Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

ESTETIK OPERASIÝA

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 2.50 (2 Ses)

Salam, lukman. Meniň mañlaýymda 1 sany 15 tikinlik we 2-3 sany 2-3 tikinlik ýara (şram) bar. Mana muny estetiki operasiýa  ýoly bilen düzedip bolýandygyny aýtdylar. Ýaranyñ bolanyna 2,5 ýyl çemesi wagt boldy. Yurdumyzda bu oprasiýany edýärlermika? Ýa-da daşary yurda gitsem gowy bolarmyka?  Maňa maglumat berseňiz hoşal bolardym. Sag boluň.

Saýtyň okyjysy.

Jogaby oka

  • 2947 gezek okalan

NADIP SEMREMELI?

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.26 (58 Ses)

Salam, hormatly lukman! Häzir men 16 ýaşymda. Boýum 183 sm agramym bolsa 47 kilo. Meniň semräsim gelýär 60 kilo bolasym gelýär. Näme etmeli? Jogabyňyza garaşýas. Sag boluň!

Saýtyň okyjysy.

Jogaby oka

  • 18196 gezek okalan

SAÇ DÖKÜLMÄNIŇ ÇÄRESI BARMY?

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 3.70 (10 Ses)

Salam, hormatly lukman. Men 18 yaşymda bolsam-da saçlarym tiz dökülýär. Hatda 15 yaşymdakam dökülmäne başlady diyse hem bolar. Men sizden saçym dökülmez yaly, öňki saçlaryň yerine saç çykar ýaly näme edip biljegim hakda maslahat soraýaryn. Sag boluň.

Döwran.

Jogaby oka

  • 12635 gezek okalan
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.21 (52 Ses)

Salam, hormatly lukman! Men 17 yaşymda, menin ýüzümde düwürtik örgünleri peýda boldy. Näme etse bolar? Köp adamlar bu düwürtikleriň jyns gatnaşygyndan soň aýrylar diýýär. Şu gürrüň çynmyka?

Muhammet.

Jogaby oka

  • 20944 gezek okalan
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.30 (10 Ses)

Salam, hormatly lukman! Durmuşa çykmankam gyz wagtym bilim 65 santimetrdi. Durmuşa çykyp, ilkinji göwreliligimden soň garnym öňki ýagdaýyna gelmedi, ýygnanmady, halparyp sallanýar (artykmaç deri ýaly). Ýogsam ýörite guşagam daňyp gezdim, özümem semremedim hem ahyry. Ynha indem ikinji göwreliligimiň 6-njy aýynda. Nesip bolsa şundan soň çaga edinmäni bes etmekçi bolýarys. Onsoň men beden gözelligime gaýtadan ünsi güýçlendiresim gelýär. Şunda göwrelilikden soň garny öňki ýagdaýyna getirmäge ýardam berjek maslahatlaryňyza garaşýaryn. Sag boluň!

Saýtyň okyjysy.

Jogaby oka

  • 7576 gezek okalan

SAÇ DÖKÜLMÄNIŇ ÇÄRESI BARMY?

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 3.67 (6 Ses)

Salam, hormatly lukmanlar! Şeýle saýtlaryñ bardygy bizi diýseñ guwandyrýar! Meniñ saçym düshýär, özüm 18 ýaşymda. Soñky 1 aýyñ dowamynda saçym has-da köp dökülýär. Men näme etmeli? Haýsy şampun ulanmagy maslahat berýärsiñiz? Giñişleýin maglumat bermegñizi haýy edýän!

Saýtyň okyjysy Baky.

Jogaby oka

  • 5308 gezek okalan
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.86 (7 Ses)

Salam lukman! Men golaýda garamyk keseli bilen keselledim. Şonda bedenimiñ ähli ýerinden ýaralar çykdy. Onsoñ ähli yerime göwheriñ ýaşyl erginini çaldym. Ondan soñ bolsa "sigmaderm" melhemini çaldym. Şondan son ýüzümdäkiler aýrylşyp başlady. Ýöne ýüzümde we bedenimiñ käbir ýerlerinde yzlar galdy. Şol yzlary nädip aýryp bolarka?

Saýtyň okyjysy.

Jogaby oka

  • 7446 gezek okalan

ÝÙZDE DÖREÝÄN ÝAG

  • Lukman
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 3.60 (5 Ses)

Salam, hormatly lukman! Men 17 ýaşymda, meniñ ýüzüm gaty ýagly, şonuñ üçin hem ýüzùmde düwùrtikler bar, has erbedem olaryñ yzlary çukurçuk bolup dur. Şolary nädip aýryp bolar? Şeýle hem ýùzùñi duzly suwa ýuwsañ ýagyny aýyrýar diýip eşitdim. Şol dogrumyka? Eger maslahat berseñiz, minnetdar bolardym.

Saýtyň okyjysy.

Jogaby oka

  • 4249 gezek okalan