
Salam lukman!
Meniň oglum doglaly bäri uly meýdan edip bilenok. Barlaglaryň netijesinde Girşprungyň keseli diýip çakladylar we 1 ýaşandan soň operasiýa geçirmegi maslahat berdiler. Oňa çenli diňe hepdede 2 gün klizma etmegi tabşyrdylar. Biz lukmanlaryň maslahatyny berjaý edýäris. Oglumyz 1 ýaşady, ýöne operasiýa etdirmekden gorkýaryn. Operasiýasyz özünden gowlaşyp taret edip bilermikä ýa-da operasiýasyz başga usul bilen bejerip bolarmyka?
Saýtyň okyjysy.
Jogaby oka

Salam lukman! Men 1987-nji ýylda doglan. Men käwagtlar irdenlerine oýanamda erkeklik ýagdaýym turgyn bolýar, ýogsa hiç hili düýş hem göremok. Beýle ýagdaý name üçin döreýärkä ýa-da meniň saglygymda kemçilik barmyka?
Saýtyň okyjysy.
Jogaby oka

Salam hormatly lukman! Maňa gaýrat edip "Ekstrakt Touti Yaponskiy" serişdesi barada turkmen dilinde maglumat bermeginizi haýyş edýärin. Touti Yaponiyada öndürilyan süyji kesele garşy derman. Şol dermany bizde tapmaga mümkinçilik barmy?
Saýtyň okyjysy.
Jogaby oka

Salam hormatly lukman! Meniň kakamda suyji keseli bar. Ol 1968-nji ýylda doglan. Dogrusy suyji keseli nesil yzarlaýar diýýärler, ýöne biziň garyndaşlarymyzda suyji keselli adam yok. Meniň sorajak bolýan zadym düýbünden başga zat. Men Internetde suyji keseline garsy haýyr edäýjek dermanlar barada soradym. Şonda maňa "monastyrskiý çaý" dermanyny öwdüler. Ondan soň şol keselli adamlardan şol çay barada soradym. Yöne olar düýbünden ondan bihabardygyny aýtdylar. Eger mumkin bolsa, şol çaýyň süýji keseline edýän täsirleri barada giňişleýin gürrüň beräýseňiz hoşal bolardym.
Saýtyň okyjysy.
Jogaby oka

Salam lukman! Men 26 ýaşymda. Meni eýýam 6-7 aý bäri agzymyň turşamagy biynjalyk edýär. Men lukmanyn gözegçiliginden gecemde, aşgazanasty mazde sowuklamanyň bardygyny aýdyp, bejergi bellediler. Bejergiden son aşgazandaky agyrylarym azaldy, emma agyz boşlugynyn turşamagy hic gecenok. Şol barada maslahat berseňiz örän minnetdar bolardym.
Saýtyň okyjysy.
Jogaby oka

Salam hormatly lukman. Mende agram alyp bilmezlik kynçylygy bar. Dogrymy aýtsam, öz bedenime özüm hem düşünip bilemok. Haçanda, günde 4 wagtyna iýip başlamda agramym 53-54 kg. görkezýär. Ertesi gün 3 wagtyna iýsem welin agramym 51-52 kg. çenli kemelýär. Geçen ýyl men içegelerdäki soguljana barlatmak isläp lukmanyň ýanyna bardym we täret, gan hem-de peşew tabşyrdym. Emma menden hiç hili kemçilik tapmadylar. Ýöne men hemişe bolmasa hem, özüm aşakda gybyrdy duýýaryn. Hepdede 2-3 gezek gybyrdama meni biynjalyk edýär. Bu alamat nämeden bolýarka? Belki mende başga görnüşdäki soguljan bardyr? Onsoň hem işdäm gaty pes. Haçanda nahar iýip başlamda bir-iki çemçe iýemsoň doýýaryn we işdäm tutulýar. Ajykma duýgusy bolsa hem, nahary işdäli iýemok. Käwagtlar nahar iýemde gaýtarma islegi döräp, zorluk bilen saklanýaryn. Mende bu ýagdaýlar name üçin döreýär? Köp lukmanlar meniň keselimi anyklap bilmeýärler. Men sizin maslahatyňyza mätäç.
Saýtyň okyjysy.
Jogaby oka

Hormatly lukman! Meniň anginamy aýyrdanyma 1 aý bolup barýar. Ýöne name üçindir ýüregmiñ çalt urmasy aýyrlanok. Anginamy operasiýa etmàkàler ýüregim çalt urýardy. Lukmanlar onuň sebäbiniň anginadandygyna ynamly bolup operasiýa geçirdiler. Ýürek urmalaryň öňüni almak üçin korwalol kabul edýärin. Maňa nähili maslahat berip bilersiňiz?
Saýtyň okyjysy.
Jogaby oka

Salam hormatly lukman! Meniň ýüzümiň reňki endamymyň başga ýerleriniň reňkine seredeniňde has gyzyl reňkli. Haçanda sowuk ýa-da yssy howa bolanda, güne çykanymda reňkim gyzarýar. Meniň yssa we sowuga bolan allergiýam bar öýdýän. Munuň sebabi nämeden bolup biler? Haýsydyr bir ýol bilen bejerip bolarmy ?
Hormatlamak bilen, saýtyň okyjysy.
Hormatly okyjy!
Her kimiň bedeniniň dürli bolşy ýaly, derisi hem dürli häsiýetlidir. Kim arassa akýagyz derili bolsa, başgalar bugdaýreňk bolýar. Üçünjileriň dulugyndan gan damjak bolsa, käbirleri sebäpli we sebäpsiz gyzarýarlar. Ýüzüň derisiniň gyzarmagy kimde aşa tolgunmalaryň netijesinde bolup geçse, başgalarda sebäpsiz döräp, kadaly ýagdaýa eýe bolýar we adam oňa erk edip bilmeýär. Bu ýagdaý adamy oňaýsyz ýagdaýa salyp, ony özüne kembaha garamagyna, aljyraňňylyga getirip biler.
Eger siz bu ýaramaz ýagdaýdan dynmagy ýüregiňize düwen bolsaňyz, onuň sebäbini anyklamaga çalşyň.
Jogabyň dowamyny oka

Hormatly lukman! Men bir aýlyk göwreli. Içimiň gatamagyndan kösenýärin. Bu döwürde içiňi ýöreder ýaly nähili dermanlardan peýdalanmak howpsuz?
Saýtyň okyjysy.
Jogaby oka

Hormatly lukman! Men 32 ýaşymda, jynsym erkek. Men elmydama suwsaýaryn. Gije turup hem suw içýärin. Hat-da gyş aýlary hem suwsuzlyk meni köseýär. Köp suw içmek zyýanlymyka we şeýle isleg nämeden döräp bilýärkä?
Saýtyň okyjysy.
Jogaby oka