
Salam, hormatly lukman! Aýakdaky gribok nädip döreýär? Ony nädip bejermeli?
Saýtyň okyjysy.
Jogaby oka

Salam lukman! Anal jyns gatnaşygynda göni içegä degilmegi howplumyka?
Saýtyň okyjysy.
Jogaby oka

Salam, hormatly lukman! Oglan näçe ýaşda öýlense gowy? Gyz näçe ýaşda durmuşa çyksa gowy? Jemgyýet aýratynlyklaryna görä gyzyň bili gelip baslansoň, ony ýetisen diýip hasaplap, oňa öýlenmek mümkin diýýänler hem bar. Lukmançylykda şu meselelere nähili garalýarka?
Saýtyň okyjysy.
Jogaby oka

Hormatly lukman!
Il arasynda "pis açma" ady bilen belli bolan kesel nähili kesel? Ony bejerip bolýarmy?
Saýtyň okyjysy.
Jogaby oka

Salam, hormatly Lukman! Käbir adamlaryň ganynyň hapalygynda ulanylýan sülük nähili ýaşaýar? Ol nämä esaslanyp özi belli bir ýerden gan sorýar? Ony näçe wagtdan ulanmak bolar?
Saýtyň okyjysy.
Jogaby oka

Salam, hormatly lukman! El-aýak bogunlary gaýdyp çykmaz ýaly, näme etmeli?
Saýtyň okyjysy.
Jogaby oka

Salam hormatly lukman! Aňasty aň (подсознание) näme? Onuň nähili häsiýetleri bar?
Saýtyň muşdagy.
Jogaby oka

Salam, hormatly lukman! Spermatozoidler ýumurtga öýjügini nädip tapýarlar? Näme üçin olaryň içinden diňe biri ýumurtga öýjügi tohumlandyrýar? Tohumlanan ýumurtga öýjügi näme üçin ýatga düsýär we sol ýerde ösüsini dowam etdirýär? Umuman, tohumlanma hadysasyna beýnimiz jogap berýärmi? Spermatozoidleriň hereket edip, ýumurtga öýjügini tapmagyny beýnimiz kontrollykda saklaýarmy?
Saýtyň muşdagy.
Jogaby oka

Hormatly lukman! Biz näme üçin düýş görýäris? Hemme adamlar hem düýş görýärlermikä ýa asla düýş görmeýänler hem barmyka? Haýwanlar hem düýş görüp bilýärlermi? Dünýä ýüzünde düýşlere ynanýan adamlar gaty känmikä diýýän. Kitap dükanlarynda düýş ýorgutlary barada kitaplar hem satylýar. Düýşler nämedir bir zat aňladýarmyka? Düýşler bizi satlandyrybam, gorkuzubam, nämedir bir zada umytlandyrybam bilýärler. Käwagtlar ýadyňa-oýuňa düşmeýän zatlar hem düýşüňe girýär. Ýaramaz düýşler adamy dowla düşürip, kalbyny howsala salýar. Şeýle düýşlerden soň adam içini hümledip, durmuşynda nähilidir bir ýakymsyz wakanyň bolaryna "garaşyp" ugraýar. Düýşleriň bize peýdasy ýa-da zyýany barmy? Olara ynanmak dogrumyka? Lukmançylykda düýş görmek nähili düşündirilýär? Ýa-da düýşler entek adamzat üçin açylmadyk syrlaryň birimikä?
Saýtyň muşdagy.
Jogaby oka

Salam, hormatly lukman! Häzir men 16 ýaşymda. Boýum 183 sm agramym bolsa 47 kilo. Meniň semräsim gelýär 60 kilo bolasym gelýär. Näme etmeli? Jogabyňyza garaşýas. Sag boluň!
Saýtyň okyjysy.
Jogaby oka