Üns ber! Biziň saýtymyzyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtyň sahypalarynda berilýän maglumatlaryň esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salmagy ähtimal. Lukmanlar saýtyň üsti bilen size bejeriş berip bilenoklar. Lukmanlaryň jogaplary, makalalar, jemgyýetçiligiň teswirleri diňe maslahat hökmünde kabul edilmeli.

KELLÄM AGYRÝAR

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (1 Ses)

Salam lukman! Men 21 ýaşymda. Kelläm agyryp, kompýuter barlagyndan geçdim. Maňa "Kelle çanagynyň gipertenziýasy" diýen kesel kesgidini goýdular. Ol nämekä? Jogap bermegiňizi haýyş edýärin.

Saýtyň okyjysy.

Jogaby oka

  • 3047 gezek okalan

GÖWÜSLERDÄKI ÇIŞ GORKULYMY?

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 5.00 (1 Ses)

 

Salam hormatly lukman! Men 20 ýaşymda. Bir ýyl öň göwsümde çişiň barlygyny ýüze çykardym. Entek lukmana ýüz tutamok. Aýbaşym gelmezden 1-2 gün öň göwsümde agyry döräp, ol kiçelen ýaly bolýar. Men dürmuşa çyksam bolarmyka? Meniň ömrüm üçin ol howply dälmikä?

Saýtyň okyjysy.

Jogaby oka

  • 2369 gezek okalan

GÖZÜM GARAŇKYLAÝAR

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.67 (3 Ses)

Salam hormatly lukman! Men 16 ýaşymda. Ýatan ýerimden turanymda ýa-da çommalyp oturyp turanymda meniň gözüm garaňkylaýar. Onuň sebäbi nämekä?

Saýtyň okyjysy.

Jogaby oka

  • 2185 gezek okalan

ŞIKESDEN SOŇKY ÝAGDAÝ

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.83 (6 Ses)

Salam hormatly lukman!

Men 1997-nji ýylda doglan. Welosiped sürüp uly tizlikde barýarkam welosipedim döwlüp ýykyldym. Men özümi bilmän ýatypdyryn. Sag elim ýaralanyp gaty agyrýar. Kellämiň sag tarapy ýere güýçli degipdir. Men düşnüksiz  gürrüňleri gepläpdirin. Ýykylanymdan soňky bolup geçen ýagdaýlar ýadyma düşmedi. Häzir ýadym dikelse-de, nädip ýykylyp öýe gelenim ýadyma düşenok. Men lukmana baryp barlagdan geçmelimikä? Beýnä zeper ýetip bilermi?

Hormat bilen, saýtyň okyjysy Kakageldi Hudaýberdiýew.

Jogaby oka

  • 1998 gezek okalan

GULAK GÜWWÜLDISI

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 3.67 (6 Ses)

Salam hormatly lukman!

Men 22 ýaşymda. Meniň eýýäm 2 hepde bäri gulaklarym güwwüldeýär. Özümi edil uçarda oturan ýaly düýýaryn. Hossarlarym gan basyşyň beýgelendir diýensoňlar, ony hem ölçedim. Gan basyşym kadada. Ýöne bu alamat howyzda suwa düşenimden soň başlady. Gulaga suw gidendir diýsem hem, suw 2 hepdeläp gulakda saklanyp bilermi? Onuň başga sebäpleri hem bolup bilermi? Şu barada maslahat berseňiz hoşal bolardym.

Saýtyň okyjysy, Oraz.

Jogaby oka

  • 2819 gezek okalan

EL TITREMESINIŇ SEBÄPLERI

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.75 (4 Ses)

Salam hormatly lukman! Men 19 ýaşly gyz. Näme sebäpdendigini bilemok, ýöne meniň ellerim titreýär. Bir zat aljak bolsam hem ellerim titreýär. Bu ýagdaý meni köpçülikde utandyryp, oňaýsyz ýagdaýa goýýar. Özüm hem tiz-tizden gaharlanyp, sähel zada agym tutýar. Munuň sebäbi nämedenkä?

Saýtyň okyjysy.

Jogaby oka

  • 2387 gezek okalan

NERWI

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 3.91 (11 Ses)

Salam, hormatly Lukman! Men 21 yaşymda. Men öz-özüme düşunip bilemok. Men az gülýärin, köpçülik yerde oturyp bilmän, adamlara gaharym gelýär we turup gaýdýaryn. Goñşulamyz men bilen gepleşmäge gorkýandyklaryny, yüzümiñ beter agrasdygny aýdýarlar. Köp sorag berseler göni uruşmak bilen bolýaryn. Gaharym gelende ellerim sandyrýar, titreýär. Adamlar bilen gatnaşasym gelenok. Men özümä nerwidenmika diýip pikir edýän. Maña näme maslahat berip bilersiñiz. Nerwidenmikä ya-da öz gylygymmyka?

Saýtyň okyjysy.

Jogaby oka

  • 4312 gezek okalan

KELLE

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 3.50 (4 Ses)

Salam, hormatly lukman! 2 aýlyk çagany USB geçirenimde, kellesinde suw bar diýdiler. Munuň şeýle bolmagynyň sebäbi näme? Bejergisi nähili?

Saýtyň okyjysy.

Jogaby oka

  • 2057 gezek okalan