Üns ber! Saýtyň esasy maksady Siziň saglyk babatdaky gözýetimiňizi giňeltmekdir. Şonuň üçin-de, saýtda berilýän maglumatlar esasynda öz-özüňi bejermek maslahat berilmeýär. Öz-özüňi bejermeklik düýpli kynçylyklara uçradyp, janyňyza howp salyp biler. Saýtdaky makalalar, materiallar we beýleki maglumatlar bilim maksatly bolup, lukmanyň bejergisiniň ýa-da maslahatynyň ýerini tutup bilmeýär.

1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 4.75 (8 Ses)

Hormatly Lukman! Ganazlygy bejerip, immuniteti nädip ýokarlandyryp bolarka? Men ýygy-ýygydan keselleýärin. Dürli lukmanlara ýüz tutanymda, olar maňa: "Seniň immunitetiň pes, ganyňam az" diýdiler. Olar maňa gök önümleri köpräk iýmegi, dermanhanadan "Immunal" atly dermany satyn almagy maslahat berdiler. Men olaryň maslahatyna eýersem-de, bu çärelerden haýyr tapmadym. Şonuň üçin-de, Size öz meseläm boýunça ýüz tutýaryn: Siz immuniteti galdyrmaklygyň we ganazlygy bejermekligiň aýratynlyklary barada has giňişleýin ýazyp bilmersiňizmi? Men name üçin ýygy-ýygydan keselleýärkäm?

Saýtyň okyjysy.

Jogaby oka

  • 5116 gezek okalan
1 1 1 1 1 Gyzyklylygy: 3.32 (69 Ses)

Salam hormatly Lukman! Türkmen dilinde şeyle oňat saýtyň bardygy gowy zat, diýseň düşnükli we peydaly makalalary ýetirýäniňize ýene bir gezek minnetdar. Men Türkiýäniň uniwersitetleriniň birinde lukmançylyk fakultetinde okaýan. Gabat gelýän, agzalýan köp keselleriň türkmençesini bilmekde kynçylyk çekýän. Eger mümkin bolsa, elektron formatda türkmençe-rusça (inlisçe) lukmançylyk sözlügiňiz bar bolsa, mail adrese ugratmagyňyzy hayyş edýän. Işinizde üstünlikler arzuw edýän.

Saýtyň okyjysy.

Jogaby oka

  • 14125 gezek okalan