Üns ber! Biziň saýtymyzyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtyň sahypalarynda berilýän maglumatlaryň esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salmagy ähtimal. Lukmanlar saýtyň üsti bilen size bejeriş berip bilenoklar. Lukmanlaryň jogaplary, makalalar, jemgyýetçiligiň teswirleri diňe maslahat hökmünde kabul edilmeli.

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 3.95 (38 Ses)

Salam, hormatly, lukman! Men sertaraş bolup işleýän. Müşderilermiň köpüsi menden saçyň nämeden dökülýändigi, goňaklaýandygy, agarýandygy barada soraýarlar. Umuman saç gyrkmanyň, deňlemäniň peýdasy we zyýany barada giňişleýin gürrüň bermegiňizi haýyş edýärin.

Saýtyň okyjysy.

Jogaby oka

  • 11352 gezek okalan

ŸÜZDÄKI DÜRTÜKLERIÑ YZY

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.44 (9 Ses)

Salam, hormatly Lukman! Ilki bilen size köp sag bolsun aýdasym gelýär, men siziň maslahatlaryňyzdan peýdalanýan.

Lukman,  ÿuzden ullakan (gaty uly) düwürtik çyksa (olam esasy görünýän), soňam wagty bilen gutulmasa, gutalansoňam yzlary wagty bilen aýrylmasa, näme etmeli? Kosmetologa gitmek dogry karar bolup bilermi? Köp kişiniň aýtmagyna görä, ýaş ýüzüňi kosmetologa görkezmek dogry däl diýýärler. Siz gaýrat edip, dogry ýoly salgy berip bilmersiňizmi? Şeýle düwürtik yzlaryna öý şertlerinde näme etse bolar? Ýa-da kosmetologa görkezmelimi?

Saýtyň okyjysy.

Jogaby oka

  • 4277 gezek okalan

BOÝNY NÄHILI DOGRULAMALY?

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 1.50 (2 Ses)

 

Salam, hormatly Lukman! 13 ýaşly oglumyň fiziki, ruhy ösüşi oňat, hudaýa şükür. Öz deň-duşlaryndan irirägem görünýär. Ýöne oturanda, ýörände birneme kellesini öňe egýär, bükürräk görünýän ýaly. Munuň sebäpleri näme? Şony nähili düzetmeli, nähili lukmançylyk çäreleri bar, sportuň haýsy görnüşleri bilen meşgullanmaly, nähili ruhy-durmuş şertlerini döretmeli? Şu mesele barada maslahat berseňiz köp minnetdar bolardym.

Saýtyň okyjysy.

Jogaby oka

  • 2141 gezek okalan

ÝETGINJEKLIK DÜWÜRTIKLERI

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.37 (30 Ses)

Salam, hormatly lukman! Men 17 ýaşymda, 3 ýyl bäri hem öz ýüzümdäki düwürtikleriden ejir çekýän. Bu düwürtikler ýüzümiň tekizligine, gelşigine, ýüzümiň derisine uly zyýan ýetirýär. Köp adamlar bu düwürtikleriň ulalamsoň öz-özünden aýrylar diýip aýdýarlar. Ýöne men ulalýançam il içinde şeýle halda gezesim gelenok. Düwürtikleri aýyrmak üçin haýsydyr bir kremler, sabyn ýa-da kosmetiki usullar barmyka? Tebipçilik usullaryny maslahat bermezligiňizi haýyş edýärin. Olaryň peýdaly bolmagy hem mümkin, ýöne men olary hiç ulanyp göremok, sebäbi olar maňa örän amatsyz bolup görünýär. Jogabyňyza sabyrsyzlyk bilen garaşýaryn.

Saýtyň okyjysy.

ÝÜZDÄKI   DÜWÜRTIKLER:  SEBÄPLERI   WE   BEJERGI   ÇÄRELERI

Düwürtikler – bu diňe bir ýetginjeklik döwrüniň kynçylygy däldir. Ýüzümizde peýda bolan ýa-da köpelip barýan dürli görnüşli düwürtikleri aýnada görüp biz lapymyzy keç edýäris.

Jogaby oka

  • 6833 gezek okalan
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 3.85 (13 Ses)

Salam, hormatly lukman! Siziň saglygymyza degişli peýdaly maslahatlaryňyz üçin öz minnetdarlygymy bildirýän. Işiňizde üstünlik arzuw edýärin.

Men 23 ýaşymda. Meniň iki ýaňagymda düwürtikleriň yzy galdy. Bu yzlary nädip aýyrmaly ýa-da olar wagtyň geçmegi bilen öz-özünden aýrylarmyka? 

Saýtyň okyjysy.

Jogaby oka

  • 6163 gezek okalan

ESTETIK OPERASIÝA

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 2.50 (2 Ses)

Salam, lukman. Meniň mañlaýymda 1 sany 15 tikinlik we 2-3 sany 2-3 tikinlik ýara (şram) bar. Mana muny estetiki operasiýa  ýoly bilen düzedip bolýandygyny aýtdylar. Ýaranyñ bolanyna 2,5 ýyl çemesi wagt boldy. Yurdumyzda bu oprasiýany edýärlermika? Ýa-da daşary yurda gitsem gowy bolarmyka?  Maňa maglumat berseňiz hoşal bolardym. Sag boluň.

Saýtyň okyjysy.

Jogaby oka

  • 1959 gezek okalan