Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.
Salam hormatly lukman! Meniň adym Aman. Biziň çagamyz bolanok. Şol sebäpden hem, Türkmenistanda emeli tohumlandyrma geçirilýän keselhanalaryň salgylaryny we bejeriş çäreleri geçirmegiň möhletleri barada habardar edäýseňiz Sizden minnetdar bolardym.
Salam hormatly lukman! Meniň size şeýleräk soragym bar. Men 19 ýaşymda, ýöne mende entek sakgal çykanok. Sakgalyň gür bolup ösmekligi ýa-da ösmezligi üçin sebäp bolup bilýän zat barmy? Sakgaly tiz osdürmäge kömek berýän çäreler bar bolsa, bizi şolar bilen tanyşdyrmagy haýyş edýäris. Sag boluň.
Saýtyň okyjysy.
Salam lukman! Sakgalyň gür ýa-da selçeň bolup ösmegi bedendäki haýsy sebäplere bagly bolup biler? Soragyma jogap berseňiz Sizden hoşal bolardym.
Salam hormatly lukman! "Miokardyň gipoksiýasy" düşünjesi barada has giňişleýin gürrüň berseňiz minnetdar bolardyk.
Saýtyň okyjysy, Şatlyk.
Ýürek myşsasynda döreýän kislorod ýetmezçiligi (miokardyň gipoksiýasy) dürli sebäplere görä ýüze çykyp, bu ahwalat myşsa öýjükleriniň ölmegine getirýän howply ýagdaýdyr. Şeýle ýagdaý ýüregiň işemiýa (gan aýlanşygynyň ýetmezçiligi), ýürek myşsasynyň infarkty, ýüregagyry (stenokardiýa), miokardit keselleriniň alamaty höküminde döräp bilýändir.
Men 1997-nji ýylda doglan. Welosiped sürüp uly tizlikde barýarkam welosipedim döwlüp ýykyldym. Men özümi bilmän ýatypdyryn. Sag elim ýaralanyp gaty agyrýar. Kellämiň sag tarapy ýere güýçli degipdir. Men düşnüksiz gürrüňleri gepläpdirin. Ýykylanymdan soňky bolup geçen ýagdaýlar ýadyma düşmedi. Häzir ýadym dikelse-de, nädip ýykylyp öýe gelenim ýadyma düşenok. Men lukmana baryp barlagdan geçmelimikä? Beýnä zeper ýetip bilermi?
Hormat bilen, saýtyň okyjysy Kakageldi Hudaýberdiýew.
Biziň fewral aýynda gyzjagazymyz boldy. Siziň maslahatyňyz esasynda çaga dogulmalaryň arasyny iki ýyl uzaltmagy makul bildik. Biz ýatga spiral goýdurmadyk. Aprel aýynyň ahyryndan bäri jynsy gatnaşygy geçirýäris. Entegä aýbaşy hem gelenok, çaga hem galanok. Şeýle ýagdaýda jynsy gatnaşygy dowam edip bolarmy? Aýbaşy gelmese hem çaga galyp bilermikä?
Men birinji gezek jynsy gatnaşyk edemde ol örän çalt bolup geçýär. Bu ýagdaý bolsa ýoldaşymyň menden kanagatlanmazlygynyň sebäbi bolýar. Jynsy gatnaşygyň arakesmesiz dowam edilmegini üpjün edýän ýörite dermanlaryň bardygyny eşitdik. Bu dermanlar zyýanlymyka? Biziň dermanhanalarymyzda satylýan derman serişdeleriň atlary we kabul ediliş düzgünleri barada maslahat beräýseňiz.
Men 22 ýaşymda. Meniň eýýäm 2 hepde bäri gulaklarym güwwüldeýär. Özümi edil uçarda oturan ýaly düýýaryn. Hossarlarym gan basyşyň beýgelendir diýensoňlar, ony hem ölçedim. Gan basyşym kadada. Ýöne bu alamat howyzda suwa düşenimden soň başlady. Gulaga suw gidendir diýsem hem, suw 2 hepdeläp gulakda saklanyp bilermi? Onuň başga sebäpleri hem bolup bilermi? Şu barada maslahat berseňiz hoşal bolardym.
"Salam hormatly lukman! Wagtal-wagtal meniň bilim agyrýar. Bu agyrylaryň sebäbi nämedenkä?"
Saýtyň okyjysy.
"Salam lukman! Meniň esasan gije bilimiň agyrsy güýjäp, bir tarapa öwrülmäm kynçylyk döredýär. Onuň sebäbi nämekä we men haýsy lukmanlara ýüz tutyp bilerin?"
Saýtyň okyjysy, Şasenem.
Bilde döreýän agyrylar dürli keselleriň alamaty bolup, ýüze çykyş ýygylygy boýunça tapawutlanýandyr. Epidemiologik barlaglarynyň berýän netijelerine görä, dünýädäki adamlaryň üçden biri ýagyrnyda we bilde döreýän agyra ömründe bolmanda bir gezek arz edýändir.
Salam hormatly lukman! Ilkl bilen şeýle saýty döredenligiňiz üçin Size öz minnetdarlygymy bildiresim gelýär. Köp sag boluň. Men Size şeýle sorag bilen ýüzlenmekçi. Men mundan 2 ýyl öň dyzymy operasiýa etdirdim. Dyz çanagymyň meniskleri ýyrtyldy, olary tikmek başartmady. Operasiýadan soň lukman maňa semremezligi, agyr fiziki hereket etmezligi tabşyrdy. Men onuň diýşi ýaly edýärin. Häzir ýagdaýym gowy. Ýöne dost oglanlarym dyzlara duzuň ýygnanmagynyň mümkindigini aýtdylar. Men takmynan 1 aý bäri duzly nahar iýemok. Meniň edýänim dogrymyka ýa-da meniň aladalarym esassyzmyka?
Использование и распространение материалов рекомендуется, однако, воспроизводство и публикации копий материалов не могут быть использованы в коммерческих целях. Дальнейшее использование разрешается в соответствии с условиями лицензии Creative Commons.
Use and dissemination of the materials is encouraged; however, reproduction and cross-posting of copies may not be used for commercial purposes. Further usage is permitted under the terms of the Creative Commons License.
Materiallary ulanmak we ýaýratmak maslahat berilýär. Emma materiallaryň göçürme nusgalaryny gazanç maksady bilen gaýtadan işläp çap etmek gadagandyr. Bu materaillary mundan beýläk Creative Commons lisenziýasynyň şertlerine laýyklykda ulanmak rugsat edilýär.