýtyň okyjysy.

Jogaby oka

  • 8976 gezek okalan

FIZIKI TAÝDAN HORLUK

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 3.40 (5 Ses)

Salam, hormatly Lukman! Men 21 ýaşymda we muňa garamazdan men öz deň-duş dostlarymyň arasynda iň hor görünýäni. Men bu mesele boýunça ozal birnäçe maslahat alypdym, witamin ýetmezçilik bar diýipdiler, alýan witaminlerim maňa kömek etmeýär. Belki, mende witamin ýetmezçilik däldir, biziň maşgalamyzda diňe men hor. Men ozallar kän alada etýärdim, sebäbi işim gaty jogapkärlidi. Ýöne indi beýle-de däl, arkaýyn işleýän, ýone şonda-da men hor. Şu babatda Sizden geljek maslahata garaşýan. Öňünden sagbolsun aýdýarys.

Saýtyň okyjysy.

Jogaby oka

  • 4327 gezek okalan