• Sorag-jogap

Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

PROTEIN ADAM ÜÇIN ZYÝANLYMY?

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.71 (7 Ses)

Salam, Lukman! Ýaş oglanlar myşsa agramyny artdyrmak üçin protein serişdelerini kabul edýärler. Şu dermanlaryň gelejege zyýany barmyka? Soňra adam garranda myşsalar gowşap eremezmi? Men proteiniň adam bedeni üçin wajypdygyny we onuň az mukdarda bolýandygyny bilýärin. Ýöne proteiniň haýsydyr bir zyýany barmyka?

Saýtyň okyjysy.

Jogaby oka

  • 7573 gezek okalan

IŞDÄNI NÄDIP GOWULANDYRMALY?

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 3.33 (3 Ses)

Salam, lukman aga! Meniň hiç işdäm ýok. Tomusdandyr diýseňiz-ä, gyşyna-da ýagdaý şeýle. Şonuň üçin-de gaty hor. Deň-duşlarymyň ýanynda gaty kiçi görünýärin. Men dostlarym bilen kafede bile oturyp iýip-içenimizde, olar 5 minutda iýseler, men 15 minut giç gutarýaryn. Men köp iýmäge şunça jan etsem-de, iýip bilemok. Işdämi gowulandyryp, semrär ýaly name çäre barka?

Saýtyň okyjysy.

Jogaby oka

  • 4183 gezek okalan
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.26 (39 Ses)

Salam, hormatly lukman! Ujydyñ (penisiñ) ululygy erkek adamlaryň hemmesini-de gyzyklandyrýan bolsa gerek. Biz erkekler hemmämiz hem ujydymyzyň ulurak bolanyny kem göremzok (hut menin özüm 18 sm bolmagyny isleyän, su wagt 27 yasymda)! Su tema barada internetde birnäçe zatlara gabat geldim: ujydyñ boyuny ösdürmek ücin tabletkalar, enjamlar, yörite mashklar... Ýöne bu zatlar näderejede dogruka? Hakykatdan hem medisinada ujydyñ (penisiñ) boýuny, inini uzaltmagyň bir usuly barmy? Eger bar bolsa nirä ýüz tutmaly? Şular barada giňişleýin düşündiris berseňiz, gaty hoşal bolardyk!

Saýtyň okyjysy.

Jogaby oka

  • 21552 gezek okalan

KÖMEK EDIŇ!

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 3.33 (3 Ses)

Salam, Lukman! Meniň gyzym üç ýaşynda. Onuň kellesi hemişe gyzgyn. Newrolog lukmanyna ýüz tutduk, ol hem gyzymyň kellesiniň bolmalysyndan biraz uludygyny aýtdy. Lukman gyzymyň kellesini rentgene düşürmek zerurlygynyň ýokdugyny hem aýtdy. Biz Siziň maslahatyňyza mätäç.

Saýtyň okyjysy.

Jogaby oka

  • 5874 gezek okalan