• Sorag-jogap

Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

GÖZÜM...

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 3.60 (5 Ses)

Salam, hormatly lukman! Meniň gözüme super kleý damdy welin, näme etmegi maslahat berýäňiz?

Saýtyň okyjysy.

Jogaby oka

  • 4139 gezek okalan

IRIŇIŇ BEJERGISI!

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.33 (3 Ses)

Salam, hormatly lukman! Men gaýmorit keselinden ejir çekýan adamlaryň biri. Men şu iriňiň nädip öňüni alyp bilerkäm?! Men çagalykdan bäri kösenýän! Dogrymy aýtsam, şu gaýmorit zerarly yatkeşligime täsir etýän ýaly, kellagry ýygy-ýygydan gaýtalanýar! Men bejergi alýan, emma gaty ol diýen ýaly täsiri uzaga çekenok! Meniň bejergi alan görnüşlerim: ýuwduryp gördüm, deşdirdip gördüm, duz bilen ýuwdum, emma 10 günden köp ýuwamok! Gaýmoride garşy dermanlary ulandym, olaryň köpüsini doly ulanamok! Gaýrat edip, jogap ýazmagyňyzy haýyş edýärin. Bu keseliň öňüni alyş çäreleri barmy? Eger bar bolsa, nähili çäreler. Bu beýleki okyjylar üçin peýdaly bolar. Bize wagt sarp edýäniňiz üçin Size we işewür ýoldaşlaryňyza köp-köp sag bolsun aýdýaryn.

Saýtyň okyjysy.

Jogaby oka

  • 3997 gezek okalan

BILDÄKI AGYRY

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.50 (2 Ses)

Salam, hormatly lukman! Meniň jynsym erkek, özüm 24 ýaşymda, öýlenen. Meniň bilim agrýar. Hemişe agyranok, diňe uka gidenimden 6-7 sagat soň, daňdana golaý agyryp başlaýar. Şondan soň näçe uzak ýatsam, agyry güýçlenýär, çydap bilmän turýaryn. Turanymdan soň agyry ýarym sagatdan aýrylýar we gündiz hiç agyrmaýar. Şeýle ýagdaý böwrekdenmi ýa-da oňurgadan? Böwrek üçin bejergi aldym, emma peýdasy degmedi. Meniň soragyma jogap bersem, hoşal bolardym.

Saýtyň okyjysy.

Jogaby oka

  • 3994 gezek okalan

KEÝP ALMAK

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 3.51 (148 Ses)

Salam, hormatly lukman! Men ärim bilen her hili ýagdaýda gatnaşyk etsem-de, keýp duýmaýaryn. Munuň sebäbi nämekä?

Saýtyň okyjysy.

Jogaby oka

  • 38004 gezek okalan

AŞ SAÝLAMA

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 3.40 (5 Ses)

Salam, hormatly lukman! Göwreli bolup aş saýlan döwrüňde doňdurma iýmek zyýanlymyka?

Saýtyň okyjysy.

Jogaby oka

  • 6073 gezek okalan
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 3.78 (9 Ses)

Salam, hormatly lukman. Aşgazan bilen gyzylödegiň birigýän ýerinde eroziýa bar.

Muny nädip bejermeli? Ejem şu keselden 2 ýyl bäri ejir çekýär. Ol barlaglardan geçdi, ýöne peýdasy degmedi. Kartoşkanyň şiersiniň biraz peýdasy degdi, ýagdaýy öňküden gowurak. Ýöne şonda-da, agyrysy aýrylanok. Kömek etseňiz, gaty hoşal bolardyk. Jogabyňyza sabyrsyzlyk bilen garaşýan. Sag boluň.

Abdylla.

Jogaby oka

  • 6397 gezek okalan

ÝAKYMSYZ YSLAR

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.50 (4 Ses)

Salam, hormatly lukman! Ýakymsyz yslaryň nähili döreýändigi we ol yslary nähili aýryp bolýandygy hakda, esasan hem goltuk, aýak we beýleki agzalardaky ýakymsyz yslary aýyrmaklygyň çäreleri barada gürrüň berseňiz, hoşal bolardyk.

Saýtyň okyjysy.

Jogaby oka

  • 4332 gezek okalan

ASTIGMATIZM

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.50 (2 Ses)

Salam, hormatly lukman! Gözüň astigmatizm keselini nädip bejermelidigi barada giňişleýin gürrüň berseňiz, hoşal bolardyk. Jogabyňyza sabyrsyzlyk bilen garaşýarys.

Muhammet.

Jogaby oka

  • 4133 gezek okalan