
Mioma näme? Mioma barada giňişleýin düşündirseňiz, minnetdar bolardyk.
Saýtyň okyjysy.
Jogaby oka

Salam, hormatly lukman! Meniň ikinji çagam dünýä indi. Ondan bäri 9 aý geçdi, ýöne entägem aýbaşym görnenok. Munuň soň zyýany barmyka?
Saýtyň okyjysy.
Jogaby oka

Salam, lukman! Eger gyzlyk bar bolsa, göwreli bolup bolarmy?
Saýtyň okyjysy.
Jogaby oka

Salam, hormatly lukman! Men 22 ýaşymda. Mundan 3 ýyl öñ 59 kiledim. 20 yasymda 1-nji cagam boldy. Şondan soň 110 kg boldum, özümem gün-günden semreyän berhizem tutýan, ýöne şonda-da horlanyberemok. Lukmanlara-da ýüz tutdum, üýtgeşik kemçilik tapmadylar. Semizlikden oňurgam azajyk gyşarypdyr, gerek bejergini aldym. Men gaty semizlikden ejir çekýän, gaty erbet bykynlarym çişýär, ähli yerim agyrýar. Maňa gerekli maslahat, kömek berseňiz köp minnetdar bolardym.
Saýtyň okyjysy.
Jogaby oka

Salam, gadyrly lukman! Siziň kista baradaky bir soraga beren jogabyňyzy okadym.Ýöne indi kistanyň döremegine sebäp bolýan zatlar, onuň döremeginiň öňüni almak baradaky çäreler hakda-da aýtsaňyz minnetdar bolardym.
Saýtyň okyjysy.
Jogaby oka

Salam, hormatly lukman! Men 8 aýlyk göwreli gelin. Birki hepde mundan öñ meniñ sag budumyñ damary tokga-tokga düwün-düwün bolup çisip başlady. Dyzymyñ üsti hem bildirip dur. Munuñ sebäbi näme? Bu nädip bolýar we men näme etmeli? Damaryñ çismesi meniñ üçin zyýanlymyka? Hiç hili agyrysy bolmansoñ, göwrelilikden soñ öz-özi hem aýrylar diýip gezip ýörün men-ä?
Saýtyň okyjysy.
Jogaby oka

Salam, lukman! Aýbaşynyň aýda iki gezek gelmegi nämäniň alamatyka?
Saýtyň okyjysy.
Jogaby oka

Salam, hormatly lukmanlar! Size işiňizde üstünlik arzuw edýärin. Men hazir 29 ýaşymda, iki cagam bar. Sonky wagtlarda aýbaşym gelmegine on gün, bir hepde galanda men özümi erbet duýýyaryn. Hiç zat ýok ýerden erbet gaharym gelýär, hiç kim göwnüme degmese-de aglaýaryn, kahalatlarda hem üşedýärin, işdäm açylýar. Munuň näme üçin beýle bolýandygyny düşündirmegiňizi haýyş edýärin.
Saýtyň okyjysy.
Jogaby oka

Salam! Meniñ gyz doganym 21 ýaşynda. Ol aybaşy döwründe başaylanma, yürekbulanma bilen başlanyan yiti agyryny başdan geçirýär. Heniz lukmana ýüz tutup görenok. Soňky 2 aý yagdaýy has-da beterleýär Myşsa nasogin, dimedrol sanjym edilse agyry aýrylyar. Indiki aý ýene öňki ýagdaýy. Güýçli agyrynyñ sebäbi näme? Ýa bu şeýle bolmalymyka? Munuň bejergisi yokmuka?
Saýtyň okyjysy.
Jogaby oka

Salam, Lukman! Gormonal dermanlary saglyk ýagdaýyna zerur bolup ulanylanda, olar adamy semredip bilermi? Semretmez ýaly näme çäre görüp bolýar? Jogabyňyza sabyrsyzlyk bilen garaşýan.
Owadan.
Jogaby oka