
Salam, hormatly lukman! Aýal jyns organynda klitordan basga, jynshanada ýerlesýän, iň gyjyndyryjy, erogen ýer hasaplanýan "G nokat" barada aýdylýanlar dogrumy? Ýa bu ýalňys düşünjemi?
Saýtyň okyjysy.
Jogaby oka

Salam, hormatly lukman! Aýalyň göwresinde çaganyň galandygyny nädip bilmeli we çaga galandan soň jyns gatnaşygynda bolsaň bolýarmy?
Saýtyň okyjysy.
Jogaby oka

Men 35 ýaşymda. Ýaşlykdan jyns organymy köp ýyllap günde anonim bilen meşgullandym. Indi jyns organym jynsy gatnaşyklarda örän pes. Höwesim ullakan, ÿöne başa baranok. Muny bejerip bolýamy? Men lukmana barmaga-da çekinýärin.
Saýtyň okyjysy.
Jogaby oka

Salam, hormatly lukman! Men 19 yaşymda. Men jynsy gatnaşykda bolan wagtym käbir sebäplere görä ujudym galmaýar. Saglyk ýagdaýym gowy. Jynsy gatnaşyga höwesi artdyrmak üçin nämeler etmeli? Jogabyny ýazsaňyz sizden hoşal bolardym.
Saýtyň okyjysy.
Jogaby oka

Jyns ýollaryndaky sowuklamalar erkek adamda jynsy spermatozoidleriň işjeňligine we hereketine öz täsirini ýetirip bilýärmi ýa-da är-aýal gatnaşygynda aýalyñ göwresinde çaga galmazlygyna sebäp bolup bilermi?
Saýtyň okyjysy Aman.
Jogaby oka

Salam, Lukman! Türkmençilikde bir ejir ceken adama haýsy mesele bolanda-da, ilkinji kömegi nähili ýagdaýda geçirmelidigini bilýän adam, gynansak-da, gaty seýrek. Oba ýerlerinde adamy elektrik togy uranda ilkinji kömek berilmesizden, hayal etmän lukmana eltilmek islenilýär. Bu bolsa 15-20 minut wagty alyp, şol wagt eýýäm ejir çekene gaty giç. Men yakyn dostlarymyň ikisi şol meselede ilkinji kömegi berip bilman hossarlaryny ýitirdiler. Hormatly Lukman, siz ilkinji kömegiň, yagny birinji 5-minudyn oran wajypdygyny, nähili işler geçirmelidigini maňa we beýleki okyjylarymyza açyklap bermegiňizi sizden haýyş edýärin!
Saýtyň okyjysy.
Jogaby oka

Doyup iydigim, täret edýän. Bu nämeden beýle bolýarka?
Saýtyň okyjysy.
Jogaby oka

Bagyr serrozynyň başlangyç döwründe anyklanylan ýagdaýynda ondan doly gutulmak mumkinmi? Nähili bejergi almaly? Iýmitleniş nähili bolmaly?
Gülbagt
Jogaby oka

Salam, hormatly lukman! 10 ýasly doganoglan jigim (ol gaty soranjañ, düsbüje oglanjyk) bir gün maña gaty kyn sorag berdi: "Näme üçin adamlaram, haýwanlaram ölýärler-aý? Düýn bizem ýaý bilen guşatdyk. Ilki ol birazajyk hereket etdi, soñ öldi. Meñ enemem ölüpdir. Bizem ölmelim-aý? Onsoñ menem ölsem, klasdaslarym meni sorap gelseler "Ol öldi, indi ol ýok" diýer ejem, hä? Ölen adamlaram öwlüýä äkidýärler, so taýda-da gömýärler, men bilýän. Soñ hiçem direldip bolmaýar-laý ölen adamy, seýle gerek?". Çaga soraglarynyñ öñünde men-ä gaty ejiz geldim. Näme jogap berjegimem bilmedim (sebäbi özümem bilemok). Ýa-da çagany jogapsyz goýaýmalymyka?
Saýtyň okyjysy.
Jogaby oka

Salam, hormatly lukman! Biziñ 1 ýaşynda oglumyz bar. Ol gije rahat ýatanok, köp oýanýar, gözi ýumuk halda ejesiniñ ýanyna dykylyp, gaty aglap başlaýar. Aýalym ol bir zatdan gorkup aglaýar diýýär, gorky damaryny tutdursak gowy bolar diýýär. Oglumyzyñ başga ýagdaýlary gowy. Işdäsem gowy, ýöreýşem, dilem açyp başlady. Näme etsek gowy bolarka? Sabyrsyzlyk bilen jogabyñyza garaşýarys!
Saýtyň okyjysy.
Jogaby oka